Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalarynyň birnäçesi, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň käbir ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynda ýurdumyzda belleniljek şanly senelere hem-de ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli meselelere seredildi.
Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk işleriniň depginleri, şeýle hem welaýatyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň gidişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz öňi bilen welaýatda gelin-gyzlaryň baýramçylygynyň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda görülýän taýýarlyk hem-de şenbe güni boljak ählumumy ýowar gününde alnyp barylmagy meýilleşdirilen işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýaty ösdürmegiň meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy aýtmak bilen, ekerançylykda wajyp möwsüm hasaplanýan gowaça ekişine agrotehniki talaplara doly laýyk gelýän derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowyň hasabaty diňlenildi. Häkim häzirki döwürde welaýatyň çäginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetrilişi, hususan-da, gowaça ekişine görülýän taýýarlyk hem-de ekişde ulanyljak tehnikalaryň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurluşygy alnyp barylýan desgalar we täze gurulmagy meýilleşdirilýän binalar hakynda habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belläp, şenbe gününde ýurt boýunça yglan edilen ählihalk ýowaryň çäklerinde welaýatda alnyp barylmaly işler, saýaly hem-de miweli baglaryň döwrüň talaplaryna laýyk ekilmegi hem-de bag ekiljek ýerleriniň göwnejaý taýýarlanmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, hususan-da, ýerleri we tehnikany gowaça ekişine taýýarlamak hem-de maldarçylyk pudagynda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem häkim döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda gurulmagy göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalaryň taslamalary hem-de binalary gurmak üçin saýlanyp alnan ýerler hakynda habar berdi.
Milli Liderimiz welaýatyň ähli edara-kärhanalarynda 8-nji mart baýramynyň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmelidigini, baýramçylyk mynasybetli mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza pul sowgatlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmalydygyny belledi we şu ýylyň 10-njy martynda geçiriljek ählihalk ýowaryna ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalary umuman oňlap, olara käbir bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz täze guruljak “Bagt köşgüniň”, metjidiň hem-de myhmanhananyň Daşogzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbi bilen sazlaşmalydygyny belledi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow hasabat bilen çykyş etdi. Häkim welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de ilatlyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilişi hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň durmuş we senagat düzümini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meýilnamalaryň gyşarnyksyz durmuşa geçirilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäginde Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini hem-de şenbe güni boljak ýowar gününde saýaly baglar bilen bir hatarda, miweli baglaryň hem dürli görünşleriniň ekilmelidigi barada anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, milli Liderimiz gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň we möwsüme agrotehniki talaplara doly laýyk gelýän derejede girişilmelidigini belledi.
Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda hasabatyny welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, gowaça ekişine görülýän taýýarlyk baradaky habardan başlady. Şeýle hem ol maldarlarynyň häzirki döwürde alyp barýan işleri, kärendeçi çopanlaryň owlak-guzy möwsümine taýýarlygy barada aýtdy. Häkim welaýatyň çäginde alnyp barylýan dürli maksatly gurluşyk işleri hakynda hem habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz gowaça ekişini ýokary guramaçylykly geçirmek hem-de welaýatyň ekin meýdanlarynda häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň netijeli bolmagyny üpjün etmek we ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak barada anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäginde zerur bolan guramaçylyk şertlerini döretmegiň we tertip-düzgüni ýokary derejede berjaý etmegiň, sebiti ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmaga toplumlaýyn çemeleşmeleri üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Mundan başga-da, milli Liderimiz welaýatyň ähli ýerlerinde 8-nji mart baýramçylygyny ýokary derejede geçirmegi hem-de ählihalk ýowaryna ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleri, hususan-da, ekerançylyk meýdanlaryny, tehnikalary gowaça ekişine taýýarlamagyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem ol häzirki döwürde ýurdumyzda geçiriljek ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk we ekilmegi meýilleşdirilýän saýaly hem-de miweli baglaryň mukdary, olaryň ekiljek ýerleri barada habar berdi. Wise-premýer hasabatynyň dowamynda güýzlük däne ekinlerine ideg etmek boýunça degişli agrotehniki çäreleriň alnyp barylýandygyny, owlak-guzy möwsümine guramaçylykly girişmek boýunça görlen taýýarlyk işleri barada aýtdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyza oba senagat toplumyna degişli gurluşyk işleriniň barlyşy barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk önümçiligini ösdürmek, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin agaç nahallarynyň ekilmegi ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegini şertlendirer diýip bellemek bilen, öňde boljak ýowar gününde saýaly baglar bilen bir hatarda, dürli görnüşli miweli baglaryň ekilmelidigini we wise-premýere bu işlere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, milli Liderimiz oba senagat toplumynda möhüm möwsüm bolan ýaz ekişini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmak hem-de ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna