Düýn ajaýyp we hakyky simwoliki waka bolup geçdi—ýene-de bir körpe türkmenistanly dünýä indi diýsek, bärden gaýtdygymyz bolar, çünki ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dogulýan çagalar az däl. Ýöne düýn bolan waka aýratyn ähmiýete eýedir. Bu gezek adaty bolmadyk şatlykly waka gahryman eneleriň biri bilen baglanyşykly boldy. Şol waka her bir maşgala, şeýle hem tutuş ýurdumyz üçin şatlyklydyr. 8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen gahryman enelere “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy.
Hoş habarlaryň dürli-dürlüligi kalbymyzy şatlykdan doldurýar. “Bagt köşgündäki” şatlykly dabaranyň paýtagtymyzdaky “Ene mähri” merkezinde dowam etmegi aýratyn ähmiýetli boldy. Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýaşaýjysy Patma Nuryllaýewa köp çagaly enelere hormatly atlary dakmak dabarasyna gatnaşmak üçin ugranda onuň begenji goşa şatlyga öwrüldi. Patma hormatly ady “Bagt köşgünde” däl-de, “Ene mähri” merkezinde kabul etmek bagty miýesser etdi. Bu dabaranyň öňüsyrasynda Patma Nuryllaýewanyň onunjy çagasy dünýä indi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe doglan bu çaga Bagtyýar diýlip at dakyldy. Bagtyýar zamanamyzyň bagtyýar ogly diňe bir maşgalasyna däl, eýsem bütin ýurdumyza şatlyk getirdi.
Bu babatda Patma Nuryllaýewa ýurdumyzyň iň bir mährem eneleriniň biridir. Uly, köp çagaly, bagtly we agzybir maşgaladan ajaýyp zat barmyka? Çünki çagalaryň köp bolmagy maşgalanyň bagtyny, rysgal-döwletini artdyrýar. Muny Gylyjowlaryň—Nuryllaýewalaryň maşgalasy öz mysalynda subut etdi.
Mälim bolşy ýaly, sylag öz gahrymanyny özi tapýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan bagtyýar enäni gutlamak üçin paýtagtymyzdaky enäniň we çaganyň saglygyny goramagyň “Ene mähri” merkezine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa geldi. Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanyndan sowgady, şeýle hem “Ene mähri” diýen hormatly adyň şahadatnamasyny we degişli nyşanyny gowşuryp, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Patma Nuryllaýewany mähirli gutlady hem-de iň gowy arzuwlary aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň bagtly we sagdyn enelik hem-de çagalyk, maşgalanyň durmuş taýdan goraglylygy, zenanlaryň we çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek üçin iň gowy şertleri döretmek baradaky hemmetaraplaýyn aladasy hem
hormatly Prezidentimiziň biziň enelerimizi jemgyýetiň we döwletiň mizemez daýanjy hasaplaýandygyna şaýatlyk edýär. Enelere şeýle uly üns berilmegi jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak ulgamynda oňyn döwlet syýasaty, şeýle hem milli özboluşlylyk, medeniýeti, bilimi, saglygy goraýşy ösdürmegiň zerurlyklary, ruhy däp-dessurlary aýawly saklamagyň aýratynlyklary bilen şertlendirilendir. Çünki zenan-ene türkmen jemgyýetinde ähli döwürlerde-de diňe bir maşgalanyň däl, tutuşlygyna jemgyýetçilik gurluşynyň esasy sütünleriniň biri bolupdy. Ol maşgala ojagynyň ýylysyny we jemgyýetiň ahlak esaslaryny, onuň ruhy gymmatlyklaryny we ynsanperwerlik ýörelgelerini aýawly saklaýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet syýasatynyň ileri tululýan ugry hökmünde eneligi we çagalygy durmuş taýdan goramak babatdaky wezipeleri kesgitläp: “Maşgala näçe berk bolsa, jemgyýet şonça-da baýdyr!” diýip nygtaýar. Döwlet Baştutanymyzyň bellemegine görä, häzir köp çagalylyk jemgyýetiň durmuş taýdan abadançylygynyň, onuň ertirki güne bolan uly ynamynyň alamatydyr.
