Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, onda şu ýylyň iki aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlenildi, resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.
Döwlet Baştutany mejlisi açyp we oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, Ministrler Kabinetiniň täze düzümini tassyklamagyň milli kanunçylygymyzda bellenilen möhletlerde doly tamamlanandygyny belledi. Şunda esasan ýaş ýolbaşçylar Hökümete girdi, Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň ortaça ýaşy 46 ýaşa barabardyr. Mundan başga hem ýurdumyzyň ýokary derejedäki ýolbaşçylarynyň hatarynda zenanlaryň sany hem artdy.
Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýerlere gözegçilik edýän ulgamlarynyň we pudaklarynyň ýurdumyzyň hökümetiniň täze düzümine giren ýolbaşçylaryny öz adyndan gutlamagy tabşyryp, olaryň hemmesine eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtynyň we abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Ol gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, şu ýylyň iki aýynda alnyp barylan işleriň netijeleri we döwleti dolandyryş guramasynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak boýunça görülýän guramaçylyk çäreleri hakynda hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalary, şol sanda kompýuter tehnologiýalaryny yzygiderli ornaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şol tehnologiýalar häzir döwleti hem-de jemgyýeti ösdürmegiň möhüm guraly bolup durýar. Döwlet Baştutany bu babatda wezipeleri çözmek boýunça tabşyryklary berip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň garamagyndaky ähmiýetli desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegiň möhümdigini aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew hasabat bilen çykyş etdi, ol şu ýylyň iki aýynda ýurdumyzda gazanylan makroykdysady görkezijiler hakynda hasabat berdi. Bellenip geçilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmäge, pudaklara häzirki zaman tilsimatlaryny ornaşdyrmaga, ýokary hilli önümleri öndürmäge, ýurdumyzy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine çykarmaga, şeýle hem ilatyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Hasabat döwrüniň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 110,4 göterime barabar boldy, munuň özi milli ykdysadyýetimiziň durnukly ýagdaýda okgunly ösüşine şaýatlyk edýär. Bu görkeziji birnäçe pudaklarda gazanylan ýokary netijeleriň hasabyna, şol sanda gurluşykda -119,9 göterim, senagatda – 111,3 göterim, söwdada – 106,6 göterim, ulag we aragatnaşykda – 105,5 göterim, hyzmatlarda – 107 göterim, oba hojalygynda –101,6 göterim üpjün edildi.
Geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda daşary we bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberleri ep-esli artdy. Mysal üçin, daşary söwda dolanyşygy 48,6 göterime barabar boldy, bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberleri bolsa 112,3 göterim artdy.
Döwlet býužetiniň girdeji bölegi 112,3 göterim, çykdajy bölegi 91 göterim ýerine ýetirildi. Salgyt salmagyň ähli görnüşleri boýunça meýilnama doly möçberde ýerine ýetirildi. Ortaça aýlyk iş hakynyň möçberi geçen ýylyň şol döwrüne garanyňda 10,7 göterim ýokarlandy. Häzirki wagtda býujetiň hasabyna maliýeleşdirilýän edaralar we hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalar tarapyndan iş hakyny tölemek boýunça bergi ýok.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 2011-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 73,1 göterim artdy. Wise-premýer hasabat döwründe önümleri eksport etmegiň we hyzmatlary amala aşyrmagyň hasabyna walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagy boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi hakynda habar berip, bu görkezijiniň 111,4 göterime barabar bolandygyny belledi.
Hökümet Baştutanynyň orunbasary hasabatyň çäklerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli pul baýraklarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy hakyndaky Buýrugyň taslamasyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna berdi.
