Ï Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri tamamlandy

view-icon 713
Şu gün ýurdumyzyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergi jaýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Bu çäräniň çäklerinde türkmenistanlylar doganlyk ýurduň häzirki zaman sungaty bilen has içgin tanyşdylar. Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň Medeniet merkezi tarapyndan guralan bu bilelikdäki döredijilik çäresine gatnaşmak üçin Aşgabada eýran artistlerinden, sazandalaryndan, suratkeşlerinden, milli senetkärlerinden ybarat wekiliýet geldi.

Şeýle hem bu çärä Eýran Yslam Respublikasynyň medeniet we yslam ugry boýunça ministri jenap Seýed Mohammad Hoseýniniň gatnaşmagy bu wakanyň özboluşly derejä eýe bolmagyna ýardam berdi, ol Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Duşuşyk mahalynda döwlet Baştutany iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde gumanitar aragatnaşygyň möhüm ähmietlidigini belledi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi, bu çäre medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine degerli ýardam berdi. Şu günler eýranyň şekillendiriş we amaly haşam sungatynyň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergi zalynda guralan sergisine gelip gören paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna zehin bilen utgaşdyrylan döredijilik gözlegleri netijesinde döredilen eserleriň toplumy görkezildi.

Bu ýerde göm-gök syrça bilen bezelen gap-çanaklar, sandyklara nepislik bilen çekilen ösümlik görnüşindäki bezegler, dürli daşlaryň utgaşdyrylmagy, mahmal ýaly ýumşak halylaryň ajaýyp gölleri ünsüňi çekýär.

Goňşy iki ýurduň häzirki zaman sungatynyň türkmen we eýran halklarynyň çeperçilik babatdaky ýörelgeleriniň, estestiki düşünjeleriniň biri-birine has-da baglanyşdyrýandygyna göz ýetirmek kyn däl. Şunda öz mirasyňa aýawly we hakykatdan-da mähir bilen garalýandygyny görmek bolýar, häzirki döwürdäki ussatlar hut şol mirasdan ylham alyp, täsirli keşpleri döredýärler, geçmişde ýaşap geçen ussatlaryň döredijilikde gazananlarynyň örän uly taryhy gatlagy bolsa milli medeniýetiň ulgamyny emele getirýär.

Eýranly hatdatlaryň, miniatýuraçylaryň, bezegçileriň, halyçylaryň ýa-da keşde edýänleriň, agaç we daş bilen iş salyşýanlaryň nepislik bilen taýýarlan işlerini synlanymyzda, hyýaly we hakyky dünýäni sazlaşykly utngaşdyrýandygyny görüp, olaryň başarnygyna, zähmetsöýerligine we gözelligi inçelik bilen duýmagy başarýandygyna haýran galmazlyk mümkin däl. Sergidäki eserleriň aglabasynyň ruhubelentligi barada aýdylanda, tutuş dünýä ýaýran eýran, şeýle hem türkmen sungatynyň ruhy gymmatlyklarynyň şugla saçmak arkaly biziň halklarymyzyň mirasyny umumyadamzat genji hazynasyna öwrendigini aýtsa bolar.

Şol bir wagtyň özünde biziň umumy sebitimize mahsus bolan ruhy toprak elmydama dürli halklaryň, ýurtlaryň we yklymlaryň biri-birine gabat gelýän we intellektual taýdan özara täsirlenen ýeri bolupdy. Munuň özi Eýranyň häzirki döwürdäki dürli öwüşgünli sungatynyň ugurlarynda has-da aýdyň görünýär, şunda Ýewropanyň akademiki realizminiň hem-de Gündogaryň we Günbataryň köp sanly modernistik akymlarynyň özara täsiri duýulýar. Hatda Eýranyň köp asyrlary başdan geçirip däbe öwrülen hatdatlygy hem döwrüň kosmopolitik ruhuny başdan geçiripdir, ýaş ussatlaryň sergide görkezilen işlerinde şu žanryň özboluşly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň suratkeşligine mahsus bolan ýörelgeler bilen utgaşdyrylyp görkezilendigini görmek bolýar.

Megerem, ruhubelentlige ýugrulan gözellik we döredijilik eýran medenietini häsiýetlendirýän esasy alamat bolsa gerek, munuň özi edebiýatda we aýdym-sazda, sahna we kino sungatynda öz beýanyny tapýar, “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde görkezilen kino tomaşa etmäge gelenler muňa aýdyň göz ýetirdiler.

“Watan” kinokonsert merkezinde türkmen we eýran artistleriniň gatnaşmagynda guralan täsirli aýdym-sazly tomaşa iki dostlukly halklaryň hakyky baýramçylygyna öwrüldi. Bu konserte Eýranyň belli ýerine etirijileri bilen türkmen estrada aýdymçylary, bagşylar, şeýle hem “Galkynyş”, “Serdara serpaý” tans-folklor toparlary gatnaşdylar.

Öz ýurdunda meşhur bolan eýran halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirijileriň çykyşlary bu tomaşanyň täsirliligini has-da artdyrdy, olar gadymy dessanlardaky eserleri, Gündogaryň meşhur nusgawy şahyrlarynyň goşgularyna düzülen söýgi aýdymlaryny ýerine ýetirip, märekäniň göwnüni göterdiler. Şunda tomaşaçylar biziň halklarymyzyň ruhy kökleriniň diýseň ýakyndygyna, biziň aýdymlarymyzyň özara dostlukly gatnaşyklar ýaly sazlaşyklydygyna ýene-de bir gezek göz ýetirdiler.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniet günleriniň ahyrynda bu çärä gatnaşyjylar we ony guraýjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, türkmen topragyndaky şu duşuşygyň guralmagyna ýardam berlendigi we göwnejaý geçirilendigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Myhmanlar bagtyýar durmuşda ynamly gadam urýan garaşsyz türkmen döwletindäki örän uly möçberli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyna şaýat bolandyklaryny aýratyn bellediler. Türkmenistanda baý taryhy we medeni milli mirasyň aýawly saklanylýandygy we baýlaşdyrylýandygy bellenilip, munuň medeni we döredijilik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin möhüm ähmiýetlidigi hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň şol gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna degerli ýardam berjekdigi nygtady.

Medeniet günleriniň çäklerinde geirilen çäreler Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň medeniet we sungat ussatlarynyň arasynda tejribe alşylmagyna oňaýly mümkinçilikleri döredip, biziň halklarymyzyň arasynda dostlugyň we özara düşünişilmeginiň pugtalandyrylmagyna goşulan möhüm goşantlaryň ýene-de birine öwrüldi.