Ï Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň daşary söwda ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň daşary söwda ministrini kabul etdi

view-icon 608
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň daşary söwda ministri jenap Pýer Leluşy kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip Aşgabada geldi.

Myhman mähirli kabul edilendigi we ikiçäk söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Fransiýanyň Prezidenti Nikolýa Sarkoziniň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli iberen hatyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Fransiýanyň Prezidenti köpýyllyk netijeli türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň gyşarnyksyz ilerlemegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýdypdyr. Fransiýanyň daşary söwda ministri pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlap, ýakynda geçirilen prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi türkmen halkynyň öz Liderine bildirýän uly ynamynyň we söýgüsiniň ýene-de bir subutnamasy boldy diýip belledi.

Döwlet Baştutany myhmana hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly Fransiýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ähli ugurlarda, şol sanda syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň gazanylandygyny kanagatlanmak bilen belledi.

Däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda pikir alyşmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti we myhman iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýändigini tassykladylar. Munuň üçin ähli şertleriň, ozaly bilen deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga ikitaraplaýyn taýýarlygyň bardygy aýdyldy. Pýer Leluşyň belleýşi ýaly, ägirt uly serişdelere we ykdysady kuwwata eýe bolan, çalt depginlerde ösýän Türkmenistan Fransiýanyň işewür toparlary üçin ägirt uly gyzyklanma döredýär. Olary hem beýleki daşary ýurtly maýadarlar ýaly, ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy hem-de ygtybarly kanunçylyk binýady özüne çeýkär. Bu ýagdaýlar türkmen Lideriniň öz halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň hatyrasyna başyny başlaýan, Türkmenistanda amala aşyrylýan ägirt uly taslamalara işjeň gatnaşmaga giň mümkinçilikleri açýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow fransiýaly hyzmatdaşlaryň gyzyklanmasyny goldap, döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigini belledi. Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny we eksport-import önümleriniň görnüşlerini gyşarnyksyz artdyrmak hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolmagynda galýar.

Türkmenistanyň Prezidenti we Fransiýanyň daşary söwda ministri hoşlaşanlarynda netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň türkmen we fransuz halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine ygrarlydygyny tassykladylar.

Duşuşyga Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Pýer Lebowiç gatnaşdy.

* * *

Şu gün dostlukly ýurduň daşary söwda ministri jenap Pýer Leluşyň ýolbaşçylygyndaky Fransiýanyň wekiliýeti ýurdumyzyň hökümetinde birnäçe duşuşyklary geçirdi. Olaryň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryny we fransiýaly hyzmatdaşlaryň milli we sebitleýin ähmiýetli möhüm taslamalara gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.