Ï Zenanlaryň hatyrasyna, bagtyýar eýýamyň şanyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zenanlaryň hatyrasyna, bagtyýar eýýamyň şanyna

view-icon 892
Şu gün Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bolan 8-nji marta, biziň ähli watandaşlarymyza, enelere, uýalara, gyzlara, maşgala ojagyny we paýhasly däpleri saklaýjylara bagyşlanan ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň döwlet konserti boldy.

Şol gün Mukamlar köşgüne hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, iri jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda resmi taýdan bellenen wekilhanalaryň we missiýalaryň, halkara guramalaryň, habar beriş serişdeleriniň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, talyp ýaşlar we elbetde, dabaranyň esasy sebäpkärleri bolan ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen zenanlar hem-de 8-nji martyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan eneler ýygnandylar.


“Zenan mähek daşydyr” diýen pähimi döreden türkmen halky adamzat taryhynyň örän irki döwürlerinden bäri ýaşaýşyň gözelligi hem-de gönezligi bolan gelin-gyzlara aýratyn söýgi we hormat bilen garaýarlar” diýip, döwlet Baştutany baýramçylyk mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň eziz enelerine, mähriban gelin-gyzlaryna Gutlagynda belledi. Milletiň Lideri häzirki wagtda berkarar döwletimiziň bagtýyarlyk döwründe paýhasly türkmen zenanlary mähriban Watanymyzyň we halkymyzyň abraýyny artdyrmak bilen hemmelere görelde bolarlar diýip ynam bildirdi. Goý, geljekde hem bilimli-terbiýeli, edepli, ýokary ahlakly nesilleri—Watanyň hakyky perzentlerini kemala getirmegi özleriniň baş maksatlary hasaplaýan, ýüregi mähirden doly enelerimiziň göreldesi bagtyýarlyk döwrüniň mukaddes ýörelgeleriniň birine öwrülsin! Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu arzuwy türkmen zenanlarynyň hormatyna geçirilen ähli baýramçylyk çäreleriniň şygary boldy.

Mukamlar köşgündäki konsertde eziz Watanymyz we ene, watançylyk hem-de borja wepalylyk, gözellik we söýgi ýaly ajaýyp düşünjelere bagyşlanylan aýdymlar we sazlar ýaňlandy. Türkmen estrada aýdymynyň ussatlary, “Galkynyş”, “Näzli”, “Serdara serpaý”, “Laçyn”, “Meňli” we başgalar ýaly meşhur tans toparlary özleriniň joşgunly çykyşlary bilen köp sanly tomaşaçylaryň göwnüni göterdiler. Aýdym-sazly, tans çykyşlaryna Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary hem gatnaşdy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan höwesjeň ýerine ýetirijileriň birleşen topary ajaýyp folklor çykyşyny görkezdi.

Türkmen opera we estrada sazynyň, horeografiýa we sahna sungatynyň

ýyldyzlaryny birleşdiren ägrit uly çykyşa gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan ýerine ýetirilen “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri” diýen watançylyk aýdymy döwlet konsertiniň jemleýji çykyşy boldy.

Konsert ruhubelentligiň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de Watanymyza çäksiz söýginiň hakyky baýramçylygy boldy. Onuň göwün galkyndyryjy owazlary ähli enelere minnetdarlyk we ýurduňa buýsanç, häzirki berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe täze ýeňişli üstünliklere çagyryş bilen utgaşdy.

Täze eýýamyň aýratynlygy milletimiziň iň oňat zenanlaryna agzybirlik bilen tagzym etmegi hem-de Watanymyza wepalylygy baglanyşdyryp, türkmen halkynyň iň oňat sylag-sarpany we şöhraty özünde jemleýändiginden ybaratdyr. Şol günler her bir döredijilik topary türkmen edebiýatynyň görnükli nusgawy şahyrlary tarapyndan wasp edilen zenanlary özleriçe gutladylar, bu ajaýyp durmuşyň dowamat dowamy, milletimiziň ruhy başlangyçlaryny, Watanymyzy şöhratlandyrýar.

Şu günler bütin ýurdumyzda bahar dabaralarynyň ajaýyp däplerine laýyklykda ýurdumyzyň Prezidentiniň adyndan Türkmenistanyň ähli zenanlaryna pul sowgatlaryny gowşurmagyň, eneleri, önümçiligiň öňdebaryjylary bolan aýal-gyzlary, ähli şäherlerde we obalarda geçirilen dürli bäsleşikleriň ýeňijilerini hormatlamak dabaralary boldy, olarda baýramçylyk çykyşlary ýaňlandy.

Ýurdumyzyň ähli medeniýet merkezleri oba zähmetkeşlerine hem-de telekeçi zenanlara, öý hojalykçylaryna we amaly-halk sungatynyň ussatlaryna, kärendeçilere hem-de tikinçilere, halyçylara we köp çagaly enelere iň gowy arzuwlary ýollap, 8-nji marta bagyşlanyp ýörite taýýarlanylan sahna çykyşlaryny sowgat etdiler.

“Arkadagy alkyşlaýar eneler” diýen şygar bilen hemme teatrlarda baýramçylyk çäreleri geçirildi. Ussat we höwesjeň artistler öz döredijiligini ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda yhlasly şähmet çekýän aýal-gyzlara bagyşladylar.

