Ï Türkmenistanyň Prezidenti EYR-nyň Medeniýet we yslam ugry boýunça ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti EYR-nyň Medeniýet we yslam ugry boýunça ministrini kabul etdi

view-icon 630
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we yslam ugry boýunça ministri jenap Seýed Mohammad Hoseýni kabul etdi. Ol Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda düýn açylan Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edýär.

Myhman wagyt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Baştutanyna Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadinežadyň mähirli salamyny ýetirdi, ol

tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollapdyr. Jenap Seýed Mohammad Hoseýni Eýranyň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gumanitar ulgam ýaly möhüm ugurdaky netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýdyň nyşany bolan, Eýran Yslam Respublikasynyň düýn Türkmenistanda açylan Medeniýet günleriniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we EYR-nyň Prezidentine mähirli salamyny ýollap, goňşy döwletler, şol sanda türkmen halky bilen taryhy taýdan medeni-ruhy gatnaşyklar arkaly baglanyşýan Eýranyň halky bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar diýip belledi. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagynda möhüm ugur bolan gumanitar hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda geçirilýän Medeniýet günleri gumanitar gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagyna gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti we myhman duşuşygyň dowamynda gumanitar ulgamdaky özara gatnaşyklar boýunça oňyn tejribe toplanan pudakdaky döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi barada aýtdylar. Türkmenistanda we Eýranda geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryna we sergilere, döredijilik forumlaryna we festiwallara iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň yzygiderli gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunlukda, medeni çäreleriň umumadamzat gymmatlyklaryna ägirt uly goşant goşan türkmen we eýran halklarynyň baý, özboluşly taryhy-medeni mirasyny öwrenmek, gorap saklamak işine we onuň giňden wagyz edilmegine we Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň häzirki zaman sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz we EYR-nyň medeniýet we yslam ugry boýunça ministri hoşlaşanlarynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de iki halkyň abadançylygynyň hatyrasyna üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Musa Haşemi Golpaýegani gatnaşdy.