Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 781
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gülçemen Ýagmyrowna Myratberdiýewa Daşoguz welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.

* * *

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmak, talyplaryň halkymyzyň taryhyny we medeni mirasyny, ylmy-tehniki özgertmeleri öwrenmäge döredijilikli çemeleşmeklerini höweslendirmek, şeýle hem ýaş nesli ata Watanymyzyň beýik ogullarynyň durmuşynyň mysalynda terbiýelemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda 2012-nji ýylyň 1-nji aprelinden başlap, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň talyp hakyny döretmek bellenildi. Şeýle hem resminama bilen Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary üçin bellenilýän atly talyp haklarynyň sany we möçberleri, olaryň paýlanylyşy tassyklanyldy.

* * *


Ýurdumyzyň ykdysadyýetini yzygiderli ösdürmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak, nebit önümleriniň rejeli peýdalanylmagyny gazanmak we Türkmenistanyň içerki bazarynda ýerlenmegini has-da tertipleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen hususy ýeňil awtoulag serişdeleriniň we motosikliň eýesi bolan Türkmenistanyň raýatlaryna ähli görnüşdäki awtomobil benzininiň ýa-da dizel ýangyjynyň muzdsuz berilýän bir aýlyk çäklendirilen möçberleri tassyklanyldy.

Kararda Türkmenistanyň raýatlaryna muzdsuz berilýän ähli görnüşdäki awtomobil benzininiň we dizel ýangyjynyň olara täjirçilik maksatlary üçin däl-de, şahsy maksatlar üçin ulanmaga berilýändigi nygtalýar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň raýatlaryna muzdsuz berilýän ähli görnüşdäki awtomobil benzinini we dizel ýangyjyny Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň edara-kärhanalaryna muzdsuz goýbermäge borçly edildi. Şeýle hem resminama bilen hususy ýeňil awtoulag serişdeleriniň we motosikliň eýelerine ähli görnüşdäki awtomobil benzinini we dizel ýangyjyny muzdsuz goýbermegiň Tertibi tassyklanyldy.

Şu Karar 2012-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girer.