Milletiň Lideri tutuşlygyna alnanda 2012-nji ýylyň iki aýynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň jemlerinden kanagatlanyp, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ösüşiniň ýokary depginlerini saklap galmak boýunça ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň daşary ýurtlara iberilýän önümleriniň möçberlerini artdyrmagyň hem-de oba hojalygynda işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli pudaklaryň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeler hakynda söz açyp, Ministrler Kabinetiniň öňki mejlisinde tassyklanylan ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirip başlamagyň zerurdygyny nygtady. Bu orta derejedäki gyssagly strategiýa milli ykdysadyýetimizi çalt ösdürmegi, maýa goýum işjeňligini artdyrmagy, ýurdumyzyň ilatynyň durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmagy hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmagy üpjün etmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmakda asylly däplerine eýermek bilen, ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny gowşurmak hakyndaky Buýruga gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň iki aýynda DIM-iň alyp baran işleriniň netijeleri we biziň ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli şu gün bellenilýän çärelere görülen taýýarlyk, şeýle hem ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkiýe Respublikasyna bolan saparynyň jemleri barada hasabat berdi.
Bellenilşi ýaly, Bitarap Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygyny öz syýasy ugrunyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlemek bilen, sebitiň we dünýäniň dürli ýurtlary bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Döwletara söwda-ykdysady we gumanitar medeni gatnaşyklar täze itergä we mazmuna eýe boldy. Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän maslahatlaşmalar netijeli syýasy gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendir. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen gatnaşyklara artýan gyzyklanmasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan daşary syýasy ugrunyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň gös-göni netijesi bolup durýar. Köp sanly dürli derejedäki daşary ýurt wekiliýetleriniň biziň ýurdumyza saparlary munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Abraýly halkara guramalary we ilkinji nobatda BMG bilen köp ugurly hyzmatdaşlyk sazlaşykly ösýär. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 20 ýyllygy bilen bagly bolan çärelere, hususan-da, şu gün şanly senä bagyşlanyp, Aşgabatda geçirilýän halkara maslahatyna görülen taýýarlyk işleri barada habar berildi. Bellenilşi ýaly, bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkyna BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun öz gutlaglaryny ýollapdyr.
28-nji fewral-1-nji mart aralygynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkiýe Respublikasyna bolan resmi saparyň jemleri barada hasabat bermek bilen, wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeli bolandygyny aýtdy. Bu gepleşikler iki döwleti we halky birleşdirýän, dostluk, doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdigini, taraplaryň deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ýere ýygnananlary, ýurdumyzyň diplomatik işgärlerini we tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň BMG-a kabul edilmeginiň 20 ýyllygy bilen gutlady we Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini belläp, bu şanly waka gabatlanan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunda döwlet Baştutany Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyz geljekde hem giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde gyşarnyksyz durmuşa geçirer, sebitde we dünýäde parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen umumy tagallalary birleşdirmäge hemmetaraplaýyn ýardam berer.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmeginden soň ilkinji resmi saparynyň -- Türkiýe Respublikasyna bolan resmi saparyň jemleri barada durup we netijeli türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglylykda onuň ähmiýetini nygtap, hormatly Prezidentimiz bu saparyň döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda şanly waka – Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllyk şanly senesine hem gabat gelendigini belledi. Geçen 20 ýylyň içinde biz ikitaraplaýyn gatnaşyklarda, haryt dolanyşygynyň we maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmakda, şeýle hem hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlarynda uly üstünlikleri gazandyk diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Biziň doganlyk ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça giň gerimler bilen alnyp barylýar diýip nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasyna bolan resmi saparymyzyň dowamynda geçiren gepleşiklerimiz we gol çeken resminamalarymyz hem özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly itergi berer diýip belledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň ilkinji aýlarynda geçirilen işler hakynda, şeýle hem “Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak hakyndaky” Permanyň taslamasy hakynda habar berdi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler hem-de oňyn halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak babatda işlenip taýýarlanýan kanunçylyk resminamalaryň örän möhümdigini belläp, Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen oňyn, deňhukukly we özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, şeýle hem kanun çykarjylyk babatda tejribe alyşmaga ýardam edýän parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köp cagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permana gol çekip, bu adyň mukaddes, maşgala ojagynyň abadançylygyny we bozulmazlygyny saklaýan hökmünde türkmen jemgyýetiniň agzybirliginiň hem-de sazlaşykly ösüşiniň daýanjy bolup durýan zenanlara belent sarpa goýmagyň beýany bolup durýandygyny nygtady. Milletiň Lideri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bu hormatly adyň dakylmagynyň dabaraly ýagdaýda geçirilmegi barada hem görkezme berdi.
