Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň öňünde goýlan täze wezipelere laýyklykda onuň gurluşyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini, ХVIII-ХIХ asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren uly täsirini ylmy esasda öwrenmek, onuň döredijiliginiň türkmen, şol sanda tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny açyp görkezmek, şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek hem-de beýik akyldaryň doglan gününiň 290 ýyllygyny halkara derejesinde mynasyp belläp geçmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda 2014-nji ýylda beýik türkmen akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny dabaraly belläp geçmek bellenildi we bu senäni belläp geçmek boýunça guramaçylyk topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy. Degişli ministrliklere we pudak edaralaryna ylym we bilim edaralarynda, metbugatda, telewideniýede hem-de beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça çäreleri işläp düzmek we durmuşa geçirmek tabşyryldy.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy 2012-2014-nji ýyllarda Magtymguly Pyragynyň eserlerini türkmen we daşary ýurt dillerinde neşir etmäge, onuň ömrüne we döredijiligine degişli ylmy işleri taýýarlamaga we çap etmäge, beýik akyldaryň edebi-ruhy mirasyny toplamak maksady bilen, daşary ýurtlara we ýurdumyzyň welaýatlaryna ylmy saparlary guramaga borçly edildi.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine 2012-2014-nji ýyllarda Magtymguly Pyragynyň durmuşyna we edebi mirasyna bagyşlanan dokumental we çeper filmleri döretmek we telewideniýede, radioda gepleşikler tapgyryny guramak tabşyryldy.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Balkan welaýatynyň häkimligi 2014-nji ýylyň 14-16-njy maýynda “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahatyny geçirmäge borçly edildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykaran 4947-nji Permanyna laýyklykda gurluşygy alnyp barylýan “Gyzylgaýa-Bereket-Etrek” demir ýoluny halkara ölçeglerine laýyk getirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda çykaran 12001-nji Karary esasynda berlen maliýe serişdelerini netijeli ulanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine Buzhun we Serhetýaka stansiýalarynyň aralygynda uzynlygy 131 kilometr bolan energiýa, habardar ediji, aragatnaşyk ulgamlarynyň enjamlaryny satyn almak we gurluşyk—gurnama işleriniň taslamasyny düzmek we amala aşyrmak, Gyzylgaýa, Buzhun we Garnyýaryk stansiýalarynyň aralygynda uzynlygy 234 kilometr bolan 110 kW elektrik geçiriji ulgamyň, Buzhun we Garnyýaryk stansiýalarynda 110/10 kW transformator beketleriniň gurluşyk-gurnama işleriniň taslamasyny düzmek we amala aşyrmak, şeýle hem Serhetýaka stansiýasynda bir gatly 12 sany ýaşaýyş jaýyny hem-de teplowozlara we wagonlara tehniki hyzmat etmek üçin aýlawly deponyň taslamasyny düzmek we gurmak barada “Net Ýapi ve Ticaret Mühendislik Mimarlik Müşävirlik Limited Şirketi” türk kompaniýasy bilen şertnamalary işlere 2012-nji ýylyň mart aýynda başlap, desgalary 2013-nji ýylyň mart aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda zähmet we iş bilen üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň zähmet hukuklaryny we döwlet kepilliklerini üpjün etmek hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň garamagyndaky welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak müdirlikleri bilen welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirlikleriniň goşulmagynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliklerini döretmek bellenildi.
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde işläp taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
* * *