Türkmenistanyň Prezidentiniň Ukraina döwlet sapary tamamlandy
Şu gün, Ukraina döwlet saparynyň jemleýji güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Ýokary Radasyna, şeýle hem Kiýewiň iri medeni desgalarynyň birine baryp gördi.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn, saparyň birinji güni Kiýewde ýokary derejedäki türkmen-ukrain gepleşikleri üstünlikli geçip, olar iki döwletiň we halklaryň dostluk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny, giň gerimli özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hyjuwlydygyny tassyklady. Dürli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekilmegi şol gepleşikleriň aýdyň netijesine öwrüldi.
Düýn günüň ikinji ýarymynda saparyň çäklerinde türkmen döwletiniň Baştutany we onuň ýanyndaky hökümet wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanda işleýän ukrain kompaniýalarynyň tanyşdyryş dabarasyna gatnaşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp meseleleri, şeýle hem birnäçe möhüm ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu tanyşdyryş dabarasynyň Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmeginden soň geçirilmegi ukrainaly hyzmatdaşlaryň türkmen kärdeşleri bilen özara gatnaşyklary ösdürmäge we geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge ymtylýandygyna hem-de taýýardygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça dabara gatnaşyjylar çäräni ozal meýilleşdirilen resmi ýagdaýda däl-de, işewür pikir alyşmak görnüşinde geçirdiler, munuň özi Ukrainanyň iri kompaniýalary bilen geçirilen duşuşyklaryň netijeli bolmagyna ýardam etdi. Dabaranyň barşynda Türkmenistanda işleýän “Altkom”, “Sumynyň M.W.Frunze adyndaky ylmy-önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýeti, “Turbageçirijileriň Ýewraziýa konsorsiumy”, “Interbudmontaž” we beýleki kompaniýalaryň ýolbaşçylary özara bähbitli söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdylar, şeýle hem edilen işler barada habar berdiler we Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary babatda esasy ukrain kompaniýalarynyň birnäçesiniň wekilleri bilen hyzmatdaşlykda işlenip taýýarlanan anyk teklipleri bilen tanyşdyrdylar.
Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň Ýokary Radasyna bardy. Merkezi girelgäniň öňünde belent mertebeli myhmany ukrain parlamentiniň başlygy Wladimir Litwin we Ýokary Radanyň Diwanynyň ýolbaşçysy Walentin Zaýçuk mähirli garşyladylar.
Türkmen döwletiniň Baştutany mejlisler zalyna geçýär, şol ýerde
Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň we Ukrainanyň parlamentiniň wekilleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyk boldy.
Wladimir Litwin belent mertebeli myhman bilen mähirli görşüp, dünýäniň has çalt ösýän döwletleriniň hataryna goşulan ýurt bolan Türkmenistanyň Prezidenti bilen tanyşmagyna tüýs ýürekden begenýändigini nygtady. Ýokary Radanyň başlygy düýn geçirilen ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň üstünlikli bolmagy bilen gutlap, uzak möhletleýin, özara bähbitli esasda guralýan türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ilerlejekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiç bilen gepleşikleriň ýokary netijeliligini kanagatlanmak bilen belledi. Bu gepleşikler gürrüňsiz suratda döwletara gatnaşyklaryny özara bähbitlere we häzirki zaman ýagdaýlaryna gabat gelýän täze derejä çykarmaga ýardam eder.
Duşuşygyň barşynda Ukrainanyň milli parlamentiniň ýolbaşçysy öz belent mertebeli myhmanyny ýurduň bir palataly kanunçykaryjy edarasy bolan Ýokary Radanyň döredilişiniň taryhy we onuň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Onuň düzümine bäş ýyl möhlete saýlanylýan parlamentarileriň 450-si girýär.