Soňra gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň netijeleri, şol sanda geçen iki aýda gurluşyk, gurluşyk materiallary senagaty ulgamynda, şeýle hem elektroenergetika ulgamynda gazanylan ykdysady görkezijiler barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew hasabat berdi.
Hususan-da, Gurluşyk ministrligi boýunça işleriň we önümleriň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 102,3 göterime deň boldy. Gurluşyk guramalary boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107,5 göterime barabar boldy.
Gurluşyk materiallary senagaty ministrligi boýunça ösüş depgini 2012-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 100,1 göterim boldy. Hususan-da, sement öndürmek boýunça bu görkeziji 101,3 göterime ýetdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde girdejiler 101,3 göterime deň boldy.
Gurluşyk pudagynda önümçilik görkezijileriniň ösüşiniň oňyn depginini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmagyň ýokary depginleri gurluşygyň, gurluşyk materiallaryny öndürmegiň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň depginlerini mundan beýläk-de artdyrmagy talap edýär diýip belledi.
Türkmenistanlylaryň durmuşy, işlemegi we dynç almagy üçin oňaýly şertleri, amatly şäher gurşawyny we degişli düzümi döretmek ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň möhüm ugry bolmagynda galýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbi özünde milli şähergurluşygynyň gadymdan gelýän däplerini, şeýle hem häzirki zaman innowasion gazanylanlary sazlaşykly utgaşdyrmalydyr diýip bellemek bilen, döwlet Baştutany islendik desganyň gurluşygynda esasy talaplary-şertnamalarda göz öňünde tutulan taslamalary amala aşyrmagyň möhletlerini we gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmegiň möhümdigini belledi.
Hökümetiň Baştutanynyň orunbasary S.Toýlyýew hasabata geçmezden öň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli Liderimiziň täze çapdan çykan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly işiniň üçünji kitabyny gowşurdy.
Soňra wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň jemleri, ylymy we bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny we milli maksatnamalary amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi.
Hususan-da, geçen iki aýyň dowamynda ulanmaga berlen desgalar barada habar berildi. Olaryň arasynda Daşoguz welaýatynda her biri 320 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdepleriň ikisi, Mary welaýatynda 500 orunlyk mekdep we 160 orunlyk çagalar bagy bar. Saglygy goraýyş ugry boýunça bu döwürde desgalaryň 8-si, şol sanda “Berzeňňi”şypahanasynyň täze binasy, şeýle hem sport we syýahatçylyk ulgamynyň iki sany desgasy ulanmaga berildi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça 12 gatly myhmanhananyň gurluşygyna girişildi.
Beýleki netijeleriň hatarynda türkmen şypahanalarynyň hyzmatyndan peýdalanýan adamlaryň, şeýle hem ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň sanynyň artandygy bellenildi. Degişli döwürde türkmen türgenleriniň dünýä we Aziýa ýaryşlaryna gatnaşmagy hem üstünlikli boldy: altyn medallaryň 5-sine, kümüş medallaryň 4-sine we bürünç medallaryň 4-sine eýe bolundy.
Wise-premýer şeýle hem hasabatynyň çäklerinde döwlet Baştutanynyň garamagyna “Aşgabat şäherinde sambo boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyny geçirmek hakyndaky” Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň durmuşynda bilim, ýaşlary terbiýelemek, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport ýaly ileri tutulýan ugurlar hemişe döwletimiziň üns merkezinde durar diýip belledi. Döwletimiz adamlar üçin mynasyp durmuş şertlerini döretmäge, olaryň mümkinçiliklerini we ukyp-başarnyklaryny açmaga gönükdirilen durmuş ugurly syýasaty alyp barýar.
