Ï Bütin ömrüň işi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bütin ömrüň işi

view-icon 732
Ene Mälikgulyýewna Öwezowa- belli dokmaçy zenan. Köp ýyl mundan öň intek gyzjagazka ol Aşgabadyň nah mata kärhanasyna gelip, bütin ömrüniň işi bolan söýgüli käriniň eýesi boldy. Ol bu kärde çyn ýürekden halal çeken zähmeti üçin köp ýokary sylaglara we atlara mynasyp boldy. Ene Öwezowa barada ýazylan onlarça makalalary ýygnasaň, uly bir kitap bolardy we dokumental kino düşürip bolardy.

Ene Öwezowa 26 ýaşynda Zähmet Gahrymany boldy. Ol şol döwürde ýokary häkimiýetiň düzümi bolan, respublikanyň Ýokary Sowetiniň deputatlygyna üç sapar, ençeme gezek hem öz kärhanasynda kärdeşler arkalaşyklarynyň, zenanlar guramasynyň başlyklygyna saýlanyldy. Ol bütin ýurda belli dokmaçy adyna mynasyp bolan ençeme zenanlaryň halypasy boldy.


Ene Mälikgulyýewna bizi öz öýünde mähirli garşylady. Çaý başynda bu ajaýyp zenan bize Aşgabadyň nah mata kärhanasynda işlän döwürleri we durmuşy barada gürrüň berdi:

- Bu kärhana men 1949-njy ýylyň 19-njy noýabrynda 15 ýaşymdaka geldim we 54 ýyl zähmet çekdim. 1980-nji ýyla çenli dokmaçy, soň 6 ýylyň dowamynda kärhananyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçysy, 2002-nji ýyla çenli bolsa önümçilik okuwynyň ussasy bolup zähmet çekdim. Men ykbal alamatlaryna ynanmaýaryn, ýöne kärhananyň döredilen güni, ýagny 19-njy noýabryň meniň doglan günümiň bilen gabat gelmegi, dogurdan-da ykbalyň aýratyn alamaty diýip hasaplaýaryn. Kärhananyň durmuşy diňe meniň ömrüm bilen bagly bolman, eýsem biziň tutuş maşgalamyzyň hem taryhynda orun tapdy. Men şunça ýyl kärhanada işläpdirin, hatda şu günlere çenli düýşümde dokma enjamymy görýarin, barmaklarymyň epilip, ýolunan sapagy daňjak bolýan ýaly duýgulary başdan geçirýärin.

Hemme zat şeýle başlandy. Kaka obasynda ýaşaýarkak, ilkinji dokma kärhanasyndan wekiller gelip işgär çagyrýandygyny aýtdylar. Şonda, Mälikguly Abaýewiň ýaş maşgalasy Aşgabada göçüp barýar we kärhanada işläp, kakam slesarçylyk, ejem bolsa dokmaçy kärini ele alýarlar. Bu waka 1929-njy ýylda bolupdy. Kakam kärhanada 57 ýyl, ejem bolsa 35 ýyl zähmet çekdiler. Aşgabatda meniň 3 oglan we 6 gyz doganym doguldy. Biz 10 dogandyk. Ýetginjek döwrüm men enem-atama günortanlyk naharyny eltenimde, dokma enjamlar mende aýratyn duýgy döredýärdi. Men bu tehnikanyň akyllydygyna haýran galýardym we ýüpleriň ussatlyk bilen mata birikýänini görenimde bolsa dokmaçy bolup, hormatlanýan işde işlemäge höweslenýärdim.

Dokmaçy bolmalymy ýa-da ýok diýen soraga maşgalamyz bolup seredildi. Kärhanada eýýäm meniň iki doganym işleýärdi. Mälikguly Abaýew kärhanada aýratyn hormatlanýan adamdy. Şu güne çenli kakamyň aýdan sözleri meniň hakydamda. Ol: „Gyzym biz diňe päk zähmetimiz bilen ýaşamaly. Ejeň kärini almak bilen sen onuň hormatly adyny hem alýarsyň. Ýöne hormaty gazanmalydygyny hem ýadyňda sakla. Gowy işi başga biriniň eli bilen edip bolmaýandyr“-diýipdi. Şeýdip hem meniň zähmet ýolum başlandy. Başda okuwçy boldum, soň 1 dokma enjamyny, 6,16,27,32 sany dokma enjamynda işledim. Bir çalşykda men iki ýarym müň metr matany öndürýärdim.

At-abraý – bu diňe bir hormat, we ýygnagyň prezidiumynda oturanlygyňda däl. At – abraý- bu aýratyn jogapkärlik. Borçnamany ýerine ýetirmeli bolanda ýene 4-5 sany dokma enjamyna gözegçiligi öz üstüme alýardym. Zerur bolan ýagdaýlarda yza galýan toparlara geçip, olary öňe çykarmaga hem kömek ederdim. Gahryman adym diňe bir özüme däl , eýsem beýlekilere hem jogap bermeklige borçlandyrýar. Ine şeýle ynam bilen meniň enem-atam, doganlarym we özüm zähmet çekdik. Häzir bolsa meniň ýegenlerim hem şeýle pikirler bilen şu kärhanada zähmet çekýärler. Biziň zähmet ýolumyzyň dowam etmegi bizi begendirýär we buýsandyrýar.

Учитель и ученик - без этой связи не было бы жизни. Я много лет была наставником для молодого поколения. И тем радостнее видеть, как сегодня молодежь учится в новых школах и вузах, работает на предприятиях, оснащенных самой передовой техникой. Таких, как современные текстильные комплексы, построенные в годы независимости. Я смотрю на них и не нарадуюсь. У нас такой техники и таких условий не было.

Halypa we şägirt! Olaryň baglanyşygy we sazlaşygy bolmasa durmuş hem bolmazdy. Men ençeme ýyllar ýaşlara halypalyk etdim. Biziň ýaşlarymyzyň häzirki zaman kämil tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan täze mekdeplerde okaýandyklaryny, garaşsyzlyk ýyllary içinde gurlup ulanylmaga berilen dokma kärhanalarynda işleýändiklerini görüp meniň başym gök direýär. Şu ajaýyplyklary we döredilen mümkinçilikleri görenimde meniň begenjimiň çägi bolmaýar. Biziň döwrümizde şunuň ýaly tehnikalar we enjamlar ýokdy.