Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilini kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Gündogar Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebit direktorynyň orunbasary Ýens Wandeli kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistany ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hasaplaýandygyny hem-de ýola goýlan, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda jenap Ýens Wandel hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa BMG-niň ýurtda resmi taýdan bellenen düzümleriniň işine berýän işjeň goldawy üçin, şeýle hem soňky ýyllarda täze hile we mazmuna eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany mübärekläp, BMG bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we hemmetaraplaýyn giňeltmek bu iri halkara guramasynyň agzalary bolan döwletleriň hataryna girmeginiň 20 ýyllygyny ýakynda belläp geçen Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan strategiki ugry bolup durýandygyny nygtady. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň işlerine işjeň gatnaşmak bilen mundane beýläk-de oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ugruna gyşarnyksyz eýerer diýip, milletiň Lideri belledi.
Duşuşygyň barşynda köp ugurlary, ýagny medeni-durmuş we hukuk ulgamyny, gumanitar ugry, bilimi, saglygy goraýşy, ekologiýany hem-de birnäçe beýleki ugurlary gurşap alan, däp bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan taraplary we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Baştutany we myhman netijeli hyzmatdaşlygy okgunly giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda hem pikir alyşdylar, soňky ýyllarda hyzmatdaşlygyň toplanan baý tejribesi we onuň köpugurly mümkinçilikleri onuň ygtybarly esasyny düzýär.
Jenap Ýens Wandel hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa oňyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmegine yzygiderli ýardam edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen Lideriniň öňe süren, häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň aýratyn möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hususan-da, howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyny işläp taýýarlamaga, dünýäde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça Aşgabatda BMG-niň Sebitara merkezini açmaga, şeýle hem Rio+20 hökmünde mälim bolan howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça Rio-de-Žaneýroda boljak Bütindünýä sammitine Türkmenistanyň gatnaşmagyna degişli meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti we myhman hoşlaşanlarynda, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine we müňýyllygyň global ösüş maksatlaryna laýyk gelýän Türkmenistanyň we BMG-niň gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
BGM-niň Ösüş maksatnamasynyň Gündogar Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebit direktorynyň orunbasary Ýens Wandeliň Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde oňyn Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda leksiýa bilen çykyş etmegi göz öňünde tutuldy.

* * *