Döwlet Baştutany şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetde berkarar etmek, şol sanda degişli ugur boýunça ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen has giň gatnaşyklary saklamagyň hasabyna berkarar etmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi.
Sambo boýunça geçiriljek sebitleýin ýaryşyň sport dünýäsinde halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge hyzmat etjekdigini we biziň ýurdumyzda giň gerime eýe bolýan olimpiýa hereketinde ýene bir möhüm tapgyr boljakdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi we ýaryşyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Ýurdumyzda 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge häzirden düýpli taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere degip geçmek bilen, milli Liderimiz türkmen türgenleriniň ussatlyk derejesini ýokarlandyrmagyň hem-de giň gerimli sport çärelerini geçirmekde guramaçylyk endiklerine eýe bolmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Biziň ýurdumyzyň diňe bir bitarap döwlet hökmünde dünýäde belli bolman, eýsem, sporty ösdürmegiň Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, berkarar Watanymyzyň iri sport çäreleriniň we ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän ýurduna öwrülýändigini dünýäde giňden wagyz etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek bilen bagly ähli taýýarlyk işleri bilen meşgullanjak guramaçylyk toparyny döretmek barada aýdyp, S.Toýlyýewe bu meseläni öwrenip, bu toparyň düzümi barada öz tekliplerini bermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz bu toparyň düzümine halkara sport guramalarynyň wekilleriniň arasyndan öň Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge gatnaşan, bu ugurda baý tejribesi bolan adamlaryň birini goşmagyň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredowa ýüzlenip,
Daşary işler ministrliginde daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyzyň sporty ösdürmek boýunça alyp barýan işlerini utgaşdyrjak ýörite bölümi döretmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz ýurdumyzda gurlan sport toplumlaryny, buzly köşkleri, stadionlary, aýlawlary we beýleki sport desgalaryny netijeli ulanmagyň möhümdigi barada aýtmak bilen, bu maksatlardan ugur alyp, ýurdumyzda dürli döwletlerden toparlaryň gatnaşmagynda halkara sport ýaryşlaryny yzygiderli geçirmegi ýola goýmagy tabşyrdy. Şeýle hem, öz sport toparlarymyzy, şol sanda atçylyk sporty bilen meşgullanýan türgenlerimizi we futbol toparlarymyzy halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, oňat tejribe toplamaklary üçin, olary daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlara yzygiderli ibermeli diýip, döwlet Baştutany belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Nurmyradowa we S.Toýlyýewe sport habarçylaryny, žurnalistlerini we eminleri taýýarlamak, şeýle hem ýokary hilli sport žurnalyny we gazetleri döretmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Göz öňünde tutulýan bu çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, bize gowy taýýarlyk görüp, V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Soňra milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni ýene bir möhüm meselä, ýolbaşçylaryň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly meselä çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýer H.Muhammedowa hökümetiň agzalarynyň kompýuter sowatlylygyny artdyrmak boýunça ýörite okuwlary geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutany S.Toýlyýewe ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde we Döwlet gullugy akademiýasynda kompýuter üpjünçiligini öwrenmek, talyplaryň we diňleýjileriň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça ýörite dersleriň girizilmegini we okadylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirlen işleriň netijeleri we söwda, hyzmatlar ulgamlaryny kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem daşary-ykdysady aragatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde şu görkezijiler beýan edildi. Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça bölek-satuw dolanyşygynyň möçberi 118,2 göterime deň boldy. Şu ýylyň iki aýynyň jemleri boýunça 53 million 400 müň manatlyk maýa goýumlary özleşdirildi. 2011-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 53 göterim artdy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça makroykdysady görkezijiler barada hasabat bermek bilen, wise-premýer 2012-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda önüm öndürmek boýunça meýilnamanyň 108,3 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň kärhanalary boýunça haly önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 104,5 göterime deň boldy.