Mälim bolşy ýaly, Ukrainanyň Ýokary Radasynyň /Ýokary Geňeşiniň/ binasy Kiýewde iň ajaýyp binagärlik desgalaryň biri hasaplanýar. Eýwanyň we esasy zalyň içi ýelmenip edilen nagyşlar, haşamlama we ukrain halkynyň bezeg sungatynyň alamatlaryny öz içine alýan örän uly suratlar bilen bezelipdir. Binanyň merkezi binasy sekizburçly mejlisler zaly bolup, onuň üsti aýna gümmez bilen örtülipdir. 1991-nji ýylda bu ýerde Ukrainanyň döwlet Garaşsyzlygy jar edildi. Häzir Ýokary Rada ýurduň esasy syýasy merkezidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ukrain topragynda mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, döredilen ajaýyp şertleriň hem-de dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynyň Ukraina döwlet saparynyň barşynda netijeli işlemäge ýardam edýändigini nygtady.
Ukrainanyň ýokary kanunçylyk edarasynda bolup geçýän şu günki duşuşyk netijeli pikir alyşmak, parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilik berýär diýip, türkmen Lideri belledi. Häzirki döwlet sapary däp bolan dostlukly türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň täze mazmuna eýe bolýandygynyň we mundan beýläk-de ösdürmek üçin kuwwatly itergi alýandygynyň subutnamasy bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany iki ýurduň we halklaryň bähbidi üçin toplanan tejribäni we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini geljekde-de işjeň peýdalanmak möhümdir diýip aýtdy.
Türkmen Lideri Türkmenistany we Ukrainany häzirki döwrüň möhüm meselelerine garaýyşlaryň umumylygy, halkara we sebitleýin syýasatyň meseleleri boýunça oňyn gatnaşyklara iki tarapyň hem gyzyklanma bildirmegi birleşdirýär diýip nygtap, iki ýurduň abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyk edýändigini kanagatlanmak bilen belledi. Parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny we tekliplerini Ukrainanyň hemişe goldaýandygy biziň üçin örän möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistanyň Baştutany döwlet we hökümet derejesinde yzygiderli ikitaraplaýyn maslahatlaşmalaryň iş ýüzündäki ähmiýetini belläp, munuň özi hoşniýetli dostlarda bolşy ýaly, ýüze çykýan ähli meseleleri oňyn ýagdaýda çözmäge mümkinçilik berýär diýip nygtady. Biz hemişe umumy pikire gelýäris we şunda hemişe ukrain tarapynyň düşünmegine hem-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyna göz ýetirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Özara düşünişmek ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, iki dostlukly ýurduň halklarynyň eşreti üçin şol gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň döredijilik häsiýetiniň üýtgewsizliginiň girewi bolup durýar diýip, türkmen döwletiniň Baştutany nygtady. Türkmenistan öz ösüşinde özgertmeleriň täze taryhy tapgyryna gadam urýar, onuň ortaça möhletli strategiýasy 2012-2016-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi barada biziň kabul eden maksatnamamyzda kesgitlenildi diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn özgertmäge, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisiniň işini kämilleşdirmäge möhüm orun degişlidir diýip aýtdy. Bu babatda türkmen Lideri ukrain parlamentarilerini bu ugurda geçirilýän yzygiderli çäreler bilen tanyşdyrdy. Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, Türkmensitanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynda täze taryhy şertler we geljek üçin wezipeler nazara alyndy, kanunçylyk we wekilçilikli häkimiýet edaralaryna saýlawlar hakyndaky kanunlar bolsa demokratiki saýlaw işiniň ähli tapgyrlaryny jikme-jik düzgünleşdirýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseläni dowam etdirip, şuňa laýyklykda milli parlamentiň wezipeleriniň ep-esli giňeldilendigini, hususan-da, Konstitusiýany üýtgetmek, ählihalk sala salşyklary geçirmek, halkara şertnamalaryny tassyklamak we ýatyrmak, Türkmenistanyň Döwlet serhedini üýtgetmek meselelerini çözmek, parahatçylyga we howpsuzlyga degişli meselelere garamak we beýleki möhüm döwlet ygtyýarlyklary Mejlisiň üstüne ýüklenildi diýip belledi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we gurluşy hakynda söz açyp, onuň häzirki düzüminiň 2008-nji ýylda giň bäsdeşlik esasynda geçirilen deputat saýlawlarynyň jemleri boýunça düzülendigini habar berdi. Milli parlamentiň täze düzümi iki esse artdyryldy we häzirki wagtda ol 125 deputata barabardyr. Mejlisde parlament komitetleriniň bäşisi: Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitet; Ylym, bilim we medeniýet baradaky komitet; Ykdysadyýet we durmuş syýasaty baradaky komitet; Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitet; Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitet işleýär.
Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň uzak möhletli mümkinçilikleriniň strategiki ähmiýeti bardyr diýip aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazanylan ylalaşyklar we düýn bolan gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen resminamalar munuň aýdyň subutnamasydyr diýip nygtady. Şunda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň halkara-hukuk binýadyny kemala getirmek hem-de pugtalandyrmak işine uly goşant goşýan iki döwletiň kanunçylyk edaralaryna aýratyn orun degişlidir diýip, türkmen Lideri sözüni dowam etdi.
Ukrainanyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça uly tejribe toplandygyny biz Türkmenistanda oňat bilýäris, ol bizde uly gyzyklanma döredýär. Ukrain dostlarymyza hem öz nobatynda Türkmenistanyň kanunçylyk iş tejribesi bilen ýakyndan tanyşmak, biziň ýurdumyzyň hakyky ýagdaýlaryny oňat bilmek gyzykly bolar diýip hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmegiň, iki ýurduň parlamentleriniň belli bir ugurly komitetleriniň hem-de toparlarynyň derejesinde göni gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigini nygtady. Milletiň Lideri Ukrainanyň Ýokary Radasynyň wekiliýetiniň geçen ýylyň iýunynda Aşgabada bolan saparynyň ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde ähmiýetli waka bolandygyny hem belledi. Deputat toparlarynyň özara saparlary iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda peýdaly bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidenti şular ýaly gatnaşyklara iki dostlukly döwletleriň we halklaryň arasynda ýakynlaşmagyň hem-de özara düşünişmegiň ýene-de bir möhüm guraly hökmünde garalýandygyny nygtap, şu günki duşuşygyň bu ugurda ýene-de bir täsirli ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Türkmen döwletiniň Baştutany sözüniň ahyrynda türkmen parlamentarileriniň ukrain kärdeşleri bilen parlamentara gatnaşyklaryny işjeň ösdürmäge taýýardygyny belläp, Ukrainanyň Ýokary Radasynyň deputatlaryny özleri üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alşyp, iki ýurduň bu hyzmatdaşlygy okgunly giňeltmäge çalyşýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Litwin döwletara gatnaşyklarynyň möhüm şerti bolup durýan türkmen-ukrain parlamentara gatnaşyklarynyň berkidilmeginiň wajypdygyny nygtadylar.
Hoşlaşanlarynda Ukrainanyň Ýokary Radasynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edip, tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň Milli sirkiniň binasyna tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Prezident Wiktor Ýanukowiç mähirli garşylaldy.
Mälim bolşy ýaly, Ukrainanyň Milli sirki ýurtda iň irki sirkleriň biridir. Ol Kiýewde Ýeňiş meýdançasynda ýerleşýär we Ukrainanyň paýtagtynyň iri medeni desgalarynyň biri hasaplanyp, umumydöwlet we halkara taýdan ykrar edilen sirk sungatynyň merkezi bolup durýar. Onuň sahnasynda atlary ukrain we dünýä sirk sungatynyň taryhyna giren belli artistler çykyş etdiler we çykyş edýärler. Olary tomaşaçylaryň birnäçe nesli tanaýar we hormatlaýar. Bu özboluşly tejribe binýady bolup, şu ýerde nusgawy görnüşleriň derejesinde tematiki programmalar, attraksionlar we çykyşlar döreýär.