Mälim bolşy ýaly, türkmen döwleti maşgalany we eneligi goldamaga, köp çagalylygy höweslendirmäge uly üns berýär. Çagalara garaşyk etmek boýunça enelere kömek pullary berilýär, şeýle hem göwrelilik döwründe kömek pullary hem-de çaga dogrulandan soň goşmaça rugsat göz öňünde tutulýar. Munuň özi ilkinji günlerden çaganyň sagdyn ösmegini doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak we wagyz etmek hem-de çaga iýmitine bildirilýän talaplar hakyndaky Türkmenistanyň Kanuny hem eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak meselesine talabedijilikli çemeleşilýändigine şaýatlyk edýär.
2007-nji ýyldan başlap, Türkmenistanda “Howpsuz enelik” maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Ol sagdyn göwreliligi we sagdyn çagalaryň dogulmagyny üpjün etmek, çaga dogrulýan öýlerde şertleri gowulandyrmak ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Şeýle hem azganlylyga garşy göreşmek we onuň öňüni almak baradaky maksatnama hereket edýär. Şol maksatnama laýyklykda göwreli aýallar we iki ýaşa çenli bolan çagalar alada bilen gurşalyp alnandyr. Türkmenistanyň “Azyk duzuny ýodlaşdyrmak we uny demir bilen baýlaşdyrmak” meýilnamasy boýunça şahadatnama eýedigini bellemek möhümdir. Ýurdumyzda ilatymyza gelip gowuşýan unuň 70 göterimi foliý kislotasy we demir bilen baýlaşdyrylandyr, azyk duzunyň bolsa ählisi ýodlaşdyrylandyr.
Mundan başga-da, geçen, 2011-nji ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň çaganyň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy boýunça 2011-2015-nji ýyl döwür üçin Milli maksatnamasyny tassyklady.
Köp çagalylyk hemişe-de türkmenlerde maşgala gymmatlygy we ajaýyp däp bolupdy. Şu ýörelgäni saklamak we eneleriň hem-de ösüp gelýän nesliň sagdyn bolmagyny üpjün etmek üçin tutuş ýurdumyz boýunça lukmançylyk, öňüni alyş, kesel anyklaýyş edaralarynyň we sagaldyş merkezleriniň, şypahana-sanatoriýa toplumlarynyň giň ulgamy döredilýär. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça “Ene mähri” merkezleri bu giň möçberli ulgamda möhüm orun eýeleýär.
Paýtagtymyzdaky hut şu merkezde Bagtyýar atly oglanjyk dünýä indi. “Ene mähri” merkeziniň lukmanlarynyň TDH-a habar berişleri ýaly, enäniň we çaganyň saglygynyň ýagdaýy örän gowy. Çaga doglanda, onuň agramy 3,8 kilograma barabar boldy.
Elbetde, indi maşgalada alada köpeler. Ýöne, ene bu zatlardan birjik-de heder etmeýär, çünki öýde kömekçiler örän köpdür! Maşgalanyň uly gyzlary eýýäm 19 we 18 ýaşynda, olar hem başarjaň hojalykçylardyr. Beýleki gyzlar we ogullar hem ulalyp gelýär. Olara hem çagalykdan zähmeti söýmek, birek-birege kömek bermek we ýakynlaryň barada alada etmek ýaly endikler öwredilýär.
Şu mynasybetli TDH-niň habarçysy ýörite Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde ýaşaýan maşgalabaşy Kakyş Gylyjow bilen söhbetdeş boldy. Bagtly atany ýene-de bir çaganyň dünýä inmegi bilen gutlap, onuň maşgala agzalarynyň ählisine berk jan saglyk we şatlyk arzuw etdi. Şonda ol ykbalyň emri bilen maşgalada ýeke-täk ogul bolan Kakyşyň hemişe köp doganlarynyň we uýalarynyň bolmagy barada arzuw edendigini bildi. Bu arzuw bolsa onuň öz maşgalasynda hasyl boldy.