alnyp barylýan daşary syýasat ugrunyň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegi babatda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem R.Meredow ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň Ukraina boljak saparynyň maksatnamasy barada jikme-jik gürrüň berdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň işjeň daşary syýasat ugruny alyp barýandygyny bellemek bilen, biziň ýurdumyz häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň oňyn çözülmegine gönükdirilen halkara başlangyçlary we bu ugurda alnyp barylýan işjeň syýasaty durmuşa geçirýäris diýip aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ukraina boljak sapar barada durup geçmek bilen, onuň barşynda welaýatlaryň häkimleri we degişli düzümleriň ýolbaşçylary Ukrainanyň önümçilik kuwwatlyklaynda bolup, özleriniň gözegçilik edýän düzümleri bilen baglanyşykly işler babatda tejribe alşylmagynyň ýola goýulmagyny tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A. Ýegeleýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, häzirki zaman obalaryny döretmegiň we ösdürmegiň maksatnamalaryny taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz häzirki zaman obalarynyň döredilmegi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrmagy üpjün eder diýip bellemek bilen, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işlerine maýa goýumlaryny çekmek we etraplaryň durmuş düzümlerini gowulandyrmak babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligini gazanmak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ulgamda önümçilik pudagynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmalydygyny, gelýän walýuta serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigni belledi. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň we beýleki şäherleriň desgalarynyň bezeg aýratynlyklaryna, ýollaryň gurluşygyna hem-de binalaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede saklanmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew çagyryldy. Häkim paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleri, şäheriň binagärlik keşbini özgertmek we ilatyň durmuş ulgamlary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak babatda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem paýtagtymyzy toplumlaýyn abadanlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şäheri durmuş-senagat taýdan ösdürmegiň nobatdaky tapgyrlaryna görülýän taýýarlyk işleri hakynda habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda şähergurluşyk-binagärlik boýunça ýaýbaňlandyrylan maksatnamany durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak barada anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň binagjrlik keşbini has-da gowulandyrmak, şäher desgalaryny göwnejaý saklamak we arassaçylygy, tertip-düzgüni pugta berjaý etmek boýunça alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy häkimden berk talap etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda hem-de ýokary hilli gurulmalydygyny tabşyrdy.
Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilşi hakynda hasabat berdi. Hususan-da, ol mili ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny toplumlaýyn ösdürmek maksady bilen, maýa goýum serişdeleriniň özleşdirilişi, welaýatlary düýpli özgertmek boýunça berjaý edilmeli işleriň maksatnamasy hakynda aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler yzygiderli häsiýete eýe bolmalydyr diýip belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Halkara zenanlar güni mynasybetli
gelin-gyzlara pul sowgatlarynyň gowşurylyşynyň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Mundan başga-da, milli Liderimiz ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy üpjün edýän durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ähli tagallalary görmegi tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän widioşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarow hasabat bilen çykyş etdi. Ol häzirki döwürde alnyp barylýan işler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, bank ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we onuň işini kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Şeýle hem Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygy Halkara zenanlar baýramçylygy mynasybetli gelin-gyzlarymyz üçin niýetlenen pul serişdeleriniň üpjün edilişi, iş haklaryny we beýleki döwlet kömek pullaryny, pensiýalary we talyp haklaryny öz wagtynda tölemek boýunça görülýän çäreler barada hem habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bank ulgamynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky möhüm wezipelere ünsi çekip, ulgamyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bank ulgamynyň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi Türkmenistanda giňden ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýrylmaz şerti bolup durýar diýip belledi. Şeýle hem milli Liderimiz bank ulgamyndaky birnäçe guramaçylyk meselelerine seretdi we degişli resminamalara gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetrilişi hakynda hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda we balyk hojalygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada durup geçdi. Şeýle-de ol milli maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň täze döredilýän ilatly ýerlerini gazlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň her bir welaýatynda häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz ulgama dahylly gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada durup geçip, desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup gutarylmalydygyny tabşyrdy hem-de bu talaplaryň ilkinji nobatda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz ilata hususy ulaglar üçin mugt berilýän ýangyjyň talaba laýyk berlişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy we bu işlerde düzgün bozulmalara ýol berilmegi ylalaşyp bolmajak ýagdaýdyr diýip aýidy hem-de bu işleriň kanuna laýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi wise-premýerden berk talap etdi.
