Ï Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna badalga berdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna badalga berdi

view-icon 566
Şu gün irden ählihalk ýowaryna köp sanly gatnaşyjylar Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýän Çandybil şaýoluna ýygnandylar. Bu ajaýyp häzirki zaman şaýoly Köpetdagyň eteginde, türkmen paýtagtynyň täze, okgunly kemala gelýän işewür merkezinde ýerleşýär.

Ak mermere örtülen şäheriň etegindäki dag gerişleri şu bahar günlerinde ýaşyl begrese bürenýär, basym meýdan gülleri açylyp, şol ýerleri bezär. Beýik dag gerişleriniň etekleri indiden beýläk has hem ajaýyp bagy-bossanlyga öwrüler, şol ýerde el bilen döredilýän tokaýlar eýýäm emele geldi. Sebäbi şu gün hut şol ýerde bütin ýurdumyzda ýaýbaňlanan uly möçberli bagy-bossanlyga öwürmek baradaky çärä badalga berildi.

Hormatly Prezidentimiziň awtomobili ählihalk ýowaryna badalga berilmeli ýere gelýär. Milletiň Liderini Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen diplomatik korpusyň baştutanlary, ýokary okuw mekdepleriniň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşylaýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşýar. Türkmenistany gülläp oturan bagy-bossanlyga öwrümek baradaky başlangyç berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmenistanlylaryň bagtly durmuşy üçin ähli zerur şertleriň döredilýändiginiň, kuwwatly döwletimizde adamlaryň maddy hal-ýagdaýyny pugtalandyrmak hakynda ýadawsyz alada edilýändiginiň ähmiýetli tarapydyr, şu gün hem şol başlangyjy durmuşa geçirmekde ýene-de bir möhüm ädim ädildi.

Halkymyzyň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyz ilkinji agaç nahalyny oturdyp, ýazky bag ekmek möwsümine badalga berdi. Asylly çärä gatnaşýanlaryň hemmesi hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, agaç nahallaryny oturtdylar. Şeýle ýagdaýlarda bolşy ýaly, hiç kim – uludan başlap kiçä çenli bu ählihalk işinden çetde durmaýar, çünki il-ýurt bähbitli işe gezek gelende halk has-da jebisleşýär. Bu gün hem hut şeýle boldy. Türkmenistanda hemişe agaç nahalyny oturdýan adam aýratyn hormata mynasypdyr. Ählihalk ýowar gününde türkmenistanlylaryň 467 müňden gowragynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ýaýlalarynda saýaly, pürli, miweli bag nahallarynyň jemi 715 müňe golaýy oturdyldy. Şeýle hem eýýäm bar bolan agaç nahallarynyň 2 milliona golaýyna bolsa ideg etmek boýunça degişli işler geçirildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda eýýäm bu ugurda geçirilen köp ýyllyk işler öz miwesini berýär, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giňişleýin çäklerde el bilen döredilen tokaýlar peýda boldy, şol tokaýlarda agaçlaryň sany eýýäm onlarça milliona ýetýär. Her bir şäheriň, etrabyň, obanyň töwereginde giň tokaýlyklar peýda bolýar, Köpetdagyň dag etekleri, akabalaryň we derýalaryň kenarlary, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň eteklerindäki deňiz ýakalary ýaşyl lybasa bürenýär.

Bu işleriň möçberleri aklyňy haýran edýär, çünki ençeme million agaçlardan ybarat bolan ýurdumyzyň el bilen döredilen tokaýlary ýakynda-da daglaryň ýalaňaç gerişlerinde we çölüň akyp ýatan çägelikleri bolan ýerlerde peýda bolýar.

Gerimi boýunça ägirt uly bolan bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasyny durmuşa geçirmek howanyň üýtgemeginiň zyýanly netijelerine garşy göreş alyp barmak baradaky ählumumy işine hem önjeýli goşantdyr. Tokaýlar amatly howa ýagdaýyny hem döredýär, ýurdumyzyň şäherlerini we jülgelerini Garagumuň howrundan, gyşyň aýazly ýellerinden goraýar.

Şu gün bütin ýurdumyzda ählihalk ýowary badalga aldy. Paýtagtymyzyň günorta böleginden başga hem Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerindäki giň tokay zolaklarynda uly möçberli bagy-bossanlyga öwürmek çäresi ýaýbaňlandy, ägirt uly care—türkmen topragyna bolan hakyky perzentlik söýgüsiniň baýramçylygy bu gün berkarar Watanymyzyň ähli künjeklerini gurşap aldy. Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylda Aşgabadyň eteklerinde Änew we Baharly şäherleriniň arasynda ýaprakly, pürli, miweli agaçlaryň we üzümiň 1,5 million düýp nahallaryny oturtmak bellendi. Welaýatlarda hem 1,5 million düýp agaç nahallary oturdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2-nji martda bolan mejlisinde degişli karara gol çekdi. Şol karary durmuşa geçirmek ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň üstüne ýüklendi. Şu gün geçirilen çäre hem bu uly möçberli bagy-bossanlyga öwürmek çäresine badalga berdi. Özüne-de diňe bir pürli we ýaprakly agaçlardan ybarat bolan bezeg agaçlarynyň däl, eýsem, miweli agaçlaryň nahallary hem oturdylar, mahlasy, türkmen topragy gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwrüler.

Döwletimiziň aýratyn üns bermegine we goldawyna mynasyp bolýan ýurdumyzyň tokaýçylyk ulgamy türkmen jemgyýetinde ekologiýa medeniýetiniň ýokary derejesini görkezýär. Her ýyl türkmen halkynyň mähriban topragymyzy gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek baradaky mukaddes arzuwyny durmuşa geçirmek üçin agaç nahallaryny oturtmagyň täze tapgyrlary badalga alýar. Bagy-bossanlyga öwürmek baradaky çäräniň barşyna döwlet Baştutany yzygiderli we ýadawsyz üns berýär, ol ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli maslahatlarda ara alnyp maslahatlaşylýar.

Bu gün täze ýaş agaç nahallarynyň müňlerçe düýbi Köpetdagyň etegindäki ajaýyp Çandybil şaýolunyň töwereklerini bezedi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde şu günki şanly waka mynasybetli berlen baýramçylyk sadakasyna gatnaşdy. Soňra döwlet Baştutanymyz ýowara gatnaşanlar bilen mähirli hoşlaşýar. Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiziň awtomobili tokay zolagynyň çäklerinden çykýar.

Türkmenistany gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek baradaky iş dowam edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň mähriban Watanymyzy bagy-bossanlyga öwrümek baradaky öňden gelýän asylly arzuwy amala aşyrylýar. Çöllüklerden ybarat bolan we Günüň ýiti nury saçylýan ýurtda bu ugurda köpýyllap geçirilen işler eýýäm öz miwelerini berýär, bu ýerde tokaýlary emele getirmegiň iň häzirki zaman tilsimatlary öz netijeliligini görkezdi.