Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine, şeýle hem käbir möhüm resminamalaryň taslamalaryna seredildi.
Döwlet Baştutanymyz ilki bilen mejlise çagyrylan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýewe söz berdi. Ol öz hasabatynda “Bagtyýarlyk” şernamalaýyn sebitinde Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň çäklerinde ýerleşýän “Şiringuýy” geologiki gurluşynda täze gözleg guýysynyň burawlanmagy netijesinde tebigy gazyň senagat akymynyň alnandygy baradaky hoş habar bilen başlady.
Ýerine ýetirilen işleriň netijesinde “Şiringuýy” ýatagyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Deslapky hasaplamalara görä, guýynyň gory gije-gündiziň dowamynda 1,5 million kub metre barabardyr. Munuň özi tebigy gazyň uly möçberdäki senagat akymy hasaplanýar.
“Şiringuýy” meýdany “Bagtyýarlyk” şernamalaýyn çägiň düzümine girýär, ol bolsa mälim bolşy ýaly, Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän bu sebit önümi paýlaşmak şertnamasy esasynda Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) bilen bilelikde özleşdirilýär we 2009-njy ýylda işe girizilen Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisiniň esasy çig mal binýady bolup durýar. 2011-nji ýylda bu ýerde gazy gaýtadan işleýän zawodyň ikinjisiniň gurluşygyna başlandy. Oňa bolsa “Şiringuýy” meýdanyndan alynýan uglewodorod serişdesi gelip gowşar.
Şeýle hem milletiň Liderine Brýusselde geçirilen Hazarüsti gaz geçirijisi boýunça üçtaraplaýyn duşuşygyň üstünlikli geçendigi, şunuň ýaly indiki duşuşygyň bolsa geljek aýda meýilleşdirilýändigi habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary “Şiringuýy” geologik gurluşygynda tebigy gazyň senagat akymynyň alynmagy bilen gutlady. Bu şatlykly hoş habar el çarpyşmalar bilen garşylandy. Munuň özi Türkmenistanyň energiýa strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gündogar sebitinde geljegi uly ýataklaryny özleşdirmäge, şol sanda Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky ylalaşyklar bilen baglylykda senagat taýdan çalt özleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Şol ylalaşyklara laýyklykda Hytaýa iberilýän gazyň möçberini ýylda 65 milliard kub metre ýetirmek üçin Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisi boýunça türkmen “mawy ýangyjynyň” eksportunyň möçberini tapgyrlaýyn artdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Türkmenistan ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, özüniň dünýäniň esasy energetika bazarlaryndaky ornuny has giňeldýär. Şunda türkmen döwleti köp ugurly gazulag ulgamyny döretmek babatda iri taslamalary durmuşa geçirip, şeýle hem ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda özüniň halkara başlangyçlaryny öňe sürüp, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy meselelerine jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş dolandyryjysy H.Muhammedow özüne ynanylan düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem gözegçilik edýän desgalarynda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Diwanyň işini, hökümet we dolandyryş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we kämilleşdirmek, önümçilige täze tehnologiýalary we häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak we bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz gözegçiligindäki düzümleriň işini utgaşykly alyp barmak hem-de olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ýurdumyzda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän häzirki zaman kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Täze kanunçylyk namalarynyň ählisiniň parlament tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralary bilen ysnyşykly gatnaşyklarda işlenip taýýarlanylýandygy bellenildi. Şol kanunçylyk namalary milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli maksatnamalaryny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge, türkmen jemgyýetinde jebisligi we durnuklylygy berkitmäge, onuň demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga ýardam etmelidir.
Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, täze taryhy eýýamyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, ýurdumyzda demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmagyň, halk häkimiýetliliginiň esaslaryny pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawçylaryň ynamynyň deputatlary öňünde uly jogapkärçilik goýýandygyny belläp, deputatlaryň ýerlerde öz saýlawçylary bilen has ysnyşykly gatnaşyk etmelidigini, halkyň saýlanlarynyň wajyp durmuş meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmalygyny ýene-de bir gezek nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer ýurdumyzda milli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň indiki hepdede Ukraina boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýayly, saparyň çäklerinde Kiýewde ýokary derejedäki türkmen-ukrain gepleşikleri geçiriler. Onuň jemleri boýunça häzirki döwürde uly ösüşe eýe bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň kadalaşdyryş-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär. Saparyň maksatnamasynda Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky uzak geljegi nazarlaýyn özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirjek birnäçe ikitaraplaýyn duşuşykar we dürli çäreler göz öňünde tutulýar.