Paýtagtymyzyň teatrlarynyň üçüsiniň tomaşa zallary 8-nji martda agşam köp märekeli boldy: bu ýerde teatrlaşdyrylan çykyşlar görkezildi. Olaryň baş gahrymanlary berkarar döwletimiziň bagtyýar zenanlarydyr. Mollanepes adyndaky talyprar teatrynyň we Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň ýaş artistleri “Bagtyýar ýaşlardan alkyş Size, Arkadag!” we “Siz türkmene Arkadag!” diýen çykyşlary tomaşaçylara hödürlediler.

Sahnadan türkmenleriň gadymy topragynyň deňsiz-taýsyz gözelligi, bagtyýar ýaş nesliň milletiň Liderine hoşallygy hakyndaky şygarlar we aýdymlar ýaňlandy. Tutuşlygyna alnanda, sahna çykyşlary häzirki wagtda türkmen jemgyýetinde dabaralanýan agzybirlik we ýokary ruhy göteriliş ýagdaýyny beýan etdi. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň topary şu gün öz ýerine ýetirijileriniň aýdym-saz başarnyklary bilen tomaşaçylaryň göwnüni göterdi, olar dünýä halklarynyň aýdymlaryndan we tanslaryndan, şeýle hem wäşileriň çykyşlaryndan ybarat bolan çykyşlary görkezdiler.

Mälim bolşy ýaly, milletiň Lideri Gurdanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan paýtagtymyzdaky “Ylham” seýilgähi Aşgabadyň özboluşly ajaýyp ýeri, milli şöhratyň seýilgähi bolup durýar, çünki bu ýerde türkmen medeniýetini we ruhubelentligini, sungatyny hem-de ylmyny ösdürmäge uly ygoşant goşan türkmen halkynyň beýik ogullarynyň heýkelleri oturdyldy. Görnükli şahsyýetler minnetdar halkyň hakydasynda hemişelik galdy, olaryň mirasy bolsa häzirki wagtda täze mazmuna eýe boldy. Indi bu beýik ynsanlaryň heýkelleri däp boýunça köpçülikleýin baýramçylyk gezelençleriniň, çäreleriniň we dabaralarynyň geçirilýän ýerine öwrülen paýtagtymyzyň merkezindäki iň ajaýyp seýilgähde aýratyn ruhy ýagdaýy döredýär. Halkara zenanlar gününiň hormatyna bu ýerde agşam ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan guralan döredijilik toparlarynyň we estrada aýdymçylarynyň konserti boldy.

Döwlet sirki 8-nji mart baýramyna bagyşlap, aýdym-sazlardan we iň oňat sirk çykyşlaryndan, şol sanda tälim berlen haýwanlaryň gatnaşmagynda çykyşlardan ybarat bolan maksatnamany taýýarlady. Şu gün agşam ähli ýaşdaky aşgabatlylar bu ýere geldi. Olaryň hatarynda ýaşlar we öz çagalary hem-de agtyklary bilen gelen bagtyýar maşgalalar köp boldy. Ajaýyp özboluşly sirk çykyşlaryna gatnaşyjylar--ussat žonglýorlar, başarnykly gimnastikaçylar we özüne çekiji masgarabazlar, şeýle hem Aşgabat sirkiniň ussatlyklary boýunça deňsiz-taýsyz atly toparlary öz sungatyny mähriban enelere bagyşladylar.

Häzirki wagtda döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady ösüşiniň barşynda zenanlaryň barha artýan orny türkmen jemgyýetiniň häsiýetli alamatlarynyň biridir. Döwletimiziň üns bermegi we ählumumy söýgüsi bilen gurşalan Türkmenistanyň zenanlary halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýärler. Olaryň köpüsi Türkmenistanyň ministrliklerinde we pudaklaryň edaralarynda, müdirliklerde jogapkärli wezipeleri eýeleýärler. Şonuň üçin hem zähmetkeş zenanlary hormatlamak Halkara zenanlar gününiň esasy aýratynlygy boldy.

Şu gün köp sanly çäreler: ýurdumyzyň we paýtagtymyzyň, ähli etrap we welaýat merkezleriniň baş meýdançalarynda, welaýat teatrlarynda hem-de taryhy-ülkäni öwreniş muzeýlerinde, paýtagtymyzyň kinokonsert merkezlerinde we beýleki bilim we medeniýet edaralarynda geçirilen çeperçilik sergileri, döredijilik duşuşyklary we şahyrana agşamlar, konsertler, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hem-de hünär boýunça bäsleşikler zenanlara bagyşlandy.

… Halkara zenanlar gününiň ýazda bahar gülleriniň açylýan günlerinde, tebigatyň janlanýan döwründe bellenilýändigi çäksiz simwolikidir, tiz wagtdan Köpetdagyň dag etekleri güläleklere bürener, biziň ýurdumyzyň giňişliklerini türkmen zenanlarynyň zähmetsöýer elleri bilen dokalan ertekilerdäki ýaly owadan hala çalymdaş bolar, zenanlaryň kalbynda bolsa gözelligiň we şahyranalygyň sazlaşygy jemlenendir.

Biziň ülkämiziň tebigaty bahar paslynda ene ýylgyryşyna juda meňzeşdir, ol kalbyňda bahary oýarmaga ukyply bägül ýaly ajaýypdyr hem-de ezizdir. Çünki zenanlar we bahar Ýer ýüzünde ajaýyplygyň aýdymydyr. Biziň Watanymyzyň ähli künjeklerinde geçirilen baýramçylyk çäreleri hut şu sazlaşyga we türkmen halkynyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän zenanlara hormat-sarpasyna bagyşlandy.