Soňra göni aragatnaşykda alnyp barylýan wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow çagyryldy. Ol öz çykyşynda gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, ministr ilatymyza berilýän mugt ýangyjyň ýük awtoulaglarynda ulanylyşynda bidüzgünçilikleriň bardygy hakynda aýtdy. Şeýle hem ministr hasabatynyň dowamynda geçirilen baglag işleriniň dowaymnda döwlet tarapyndan her ýarymýyllyk üçin 1200 litr möçberde mugt berilýän ýangyç serişdesini ulanýandyklaryna garamazdan, käbir agyr ýük göterýän ulag serişdeleriniň eýeleriniň salgyt gullugynda hasapda durman, ýagny hiç hili paç salgydyny tölemän, ýük daşamak üçin berilýän ygtyýarnamalary bolmazdan awtoulaglar ýük daşamak işini amala aşyrýan birnäçe düzgüni bozan adamlaryň ýüze çykarylandygy barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiz tarapyndan hususy awtoulaglaryň eýelerine mugt berilýän ýangyjyň talaba laýyk ulanylyşynda kemçiliklere ýol berlendigi üçin düýpli nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň talaba laýyk alnyp barlyşyna mundan beýläk-de gözegçilik etmegi tabşyrdy, hususan-da, birnäçe agyr ýük göterýän awtoulaglaryň eýeleriniň ýurtda kabul edilen kanuna ters gelýän hereketleri bilen baglanyşykly ýüze çykarylan kemçiliklerden degerli netije çykarmagy berk talap etdi. Mundan başga-da, hususy ýeňil awtoulaglaryň ulanylyşyna-da gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyy has-da pugtalandyrmak, işiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabyşryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ulgamyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ähli düzümlerde degişli gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, demir ýol ulaglary pudagyny we beýleki düzümleri, aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň esasy mesele bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem hormaily Prezidentimiz ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri berjaý etmek babatda degişli düzümler bilen sazlaşykly işi ýola goýmak barada anyk tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbsasry N.Atagulyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagldaýy, ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgamynda, dokma senagatynda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň ýerine ýetirilýändigi barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň çäklerinde dokma senagatynda, söwda we hyzmatlar ulgamynda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyna doly laýyk gelmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dokma senagatynda önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, dokma önümleriniň dünýä bazarlaryndaky ornuny pugtalandyrmak, şeýlelikde, daşary ýurtlardan gelýän walýuta serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak ugrunda ähli tagallalaryň edilmegini tabşyrdy hem-de işleri talaba laýyk ýola goýmak üçin düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň zerurdygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary gurmak we olary kämil enjamlar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda degişli düzümler bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ulgama degişli häzirki zaman sport desgalarynyň göwnejaý saklanmagy we netijeli işiniň üpjün edilmegi hem-de işgärleriň hünär ussatlygynyň kämilleşdirilmegi ugrunda durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygy barada anyk tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer ýurdymyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, döwletimiziň ýöredýän oňyn içeri we daşary syýasaty köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde anyk we aýdyň maglumatlaryň üsti bilen wagyz etmek hem-de medeniýet ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetl şanly wakalar hem-de Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri, halkymyz üçin döredilýän ýeňillikler, oňaýly mümkinçilikler babatda döwrebap makalalaryň, ilhalar gepleşikleriň taýýarlanylmalydygyny belledi. Şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler dünýä derejesinde wagyz edilmelidir, olaryň ähmiýeti dogrusynda giňden gürrüň berilmelidir diýip bellemek bilen, döwet Baştutanymyz milli teleýaýlymlarda görkezilýän gepleşikleriň häzirki döwrüň ruhuna doly laýyk gelmegi babatda işgärleriň yhlasly zähmetleriniň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak hem-de hilini gowulandyrmak babatda anyk tabşyryklary berip, degişli resminamalara gol çekdi.
Döwlet Bşatutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyny jemläp, mähriban Watanymyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşini, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagyny üpjün eder diýip belledi.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki maslahaty tamamlap, ýene bir ýola Halkara zenanlar güni mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryny we şenbe güni boljak ählihalk ýowary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýurdumyzyň ykdysady taýdan gülläp ösmegine gönükdirilen asylly işlerde üstünlikler arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.