Döwletara garnaşyklaryny ähli möhüm ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmegiň jähetinde ýokary derejede geçiriljek türkmen-ukrain gepleşikleriniň ähmiýeti barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň özara hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini doly güýjünde durmuşa geçirmäge, ony türkmen we ukrain halklarynyň bähbitlerine hem-de häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän täze derejä çykarmaga bolan meýillerini kanagatlanma bilen belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz deňhukuklylyk, işjeňlik we özara bähbitlilik esaslaryna daýanýan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de goňşy ýurtlar bilen bolşy ýaly, dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşen daşary ýurtlar, şol sanda Ukraina bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga meýillidigini nygtady.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň Ukraina boljak saparynyň medeni maksatnamasy barada hasabat berdi. Döredijilik wekiliýetiniň düzümine biziň ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň, belli aýdym-saz toparlarynyň we ýerine ýetirijileriniň girendigi bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we Garaşsyz hem Baky Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan halkara hyzmatdaşlyk syýasatynda milli medeniýetiň möhüm ornuny nygtap, dünýäde türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny mundan beýläk-de giňden wagyz etmek meselelerine ünsi çekdi. Şol gymmatlyklar bolsa biziň ruhy genji-hazynamyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz türkmen topragynyň ajaýyp tebigy gözelliklerini, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzdaky oňyn özgertmeleri we halkymyzyň ruhy baýlyklaryny wasp edýän filmleri, döwrebap aýdym-saz eserlerini döretmegiň, gazet-žurnallaryň we kitaplaryň ýeterlik nusgada we ýokary hilli çap edilmeginiň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi we oňa anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew ýurdumyzyň maliýe-ykdysady we bank edaralaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde hökümet Baştutanynyň orunbasary Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň welaýatlardaky, şäherlerdäki we etraplardaky düzümlerini döwrebaplaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyz ilaty iş bilen üpjün etmek, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak we raýatlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmegiň möhümdigine ünsi çekip, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň düzümine girýän edaralary döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz degişli desgalaryň durkuny täzelemek boýunça işleri maliýeleşdirmek babatdaky teklipleri makullap, wise-premýere işleri çaltlandyrmagy hem-de gurluşygyň hilini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra milletiň Lideri wise-premýere ýüzlenip, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine pugta gözegçilik etmegiň, ykdysady zolaklary, tehnoparklary, innowasiýalary döretmegiň, iş orunlarynyň sanyny artdyrmagyň, ýurdumyzyň halk hojalygynyň haýsy pudaklaryna ýokary hünärli işgärleriň gerekdigini öwrenmegiň zerurdygy barada aýdyp, bu ugurda degişli işleri geçirmek hakynda görkezme berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şeýle-de bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň daýhan hojalyklarynyň hemmesi gowaça ekişi üçin ýokary hilli tohumlar hem-de ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary bilen doly üpjün edildi. Şeýle hem häzirki döwürde güýzlük däne ekinlerine ideg etmek işleri, ýerleriň ýagaýyny gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn agrotehniki çäreler alnyp barylýar diýip, A.Ýazmyradow aýtdy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümine guramaçylykly girişildi. Häzirki döwre çenli 240 müňden gowrak guzy alyndy, şeýle hem şu ýylyň 10-njy martynda boljak ählihalk ýowaryna ýokary derejede taýýarlyk görüldi.
Döwlet Baştutanymyz ekerançylaryň netijeli işleri we oba hojalyk tehnikalarynyň rejeli peýdalanylmagy ugrunda zerur şertleriň döredilmelidigini belläp, ýaz ekişinde ähli düzümleriň anyk we sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, ylym bilen tejribäniň sazlaşykly bolmagyny üpjün etmek we daýhanlaryň, agronomlaryň, kärendeçileriň we mehanizatorlaryň işini utgaşdyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň oba hojalyk toplumynyň durnukly ösüşini üpjün etmek, oba düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, oba ilatynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigini belledi.
Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bag ekmek boýunça döwlet derejesinde düzülen maksatnamanyň uly ähmiýete eýedigi barada bellemek bilen, milli Liderimiz halkymyzyň amatly durmuş şertleriniň döredilmegi üçin, öňi bilen oňaýly ekologiýa ýagdaýynyň kemala getirilmelidigini nygtady we degişli ýolbaşçyllara öňde boljak ýowara jogapkärçilikli çemeleşmek, ilatly ýerleriň töwereginde täze seýilgäh zolaklaryny döretmek barada anyk tabşyryklary berdi. Seýilgäh zolaklary adamlaryň oňaýly ýaşaýyş şertlerini üpjün eder diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz ýowaryň ählihalk baýramçylygy hökmünde ýokary ruhy göteriliş ýagdaýynda geçirilmelidini we trükmen halkynyň zähmetsöýerliginiň, topraga bolan belent söýgüsiniň nyşanyna öwrülmelidigini tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew özüniň gözegçilik edäýn ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, ýurdumyzda ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça döwletimiziň durmuş syýasaty we milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Şeýle hem wise-premýer ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary üçin atly talyp haklaryny bermek bilen baglanyşykly meseleler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen, düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we onuň çäklerinde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň möhüm ähmitýetiniň bardygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary üçin atly talyp haklary hakyndaky” Kararyň taslamasyna gol çekip, döwletimiziň ýurdumyzda ylmy we bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, ýaşlaryň halkara derejelerine laýyk gelýän döwrebap bilim alyp bilmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi ugrunda zerur tagallalary etjekdigini nygtady we munuň özi Watanymyzyň halk hojalygynyň ussat hünärmenleri bilen üpjün edilmegini şertlendirer diýip belledi.
Milli Liderimiz Aşgabatda we welaýatlarymyzda çagalar üçin mekdep-internatlary gurmagyň, elektron resminamalar dolanyşygy boýunça hukuknamalary işläp taýýarlamagyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işini has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtamak bilen, Hökümet Baştutanynyň orunbasarlaryna anyk görkezmeler berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gurluşyk we energetika pudaklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we elektrik energetikasynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belläp, ýurdumyzyň energetika syýasaty Türkmenistanyň senagatynyň, oba hojalygynyň, durmuş ulgamynyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga, şeýle hem beýleki döwletlere iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilendir diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň halkalaýyn energetika ulgamyny döretmäge, energetika desgalarynyň birnäçesiniň durkuny täzelemäge we döwrebaplaşdyrmaga, önümçilige daşary ýurtlaryň energiýa tygşytlaýan tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga ünsi çekdi. Munuň özi elektrik energiýasy bilen üpjünçiligiň ýokary derejesini gazanmaga mümkinçilik berer, ýurdumyzyň energetikasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkider we türkmen elektrik energiýasynyň eksport ugurlarynyň ygtybarly köp ugurly ulgamyny döreder.
Hormatly Prezidentimiz ýol gurluşygy boýunça ökde hünärmenleri taýýarlamaga, ýollary yşyklandyrmak üçin çyralaryň döwrebaplygyny üpjün etmäge, gara ýollaryň we köprüleriň gurluşygyny çaltlandyrmaga berk gözegçilik etmegi wise-premýeriň öňünde wezipe edip goýdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-prmýer şeýle hem, demir ýol, awtomobil, suw we ulag kärhanalaryň işini mundan beýläk-de gowulandyrmak, olary döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ösüş maksatnamalarynda bellenilen giň möçberli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň ornunyň artýandygyny nygtap, onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we hilini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda görkezip, geljekde hem bu pudaklaryň ösdürilmegine uly üns berler diýip aýratyn nygtady. Şu maksatlar bilen döwlet yzygiderli täze tehnikalary we enjamlary satyn alýar, täze düzümleýin desgalary gurmak baradaky taslamalara maýa goýar diýip, milli Liderimiz belledi. Öz nobatynda, pudaklaýyn kärhanalar howa, demir ýol we awtomobil ulaglarynyň ýolagçylaryna ýokary derejede hyzmat edilmegini üpjün edilmelidirler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň ilatyna hödürlenýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň ähli görnüşleriniň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak we giňeltmek boýunça zerur çäreler görülmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmekde ulag ulgamynyň ähmiýetini belläp, ýurdumyzyň içinde hem, halkara ulag ugurlarynyň okgunly ösmegi jähetinden hem howa gatnawlarynyň ornunyň artýandygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de Türkmenistanyň Senagatlar we telekeçiler birleşiginiň döredilmeginiň 4 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek sergä hem-de maslahata görülýän taýýarlyk hakynda habar berdi. Bellenilişi ýaly, her ýylda geçirilýän bu ykdysady gözden geçirilişde ýurdumyzyň dürli ulgamlar boýunça ýörite iş alyp barýan telekeçileriň azyk pudagynda, gurluşyk materiallary senagatynda, mebel önümçiliginde we beýleki ugurlarda öndüren önümleriniň giň görnüşi görkeziler.
