Ï Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Ýaragly Güýçleriniň işleri boýunça ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Ýaragly Güýçleriniň işleri boýunça ministrini kabul etdi

view-icon 540
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Ýaragly Güýçleriniň işleri boýunça ministri jenap Nik Harwini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady. Bellenilip geçilişi ýaly, Beýik Britaniýada bu ýyllaryň içinde Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini we ýurtda bolup geçýän özgertmeleri gyzyklanma bilen synlaýarlar, şolaryň üstünligi köp babatda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda geçirilen ählihalk saýlawlarynda ýeňiş gazanmagyny öňünden kesgitledi. Jenap N.Harwi şanly seneler – oktýabr aýynda bellenip geçilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy we Türkmenistanyň hem-de Beýik Britaniýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy bilen hem gutlap, şunuň bilen baglanyşykly ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti mähirli sözler we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ählumumy bähbitler üçin giň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hem-de hemmetaraplaýyn ösdürmek turuwbaşdan ýurdumyz tarapyndan alnan ugruň esasy bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny aýratyn nygtady. Bu babatda Beýik Britaniýa iri halkara guramalarynyň düzümleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda mundan beýläk-de ýakyndan gatnaşyk etmegi maksat edinýän esasy hyzmatdaşlaryň biri bolup durýar, onuň bilen gatnaşyklar däp boýunça ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerinde guralýar.

Özara düşünişmek ýagdaýynda geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Beýik Britaniýanyň ministri türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem sebitleýin we halkara syýasatynyň käbir möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Jenap N.Harwi Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän parahatçylyk söýüjilik syýasatyna ýokary baha berip, türkmen Lideri tarapyndan öňe sürülýän parahatçylygy üpjün ediji möhüm başlangyçlaryň, hususan-da, goňşy Owganystanda parahatçylygy we asudalygy pugtalandyrmaga degişli başlangyçlaryň Merkezi Aziýada ynanyşmak we durnuklylyk ýagdaýyny ýola goýmaga gönüden-göni ýardam edýändigini, munuň öz nobatynda sebitiň ýurtlaryny durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürmäge hyzmat edýändigini nygtady.

--Biz, bütindünýä bileleşigi ýaly, döwlet ösüşiniň öňde goýlan ähli maksatlaryny üstünlikli ýerine ýetirmegiň kepili bolup durýan ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge gyzyklanýarys – diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Milletiň Lideri Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň diňe goranmak häsiýetine eýedigini nygtap, milli goşunymyzy pugtalandyrmagyň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, şeýle hem hünärli harby işgärleri taýýarlamagyň onuň möhüm ugry bolup durýandygyny, munuň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlarynyň biridigini nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda dürli pudaklarda, şol sanda söwda-ykdysady ugurda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleriniň giň topary hem ara alnyp maslahatlaşyldy, şol ugurlary ösdürmäge ýurtlar birinji derejeli üns berýärler.

Umumy pikire görä, şu ýylyň tomsunda Londonyň Olimpiýa oýunlaryny kabul etjekdigini, Türkmenistanyň bolsa 2017-nji ýylda Aşgabatda üsti ýapyk binalarda hem-de söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge işjeň taýýarlyk görýändigini nazara almak bilen sport babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin hem häzirki wagtda gyzyklanma bildirilýän köp meseleler bar. Aziýa oýunlary Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdi boýunça ilkinji gezek Aşgabatda geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidenti we myhman hoşlaşyp, birek-birege parahatçylyk, hoşniýetlilik we abadançylyk arzuw etdiler hem-de dostlukly döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de gyşarnyksyz ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kit Renni Alan gatnaşdy.