Ï Türkmenistanyň Prezidenti ýurdyň aýal-gyzlaryny Halkara zenanlar güni bilen gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdyň aýal-gyzlaryny Halkara zenanlar güni bilen gutlady

view-icon 778
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdyň aýal-gyzlaryny Halkara zenanlar güni bilen gutlady. Döwlet baştutanynyň bu baýramçylyk mynaibetli Mähirli Gutlagynda adamzat taryhynyň örän irki döwürlerinden bäri ýaşaýşyň gözelligi hem-de gönezligi bolan gelin-gyzlara aýratyn söýgi we hormat bilen garaýar diýip belleýär.

Türkmen gelin-gyzlary müňýyllyklaryň dowamynda özlerini watansöýji, namysly-arly, salyhatly, ak ýürekli, gaýratly, süňňi sagdyn, mylaýym, çeper hünärli, maşgalanyň agzybirligini, ojagyň ýylysyny saklaýan asylly maşgalalar hökmünde dünýä tanadypdyrlar. Halkymyzyň buýsançly hem-de şan-şöhrata beslenen, dünýä ýaň salan beýik geçmişinde adamzadyň iň ajaýyp gylyk-häsiýetlerini özünde jemlän Tumar şa, Zarina, Banu Çiçek, Burla hatyn, Agaýunus, Harmandäli, Gülaýym, Türkan hatyn, Gülbeden begim, Jahan hatyn ýaly türkmen gelin-gyzlaryWatany, ar-namysy goramakda, türkmen medeniýetiniň baýlaşmagynda öçmejek yz galydyrypdyrlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, bu gün türkmen zenanlarynyň erkana ýaşamagy we işlemegi, bilim almagy, hünär öwrenmegi, perzentlerini döwrebap terbiýelemegi üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär. Bu gün türkmen zenanlary jemgyýetimiziň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ulgamlarynda mynasyp orun eýeleýärler, ýurdymyzyň ministrliklerinde, pudak edaralarynda we saglygy goraýyş, bilim, ylym, medeniýet ulgamlarynda, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýadawsyz zähmet çekýärler.

Döwlet Baştutany Halkara zenanlar guni mynasybetli ýurdyň gelin-gyzlarynyň ählisini tüýs ýürekden gutlamak bilen, «Mertebesi belent enelerimiziň, milletimiziň ýüzüniň tuwagy bolan uýalarymyzyň hem-de özüniň edep-ekramy, asyllylygy bilen belent buýsanjymyza öwrülen gelin-gyzlarymyzyň ýüreklerinde besleýän iň arzyly maksatlarynyň hasyl bolmagyny, bagtlarynyň elmydama Gün kimin lowurdap durmagyny arzuw edýärin» diýip, öz mähirli gutlagynda aýdýar.