Şeýle hem wise-premýer şu ýylyň 12-nji maýyndan 12-nji awgustyna çenli bolan aralykda Koreýa Respublikasynyň Ýosu şäherinde geçiriljek Bütindünýä “EKSPO-2012” sergisinde Türkmenistanyň gatnaşmagyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada habar berdi. Hususan-da, hökümet Baştutanynyň orunbasary sergide ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň halk hojalygyyň ähli ulgamlarynda gazanan üstünlikleri öz beýanyny tapar diýip belledi. Umuman, biziň ýurdumyzyň şunuň ýaly abraýly sergä gatnaşmagy gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen täze işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny we goşmaça maýa goýum serişdeleriniň goşulmagyny şertlendirer.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň häzirki taryhy eýýamda ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan telekeçilik bazar ykdysadyýetiniň möhüm bölegi bolup durýar diýip belledi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň haryt öndürijileri içerki we daşarky bazarda mynasyp bäsdeş bolup bilýärler diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hususy ugry höweslendirmek we ony goldamak meseleleriniň mundan beýläk-de döwletimiziň üns merkezinde durjakdygyny aýtdy. Öňde boljak serginiň we maslahatyň uly ähmiýete eýedigini belläp, milli Liderimiz olar biziň ýurdumyzda telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek işine oňaýly ýardam eder diýip belledi we olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
“EKSPO-2012” baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu iri çärä gatnaşmagy Diýarymyzyň daşary ýurtlar bilen ýola goýulýan özara peýdaly hyzmatdaşlygynyň gerimini has-da giňelder diýip belledi. Bütindünýä sergisine taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly ähli meseleleriň işlenip taýýarlanmagynyň zerurdugyna ünsi çekip, millli Liderimiz bu babatda birnäçe teklipleri aýtdy we anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda we balyk hojalygynda işleriň ýagdaýy hem-de olaryň mundan beýläk-de okgunly ösmegini üpjün etmek maksadynda görülýän çäreler “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar.
Hökümet Baştutanynyň orunbasary hususy ýeňil awoulag serişdesiniň we motosikliň eýelerine muzdsuz awtomobil benzinini we dizel ýangyjyny bermegi tertipleşdirmek bilen bagly durmuşa geçirilýän işler barada hem aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda milli ykdysadyýetiň ýangyç-energetika we himiýa senagaty ýaly möhüm pudaklarynda öňden bar bolan desgalary döwrebaplaşdyrmak we täzelerini gurmak boýunça giň möçberli maksatnamalaryň amala aşyrylýandygyny belledi. Şol desgalar dünýäniň esasy kompaniýalarynyň iň öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edilýär. Häzirki zaman önümçilik toplumlaryny netijeli dolandyrmak milli hünärmenleri öz wagtynda taýýarlamak wezipesini öňde goýýar. Şol hünärmenler geljekde täze kärhanalarda we senagat desgalarynda işlemelidirler diýip, milli Liderimiz nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz “Hususy ýeňil awtoulag serişdeleriniň we motosikliň eýelerine muzdsuz awtomobil benzinini we dizel ýangyjyny bermegi tertipleşdirmek hakyndaky” kararyň taslamasyna garady we ony makullap, degişli resminama gol çekdi. Şunda ýurdumyzda öndürilýän nebit önümleriniň rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen bu Kararyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň möhümdigi aýratyn bellenildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýurdumyzyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmek boýunça alyp barýan işine geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi we onuň netijeleri boýunça birnäçe kemçilikleriň ýüze çykarylandygy barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, işde şunuň ýaly kemçiliklere ýol berilmeli däldigini aýtdy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasaryna Pudakda ýüze çykarylan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek hem-de işi degişli guramaçylyk ýagdaýynda alyp barmak barada anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň käbir beýleki möhüm meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, olara gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk we rowaçlyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.