Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 641
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi, oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, şeýle hem ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Olar döwlet Baştutanyna özlerine ynanylan ulgamlarda işleriň ýagdaýy we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewany çagyrdy. Mejlisiň Başlygy milli parlamentiň deputatlarynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek hem-de kanunçylyk ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada aýtdy.

Hususan-da, A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň Mejlisiniň 4-nji çagyrylyşynyň nobatdaky 14-nji maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk--onuň gün tertibine birnäçe kanunlaryň taslamalaryny kabul etmek, hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hem-de kararlary kabul etmek bilen baglanyşykly meseleleriň girizilendigini habar berdi.

Milli parlamentiň Başlygynyň belleýşi ýaly, nobatdaky maslahatyň barşynda garaljak meseleler ýurduň abadançylygyna, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdiriler, şeýle hem olar Mejlisiň işiniň netijeliligini üpjün eder.

Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, Mejlisiň 4-nji çagyrylyşynyň 14-nji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary derejede guralmagyna ünsi çekdi hem-de onda garaljak meseleler döwrüň talaplaryny, şeýle hem strategik döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine we raýatlarymyzyň abadançylygyna gönükdirilen täze kanunçylyk namalarynyň many-mazmunynyň ilatyň giň gatlagyna ýetirilmegini nazara almak bilen, döwletimiziň kanunçylygynyň kämilleşdirilmegini üpjün etmelidir diýip belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz maslahatda kabul edilýän kanunlar, kararlar we kanunlara girizilýän üýtgetmeler, goşmaçalar berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk gelmelidir diýip nygtady.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy. Wise-premýer şeýle hem Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara iberilişini artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň “Türkmeneksport” kärhanasyny döretmek meselesi boýunça taýýarlanan teklipler barada habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagatynda dokma pudagynda, söwda we hyzmatlar ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmak bilen bagly meselelere ünsi çekip, bazarlarda haryt bolçulygynyň döredilmegi, olaryň nyrhlarynyň ilata elýeterli bolmagy üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilişini artdyrmak üçin boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtap, hödürlenen teklipleriň üstünde işlemek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatynda ýurdumyzyň gurluşyk we energetika ulgamynda alnyp barylýan işler hakynda hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, Gökderede we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda çagalar sagaldyş merkezlerini gurmak, olary tomus möwsümine taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy. Hasabatda şeýle hem ýurdumyzyň gurluşyklarynda maýa goýum maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolan gurluşyk toplumynda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek we hilini ýokarlandyrmak boýunça zerur tagallalaryň görülmelidigini belläp, çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine çenli degişli düzümdäki desgalaryň gurluşygynyň tamamlanmagyna pugta gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bina edilýän desgalarda işleriň barşyna, olaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup gutarylmagynyň üpjün edilmegi üçin ähli zerur tagallalary görmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministri B.Annabaýramowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol geçen şenbede hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda geçirilen ählihalk ýowaryna 500 müňe golaý adamyň gatnaşandygyny, olaryň birleşen tagallalary netijesinde miweli we saýaly agaç nahallarynyň 7 ýüz müňden gowragynyň ekilendigini, şeýle hem şol gün ozal ekilen baglaryň 2 milliona golaýyna ideg edilendigini habar berdi. Şeýle hem ministr ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler hakynda hasabat berildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda güneşli Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda alnyp barylýan işleriň uly ähmiýete eýedigini belläp, zähmet siňdirilip ekilen baglaryň göwnejaý idegini ýola goýmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilmelidigini aýratyn nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Köpetdagyň etegindäki gözel künjeklerinde seýilgäh zolaklaryny döretmek, Saglyk ýolunyň ugrunda ekilen baglara ideg etmek boýunça maksatnamalaýyn işleri alyp barmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň Başlygy A.Garaýew çagyryldy. Ol ýurdumyzda neşekeşligiň soňuna çykmak we neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ynsan saglygy we jemgyýetiň doly ösüşi üçin ýowuz bela bolan neşekeşlige garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagyň zerurdygy barada aýdyp, bu ugurda degişli düzümler bilen jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde iş alyp barmalydygyny belledi. Häzirki döwürde ýurdumyzda bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek, emma muňa garamazdan, il içinde şu haram pişä baş goşýanlaryň tapylýandygy ýüze çykýar. Neşe söwdasy ýaly haram işe goşulýanlaryň arasynda zenanlaryň bardygy has-da gynandyrýar diýip, milli Liderimiz nygtady. Tutuş adamzat üçin haramlyk hasaplanýan bu pişe zenan mertebesine düýbünden ters gelýär diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz neşekeşlige garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan işlere ähli jemgyýetçilik guramalaryny çekmek işiniň netijeliligini gazanmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilen iş maslahatyny jemläp, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşini hem-de halkymyzyň maddy-hal ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün eder diýip belledi.

Maslahatda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň başga-da birnäçesine garaldy.

Milli Liderimiz iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine ýurdumyzyň ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.