Ï Türkmenistan-ABŞ: gumanitar ulgamda hyzmatdaşlyk ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-ABŞ: gumanitar ulgamda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

view-icon 621
Oswego şäherindäki Nýu-Ýork döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň professory – amerikan alymy we zenanlaryň taryhy boýunça hünärmen doktor Jeraldin Forbsyň şu günler biziň ýurdumyza amala aşyrýan sapary gumanitar ulgamda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň üstünlikli ösýänliginiň aýdyň mysalydyr.

Saparyň barşynda amerikaly taryhçy ýurdumyzyň dürli okuw mekdeplerinde, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileriniň, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteiniň taryh we daşary ýurt dilleri fakultetleriniň talyplarynyň öňünde çykyş eder.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmenleri we doktor Forbs tarapyndan paýtagtymyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bilelikde guralan sergi “Sungat we fotosuratlar arkaly türkmen zenanlarynyň durmuşy” diýen mowzuga bagyşlanar. Muzeýe gelýänler türkmen suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň türkmen zenanyna bagyşlanan işleri bilen tanyşdyrylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan aýal-gyzlara bilim almak, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmak, ösüp gelýän nesli terbiýelemek üçin uly mümkinçilikleri döretmek bilen, zenanlaryň hukuklaryny goramak boýunça öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny anyk işleri bilen subut edýär. Amerikaly alym zenan munuň şeýledigine türkmen jemgyýetiniň aýal-gyzlary bilen duşuşyklarynyň barşynda aýdyň göz ýetirip biler.