Ýeňiş meýdançasynda 1960-njy ýylda açylan Ukrainanyň Milli sirkiniň binasy sirk gurluşygynyň häzirki zaman talaplaryna doly gabat gelýän we şäherde iň uly gümmezli binadyr. 2100 orunlyk sirk ýylda dokuz aý işleýär.
1998-nji ýylda Kiýewiň döwlet sirki Ukrainanyň Milli sirkiniň derejesine hem eýe boldy. Bu ony Ukrainanyň baş sirki diýip atlandyrmaga doly hukuk berdi. Täze çykyşlaryň köp bölegi onuň binýadynda döredilip, soňra dünýäniň dürli künjeklerinde üstünlikli görkezilýär.
Häzir sirkiň sungatyň dürli görnüşlerinde çykyş edýän artistleri, balet topary, iň gowy aýdym-saz topary bar. Ýaňy-ýakynda sirkiň tehniki binýady gowulandyryldy—häzirki zaman yşyklandyryş enjamlary oturdyldy, bu öz gezeginde çykyşlary çeperçilik taýdan bezemegiň hilini ep-esli kämilleşdirmäge mümkinçilik berdi.
Şu gün bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ukraina döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň belli “Galkynyş” atçylyk sport toparynyň hem-de Ukrainanyň sungat ussatlarynyň we sirk artistleriniň çykyşlary guraldy. Gumanitar ulgamda türkmen-ukrain hyzmatdaşlygy iki ýurduň gatnaşyklarynda däp bolşy ýaly, aýratyn orun eýeleýär. Onuň esasynda biziň halklarymyzyň baý taryhy, dünýä medeniýetine goşan uly goşandy, birek-biregiň ruhy durmuşyna bolan üýtgewsiz gyzyklanmasy durýar. Sungatyň her bir görnüşi döredijilik üçin täze sepgitleri açyp, halkyň gadymdan gelýän gymmatlyklaryny artdyrmak, özara düşünişmegi we dostlugy berkitmek, iki doganlyk halkyň medeniýetlerini özara baýlaşdyrmak, ýaş nesli estetiki we ahlak taýdan terbiýelemek maksatlaryna hyzmat edip, milli we dünýäniň ruhy genji-hazynasyna goşulyşmagyna ýardam berýär.
Dünýä medeniýetinde sirk sungaty özünde gujur-gaýratyň we ruhubelentligiň ägirt uly güýjüni jemleýän sungatyň aýratyn özboluşly görnüşidir. Sahnadaky çykyşlar hemişe hakyky baýramçylyk, täsinlikler dünýäsi bolup, olarda dogumlylyk we çeýelik, ajaýyplyk we gözellik, owadanlyk we zehin dabaralanýar. Şu gün munuň şeýledigine Türkmenistandan we Ukrainadan sirk artistleriniň gatnaşmagynda guralan ajaýyp çykyşlara tomaşa etmek bagty miýesser eden adamlaryň hemmesi göz ýetirdiler. Elbetde, dabara esasy gatnaşyjylar bolan çagalarda, ertekiniň ajaýyp öwüşgini çaýylan sirk unudylmajak täsir galdyrdy.
Iki döwletiň Liderleri tomaşa zalyna geçýärler we baýramçylyk çykyşlaryna tomaşa etmek üçin şadyýan çagalaryň ýanynda oturyp, olaryň şatlygyny paýlaşýarlar. Fanfaralar ýaňlanýar we sirkiň sahnasynda haýran galdyryjy çykyşlar başlanýar.