Şu ýylyň iki aýynyň jemleri boýunça Döwlet haryt çig mal biržasy boýunça hasaba alnan şertnamalaryň umumy bahasy 7 milliard 31 million 200 müň manada deň boldy. Bu görkeziji 2011-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 8,1 göterim ýokarlandy. Daşary ýurt pulunda alnan girdejileriň möçberi 45,5 göterim artdy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan hyzmat işlerini etmek boýunça meýilnama şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 119 göterim ýerine ýetirildi. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda daşary ýurt pulunda alnan girdejileriň möçberi 129 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma, haly we haly önümlerini öndürmek boýunça bellenilen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek, olary dünýä bazarlaryna eksport etmek maksady bilen degişli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň daşarky bazardaky ornuny pugtalandyrmaga, dokma pudagyna täze maýa goýum serişdelerini çekmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz daşary döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak boýunça bellenilen toplumlaýyn çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin bu ugurda alnyp barylýan işleriň uly ähmiýete eýedigini belledi we wise-premýere daşary ýurtly hyzmatdaşlardan gelip gowuşýan teklipleri jikme-jik öwrenmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýeriň habar bermegine görä, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda nebiti we gaz kondensatyny çykarmagyň ösüş depginleri 2011-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 114,6 göterime barabar boldy. Tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy 119,8 göterim boldy. Şunlukda, “mawy ýangyjyň” eksporta ugradylýan möçberi 29,6 göterim artdy.
Nebit önümleriniň önümçiliginiň ösüş depginleri, ulag benzininiň öndürilişinde 107,5 göterime, dizel ýangyjy 103,1 göterime, polipropileniň önümçiligi 127,4 göterime, suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň ösüş depginleri bolsa 116,1 göterime barabar boldy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça fosfor dökünleriniň önümçiliginiň möçberleri geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,1 göterim, tehniki ýoduň öndürilişi bolsa 4,5 göterim ýokarlandy.
Şeýle hem, Türkmenistanyň balyk hojalygy döwlet komitetiniň kärhanalary önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrýarlar.
Tutuşlygyna alnanda, ýurdumyzyň nebitgaz toplumy boýunça maýa goýum serişdeleriniň özleşdirilişi 2011-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 68,2 göterim köpeldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, iri düzümleýin taslamalara daşary ýurtlardan maýa goýum serişdelerini çekmek, şol sanda täze uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek, energetika ulgamlaryny we beýleki desgalary gurmak, şeýle hem nebithimiýa kärhanalaryny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Şu jähetden milli Liderimiz öňdebaryjy tejribelere, tehniki hem-de tilsimatlaýyn mümkinçiliklere eýe bolan belli daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy tapgyrlaýyn esasda giňeltmegiň zerurdygyny belledi.
Şeýle hem mejlisde himiýa senagaty we balyk hojalygy boýunça anyk wezipeler kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamlarynda 2 aýda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe daşary ýurtlaryň medeniýet wekilleri bilen ýurdumyzyň medeniýetini mundan beýläk-de ösdürmäge, onuň gazananlaryny dünýäde wagyz entmäge we bu ulgamda tejribe alyşmaga gönükdirilen halkara ähmiýetli çäreleriň, şol sanda bilelikdäki döredijilik çäreleriniň birnäçesiniň geçirilendigi bellenildi.
Wise-premýer mart aýynda meýilleşdirilen çäreleriň, şol sanda Halkara zenanlar gününi we milli bahar baýramyny baýram etmegiň maksatnamasy hakyndaky hasabaty hem berdi.
Döwlet Baştutany ýazyň ilkinji aýynda biziň ýurdumyzda giňden bellenýän halkara baýramçylyklarynyň aýratyn köpdügini belläp, şolara bagyşlanylan ähli medeni köpçülik çäreleriniň ýokary derejede geçirilmegi barada görkezme berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine ünsi çekip, milletimiziň baý ruhy mirasyny, ýurdumyzyň öňdebaryjy ösüş ýolunda gazananlaryny dünýäde giňden wagyz etmek işinde ähmiýetini nygtady.