Kakyş Gylyjow hakyky ekerançydyr hem-de üstünlikli zähmet çekýän kärendeçidir. Onuň 7 gektar ýeri bolup, geçen ýyl ol pagtanyň we bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirdi. Ekerançylyk maşgala uly girdeji getirýär. Döwletiň oba zähmetkeşlerini hemmetaraplaýyn goldamagy, şeýle hem çagalara garaşyk etmek boýunça tölenýän kömek pullary hem maşgalanyň abadançylygyny artdyrýar.
Patma Nuryllaýewa şu ýyl ýurdumyzyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna mynasyp bolan zenanlarynyň biridir. Olaryň umumy sany bolsa 160-a golaýdyr. Bu at 2008-nji ýylyň martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilip, jemgyýetiň we döwletiň türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryna ygrarlylygynyň, enelere çuňňur hormat-sarpanyň nyşanyna öwrüldi. Şol döwürden başlap, sekiz we şondan hem köp çaga dogran hem-de terbiýeläp ýetişdiren zenanlaryň her ýyl onlarçasy bu hormatly ada eýe bolýar. Munuň özi jemgyýetiň we döwletiň ýaş nesli terbiýelemäge goşan goşandy üçin zenanlara uly sarpasynyň, mukaddeslik, maşgala ojagyny goraýjy hökmünde enäni çuňňur hormatlamagyň we onuň öňünde baş egmegiň beýanyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, maşgala türkmen jemgyýetiniň sagdyn ösmeginiň esasy bolup durýar.
“Ene mähri” adyna mynasyp bolan enelere diňe bir uly möçberdäki pul sylaglary gowşurylman, eýsem, dürli ýeňillikler berilýär. Demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmak işi köp babatda maşgalanyň ýokary durmuş derejesi, maşgala ojagynyň mukaddesligi, enelere we çagalara uly hormat goýmak we olary söýmek ýaly ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyzyň hukuk ulgamynyň, şol sanda maşgala gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan ulgamynyň esasy ýörelgeleri şolardan ugur alýar. Bu taglymatlaýyn ýörelgeler Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Türkmenistanyň täze Maşgala kodeksiniň taslamasyny işläp taýýarlamak üçin esas boldy. Ol 2012-nji ýylyň 1-nji aprelinden güýje girýär.
Gahryman eneleriň arasynda diňe bir öý hojalykçylaryň däl, eýsem mugallymlaryň, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynyň, dürli önümçilikleriň işgärleriniň bardygyny bellemelidiris. Olaryň arasynda kärendeçiler, oba zähmetkeşleri we beýleki hünärleriň wekilleri hem az däl. Munuň özi türkmen zenanlarynyň mährem we söýýän ene bolmak bilen, diňe bir öý aladalary bilen meşgullanmak bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzyň gülläp ösmegine özleriniň goşandyny goşmaga çalyşýandygyna şaýatlyk edýär. Olar ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna, dolandyryşyň dürli derejelerinde çözgütleri kabul etmäge işjeň gatnaşýarlar. Jemgyýetiň möhüm meseleleriniň ählisini ara alyp maslahatlaşmakda olaryň pikirine uly sarpa goýulýar.
Şeýlelikde, türkmen zenanynyň däbe öwrülen keşbi häzir dürli öwüşgine eýe bolýar. Onuň keşbi, ilkinji nobatda, mähriban enäniň we wepaly aýalyň, maşgala ojagyny goraýjynyň orny bilen deňeşdirilýär. Zenanlaryň ruhy, intellektual we ahlak mümkinçilikleri durmuş, döwlet wezipelerini çözmek üçin barha işjeň ulanylýar.
... Şu günler tutuş ýurdumyz boýunça ajaýyp zenanlaryň we ilkinji nobatda, eneleriň sarpasy belentden tutulýar. Köp çagaly enelere bolsa aýratyn sarpa goýulýar.
Biz olaryň nesli we halkymyzyň taryhyny dowam etdirmek, mynasyp nesilleri ösdürip ýetişdirmek we ajaýyp geljegi nurlandyrmak babatda bitirýän mukaddes işleriniň öňünde baş egýäris. Özleriniň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryndan ruhlanan türkmenistanlylar edermenlikli zähmeti bilen, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan beýik işlere mynasyp goşant goşýarlar.