Paýtagtda bezeg ösümliklerini we gülleri köpçülikleýin ekmek işleri dowam etdirilýär. Çigildemleriň Gollandiýadan getirilen iň oňat görnüşleri göwnüňi galkyndyrýar. Olar eýýäm ministrlikleriň we pudak edaralarynyň binalarynyň öňünde, köp gatnawly çatryklaryny, şaýollaryň, köçeleriň gyralarynda, Aşgabadyň taryhy merkezinde ekilipdi we olaryň gözelligi göwünleri göterýär. Geçen ýyl bu şa gülleriniň 20 müňüsi ekildi we bu işler häzirki wagtda hem dowam etdirilýär.
Şäheri ýaşyl begrese büremek işlerini paýtagtyň Köpetdag etrabynyň bagbanlary ilkinji bolup girişdiler. Dürli bezeg gülleriniň onlarça görnüşi söýgüli şäherimiziň bahar keşbini tanalmaz derejede bütinleý üýtgetdi.
Umumy möçberi ýüzlerçe müňe ýetýän ekiş materiallary – ösümlikleriň we gülleriň ençeme görnüşlerinden ybarat bolan ýaş nahallar güýzki we ýazky ekiş möwsümleri üçin gülçilik nahalhanalarynyň birnäçesinde öňünden taýýarlanylýar. Olarda tejribeli işgärleriň gözegçiligi astynda çigildemler hem ekmäge taýýarlanyldy.