Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň halkara meseleleri boýunça kömekçisi - Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Daşary aragatnaşyklar departamentiniň direktory I.Muflihanowy kabul etdi.
Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti R. Minnihanowyň mähirli mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk we durnuklylyk hakyndaky arzuwlaryny ýetirdi. I. Muflihanow pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine ählihalk tarapyndan gaýtadan saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de milletiň Lideriniň ählumumy parahatçylygy ugur edinýän syýasatyny doly goldaýan türkmenistanlylaryň döwlet Baştutanyny saýlamakda aňly-düşünjeli hereket edendiklerini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Tatarystan bilen soňky ýyllarda ýola goýulýan gatnaşyklaryň derejesiniň has işjeň häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, netijeli gatnaşyklar Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen sazlaşykly ösdürilýän hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan özara bähbitli gatnaşyklaryň geriminiň giňelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti we myhman duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi we bar bolan mümkinçilikleri hem-de gatnaşyklaryň oňyn tejribelerini nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň geljegi hakynda pikir alyşdylar.
Tatarystanda Türkmenistan bilen ýola goýulýan gatnaşyklara ýokary baha berilýär diýip bellemek bilen, I. Muflihanow Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe girişýän doly ygtyýarly wekiliniň bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýändigini nygtap, Türkmenistanyň Tatarystanyň iri kompaniýalary bolan “KAMAZ” awtomobil gurluşyk kärhanasy we “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýeti bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk bar bolan mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip bellediler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň halkara meseleleri boýunça kömekçisi söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşine ýokary baha berip, däp bolan hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýan medeni-gumanitar gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmeginiň derwaýysdygyny bellediler. Şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda Tatarystanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini, onuň çäklerinde aýdym-saz çykyşlarynyň, sergileriň guraljakdygyny, döredijilik toparlarynyň, şol sanda Uly tatar drama teatrynyň çykyşlarynyň boljakdygyny habar berdi. Şeýle hem iki tarapyň hem aýratyn üns bermegi netijesinde bilim ulgamynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň halkara meseleler boýunça kömekçisi I. Muflihanow hoşlaşanlarynda birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýtdylar we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.