Döwlet Baştutany milli däplere laýyklykda ýurdumyzda her ýyl bellenilýän Halkara zenanlar gününe taýýarlyk görmek meselesini gozgap, enelik we çagalyk hakyndaky aladanyň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galýandygyny nygtady. Biziň ýurdumyzda däp bolan maşgala gymmatlyklary jemgyýetimiziň ösüşiniň esasynda goýlandyr, zenanlar hem-de çagalar döwletimiziň hemmetaraplaýyn goldawyny we yzygiderli aladasyny hemişe duýmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanynyň garamagyna nebit we nebit önümlerini daşaýan, ýük göterijiligi 7100 tonna deň bolan derýa-deňiz gämisini, demirýoluň habardar ediş we aragatnaşyk ulgamlarynyň enjamlaryny satyn almak barada kararlaryň taslamalary hödürlenildi.
Telekommunikasiýalar ulgamynda häzirki zaman ulag düzüminiň we ýokary tehnologik ulgamlaryň bolmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu pudaklara täze tehnikany, enjamlary we innowasion tehnologiýalary giňden çekmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen täze, ýöriteleşdirilen gämileri satyn almagyň hasabyna Türkmenistanyň deňiz flotuny okgunly ösdürmegiň möhümdigini aýratyn belledi. Olar nebit we nebit önümlerini halkara giňişliginde daşamakda ýurdumyzyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň mümkinçiliklerini ep-esli artdyrar. Döwlet Baştutany degişli resminama gol çekip, Türkmenbaşynyň deňiz porty bu gün halkara suw ulag gatnawlarynyň merkezi hökmünde öz ornuny berkidýär, munuň özi bu kärhanany has-da döwrebaplaşdyrmak we tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreleriň netijesi bolup durýar diýip belledi.
Türkmenistan bu gün Ýewraziýa yklymynyň ulag we üstaşyr geçelgelerinde, şol sanda demir ýol ulagy ulgamynda möhüm halka öwrülýär diýip, bellemek bilen döwlet Baştutany degişli ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli gorlary ulanmagyň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda demir ýollarynyň häzirki zaman tehnologik üpjünçiliginiň eýeleýän orny ýokarlanýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine degişli şertnamalary baglaşmaga rugsat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow hasabat berdi. Ol gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada aýdyp, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň we azyk senagatynyň çykarýan azyk önümleriniň ep-esli artandygyny habar berdi.
Oba senagat pudagynda işleriň ýagdaýyny beýan etmek bilen, wise-premýer ýurdumyzyň meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda güýzlük bugdaýa ideg etmek, ýerleri dökünlemek, suwarmak, şeýle hem tohumy we tehnikany gowaça ekişine taýýarlamak boýunça işler, şeýle hem maldarçylyk hojalyklarynda başlanan owlak-guzy möwsüminiň barşy hakynda hasabat berdi.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli bag ekmek maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan çäreler hakynda hem habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan ýazky oba hojalyk möwsümlerini takyk we guramaçylykly, gysga möhletlerde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi talap etdi. Şunda ekerançylykda wajyp bolan agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegine berk gözegçiligiň zerurdygyna aýratyn üns berildi. Munuň özi bugdaýyň we pagtanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny almagyň möhüm şerti bolup durýar.
Döwlet Baştutany degişli karara gol çekip, türkmen paýtagtynyň we welaýatlaryň töwereklerini bagy-bossanlyga büremek, ozaly bilen ýurdumyzyň ekologik abadançylygy, türkmenistanlylaryň durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek nukdaýnazaryndan bag ekmek boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini belledi. Degişli karara laýyklykda ministrlikler we pudaklaýyn edaralar, häkimlikler tarapyndan paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde, şeýle hem welaýatlarda agaç nahallarynyň 3 milliona golaý düýbüni oturtmak bellenildi.
Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine garaldy we degişli çözgütler kabul edildi.
Şunuň bilen Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisini geçirip gutarmak bilen, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.