Sirkiň arenasynda belli türkmen we ukrain sirk artistleriniň gatnaşmagynda dürli öwüşgünli çykyşlar ýaýbaňlanýar. Artistleriň arasynda ýakyn geljekde sirk sungatynyň abraýyny we şöhratyny artdyrjak ýaş ussatlar hem bar. Tomaşaçylar akrobatlaryň we gimnastlaryň, žonglýorlaryň, masgarabazlaryň we gözbagçylaryň çykyşlaryna şatlyk bilen el çarpdylar. Mahlasy, bu ýerde sirkiň jadyly dünýäsine mahsus bolan çalasynlyk, çeýelik, güýç-gaýrat we batyrgaýlyk höküm sürdi. Baş öwredilen maýmynlar we kenguru ukrain artistleriniň zehinli oýunçy ýoldaşlary boldular.
Dabarany ajaýyp ahalteke bedewlerine atlanan türkmen jigitleri dowam edýär. Olaryň her biriniň elinde Türkmenistanyň we Ukrainanyň baýdaklary pasyrdaýar. “Galkynyş” toparyndan çapyksuwarlaryň – ýurdumyzyň sirk sungatynyň iň gowy däplerini dowam etdirýän jigitleriň ahalteke bedewlerinde görkezen çylşyrymly we özüne çekiiji oýunlary çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Behişdi bedewleriň gözelligi , şeýle hem çapyp barýan atyň üstünde ata-babalarymyzdan miras galan ussatlygyň ýokary derejesini görkezen türkmen çapyksuwarlarynyň çalasynlygy tomaşaçylaryň aklyny haýran etdi.
Diňe bir milli däl-de, eýsem, umumadamzat mirasynyň aýrylmaz baýlygy bolan uçar ganatly bedewler tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrýar. Olar halkara atçylyk-sport ýaryşlarynyň we ählihalk dabaralarynyň bezegidir. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen şöhrady äleme dolan bedewler döwlet aladasy bilen gurşalyp alyndy. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça guralýan, her ýyl geçirilýän gözellik bäsleşigi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu bäsleşikde iň gözel we syratly ahalteke bedewi kesgitlenýär, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolsa halkara standartlarynyň talaplaryna doly gabat gelýän we täze tehnika bilen üpjün edilen atçylyk-sport toplumlary guruldy.
Bu gün Ukrainanyň Milli sirkiniň sahnasynda iki halkyň ruhy bitewülik we hakyky baýramçylyk ýagdaýy höküm sürdi. Artistleriň ruhubelentligi, şadyýanlygy tomaşaçylara hem täsir edýär we her bir çykyş dostlukly el çarpyşmalar bilen garşy alynýar.
“Behişdi bedewleriň” aýdym-sazly çykyşy sirk tomaşalaryny jemledi —ajaýyp ahalteke bedewleri öz eýelerine boýun bolup, artistler bilen bilelikde küştdepdi tansyny ýerine ýetirdiler. Ahalteke bedewleriniň gözelligi, syratlylygy we görmegeýligi bütin dünýäde asyrlarboýy uly täsir döredýär. Häzir bolsa bu täsin bedewler kämilligiň nusgasydyr.
Bu ajaýyp döredijilik baýramçylygy türkmen we ukrain halklarynyň özboluşly medeni mirasy, sirk sungatynyň häzirki zaman ösüşi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Ukrainanyň milli sirkinde el çarpyşmalar uzak wagtlap dowam etdi. Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleri artistlere ajaýyp çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirip we bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, sirkiň binasyndan çykýarlar.
Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleri dabara tamamlanandan soň bir-biri bilen mähirli hoşlaşdylar. Düýn ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemlerine çuňňur kanagatlanma bildirip, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wiktor Ýanukowiç iki dostlukly döwletleriň we halklaryň bähbitlerine gabat gelýän giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge üýtgewsiz islegiň bardygyny tassykladylar.
Soňra Türkmenistanyň Baştutanynyň ulag kerweni Kiýew şäheriniň “Borispol” halkara howa menziline tarap ýola düşdi. Ol ýerden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyza ugrady.
Şu gün agşam türkmen döwletiniň Baştutanynyň uçary Aşgabadyň halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ukraina döwlet saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutladylar.