Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparynda bolup, Aşgabatda şähergurluşygy babatda ýaýbaňlandyrylan uly möçberli maksatnamany, şol sanda şäheriň günorta böleginde binalary gurmak we olary abadanlaşdyrmak bilen bagly taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz şäheriň günorta böleginde täze uly binalary gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzyň bu künjeginde Aşgabadyň täze dolandyryş-işewürlik we medeni-dynç alyş merkezi kemala gelýär. Ýakyn wagtda bu ýerde türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirjek birnäçe döwrebap hem-de belent desgalar emele geler. Gurulýan täze binalaryň arasynda halkymyzyň medeni durmuşynda möhüm orna eýe boljak Medeni-dynç alyş merkeziniň döwrebap binasy hem bar. Bu özboluşly desga Aşgabadyň binagärlik keşbiniň görküni has-da artdyrar we häzirki zaman desgalar toplumy bilen utgaşar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy Türkiýäniň belli “Polimeks” kompaniýasy tarapyndan bina edilýän Medeni-dynç alyş merkeziniň belent binasynyň ýanynda saklandy.
Merkez häzirki zamanyň binagärlik boýunça öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemlemek bilen, ol türkmen paýtagtynyň gözelligini has-da artdyrar. Häzirki döwürde bu özboluşly desganyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Onda şu günler timarlaýyş işleri, desganyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak güýçli depginde barýar.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda gurulýan dürli ähmiýetli desgalar bilen bir hatarda täze Medeni-dynç alyş merkeziniň binasy hem berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň rowaçlygyny, türkmen halkynyň eşretli durmuşyny we onuň belent maksatlaryny alamatlandyrýan desga bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol ägirt uly medeni, terbiýeçilik, dynç alyş ulgamyndaky asylly işleriň durmuşa geçirilýän merkezine öwrüler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hut şonuň üçin hem binanyň bezeg işlerine, onuň bölümleriniň abadanlyşdyrylyşyna, olaryň iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilişine aýratyn üns berilmelidir. Olarda milli ýörelgeler we binanyň aýratyn nyşanly ähmiýeti ýokary gözellik bilen utgaşmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Medeni-dynç alyş merkeziniň bu künjeginde şunuň ýaly enjamlardan başga-da, onuň ulular üçin oýun zaly, çaý-suw içer ýaly kafesi bolap. Milli Liderimiz bu ýerdäki bouling oýnamak üçin niýetlenen zalyň häzirki zaman abzallaşdyrylyşy bilen tanyşdy we bu oýnuň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Milli Liderimiz binanyň aşaky gatyna düşüp, ol ýerde iň häzirki zaman usullary arkaly kinofilme tomaşa etmegiň aýratynlyklary, çagalar we ulular üçin niýetlenen oýun zallary bilen tanyşdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz 12D görnüşli kinozalynda görkezilýän filme tomaşa etdi we zalyň aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Şeýle hem bu ýerde asman gümmezini ýada salýan ekrany bolan ýene-de bir kinozalyň bardygyny hem ýatlamaly. Döwlet Başutanymyz kinozallaryň ikisiniň hem häsiýetli aýratynlyklary bilen içgin gyzyklandy.
Bu ýerde iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen iki sany kinozaldan başga-da, älem giňişligine çuňňur aralaşmak, ýyldyzlaryň ýerleşişini, olaryň häsiýetli aýratynlyklaryny içgin öwrenmek üçin ýörite gurallar oturdylan zallar bar. Ol ýerde isleg bildirýän adamlar ýeriň, günüň, aýyň ýerleşişini, olaryň hereketini hem-de älem giňişliginde ýüze çykýan käbir hadysalary synlap, olar barada anyk maglumatlary alyp bilerler.
Şeýle hem bu ýerde ýörite guralyň kömegi arkaly adam özüni älem gämisinde ýaly duýup biler. Mundan başga-da, bu ýerde iň häzirki zaman enjamlarynyň üsti bilen, çagalaryň özüni aýyň ýa-da başga bir planetanyň üstünde ýaly duýmaklary üçin ýöriteleşdirilen enjam oturdylar. Şeýle hem asman giňişliginde bar bolan planetalaryň hersi üçin aýratyn bir monitor bolup, olarda degişli hemralaryň häsiýetli aýratynlyklary görünýär. Ol ýerde ýyldyzlary synlamak üçin äpet teleskoplar oturdylar.
Döwlet Baştutanymyz otaglary synlap, olaryň aýratynlyklary, enjamlaşdyrylyşy barada degişli ýolbaşçylar bilen söhbetdeş boldy we otaglarda dünýäniň iň kämil enjamlarynyň oturdylmalydygyny, bu künjegiň diňe bir medeniýetli dynç almak üçin däl, eýsem, ýaşlaryň älem giňişligi baradaky gizlin syrlara göz ýetirmekleri babatda hem ähmiýeti bolmalydyr diýip belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz binanyň ýokarky gatyna galyp gördi. Bu ýerde merkeziň restorany bolar. Ondan ýokarda bolsa äpet aýlaw halkanyň içinde her biri 6 orunlyk 24 sany ýöriteleşdirilen kejebe bolup, ol 60 metr belentligi hem-de giňligi öz içine alýan ölçeg boýunça aýlanar. Kejebelerde gerek bolan ýylylygy we salkynlygy üpjün edýän enjamlar oturdylar. Onda berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri keşbi gün-günden gözelleşýän paýtagtymyzyň ajaýyplyklaryny synlarlar we wagtlaryny hoş geçirerler.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde bina edilýän medeni-dynç alyş merkeziniň enjamlaşdyrylyşyna degişli meselelere aýratyn ünsi çekdi. Milli Liderimiz bu işlerde ownuk zat bolmaly däldir, çünki adamlar, hususan-da, nesillerimiz hakdaky alada iň häzirki zaman düzümi özünde jemleýän amatly şäher gurşawynyň emele gelmegi, halkymyzyň ýaşaýşy, olaryň zähmeti we medeniýetli dynç alşy üçin döredilýän şertler biziň ýurdumyzda alnyp barylýan şähergurluşyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr diýip belledi.
Milli Liderimiz soňra täze gurulýan merkeziň eýwanynda “Polimeks” kompaniýasynyň gurluşygyny alyp barýan desgalarynyň hem-de olaryň täze hödürleýän taslamalary bilen tanyşdy. Bu ýerde ýörite gurnalan monitorda döwlet Baştutanymyza Aşgabadyň halkara howa menziliniň binalar toplumynyň taslamalary onuň gurluşygy we howa menziliniň keşbi barada gürrüň berýän widerolik görkezildi. Hormatly Prezidentimiz görkezilen filme tomaşa edenden soň, bu ýerde kompaniýanyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän birnäçe desgalaryň taslamalary bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem hormatly Prezidentimize gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada gürrüň berdi.
Görkezilýän taslamalaryň arasynda Halkara howa menziliniň binalar toplumy, ýolagçylar üçin niýetlenen döwrebap terminallar, howa hereketlerini dolandyryş merkeziniň minarasy, uçarlara münmek üçin ýöriteleşdirilen enjamlar bar. Şeýle hem bu ýerde taslamalarda “Galkynyş” maslahatlar zaly, paýtagtymyzda gurulýan Olimpiýa şäherjiginde, çagalar dynç alyş merkezinde gurulmagy meýilleşdirilýän oýun zallarynda, şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň görnüşleri görkezilýär.
Milli Liderimiz görkezilýän taslamalar bilen jikme-jik tanşyp, ýurdumyzda gurulýan binalarda ýokary hiliň gyşarnyksyz berjaý edilmegi we olaryň bellenilen möhletde gurlup gutarylmagy hökmany talap bolup durýar diýip belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz täze gurulýan ähli desgalaryň içki we daşky bezeg işlerinde dünýäniň iň öňdebaryjy çözgütleri, häzirki zaman gurluşyk usullary milli binagärlik ýörelgeleri bilen sazlaşygy emele getirmelidir diýip nygtady. Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri aýdyp, olara degişli düzedeşleri girizdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýokary hilli gurulmagy we olaryň öz wagtynda tabşyrylmagy babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşypryklary berip, bu ýerden Ahalteke atçylyk sport toplumyna tarap ugrady.
Ahalteke bedewlerine çuňňur sarpa goýýan we bedewlerimiziň adynyň dünýä dolmagynda ýadawsyz tagalla edýän, “Ahalteke bedewi -- biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” hem-de “Ganatly bedewler” atly behişdi bedewlere bagyşlanan çuň mazmunly ajaýyp eserleriň awtory döwlet Baştutanymyz bu ýerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy.
Hormatly Prezidentimiz olaryň ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň has-da belende galmagynda uly işleri bitirýändigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyzyň Ukpaina bolan döwlet sapary mahalynda bu toparyň agzalarynyň ukrain tomaşaçylarynyň öňünde eden çykyşlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz Kiýewde eden üstünlikli çykyşlary bilen gutlap, atşynaslara işlerinde üstünlik arzuw etdi we bedewe çuňňur sarpa goýýan türkmen halky öz taryhynda ahalteke atlarynyň şöhratynyň dünýä dolmagynda ägirt uly işleri bitirendigini aýtdy.
Türkmen atşynaslarynyň gadymy däpleriniň üstünlikli ösdürilmeginde bu toparyň alyp barýan işleriniň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, milli Liderimiz olaryň bu işi mundan beýläk-de ösdürip, türkmen bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagy ugrunda yzygiderli tagalla etmelidiklerini bellediler.
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary öz gezeginde türkmen atlarynyň abraýynyň belende galmagy, atçylyk sporty ulgamynyň has-da ösdürilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle hem toparyň agzalarynyň çykyşlaryny mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdirip, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň has-da giňelmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde işleýän hünärmenleriň we atşynaslaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Hormatly Prezidentimiz Ahalteke atçylyk sport toplumynda özüniň gözelligiň, çeýeligiň hem-de ýyndamlygyň nusgasyna öwrülen Akhan diýen bedewi bilen didarlaşdy. Milletiň baý medeni mirasyny dikeltmek we aýawly saklamak hem-de ony geljek nesiller üçin kämilleşdirmek boýunça giň gerimli asylly işlere badalga beren döwlet Baştutanymyzy gören Akhanyň ruhy göterildi. Hormatly Prezidentimiz ynsan gylykly bu ajaýyp bedewe atlanyp, bedewi çapuw ýodasynda peýwagtyna sürdi. Ahalteke bedewleriniň dünýä atşynaslaryna, köp sanly janköýerlere türkmen atlarynyň diňe bir milletiň buýsanjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä medeniýetiniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolup durýandygy hakynda maglumat almaga mümkinçilik beren kitaplaryň awtory, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ynsan gylykly bedewiniň ýörişine guwanyp, onuň bilen bir pursat bile bolmagy ahalteke bedewleriniň ynsan bilen arabaglanyşygynyň aýdyň nyşanyny alamatlandyrdy.
Soňra milli Liderimiz özüniň adaty endigine eýerip, bu ýerdäki iş otagynda dünýä atşynaslygy, onuň taryhy barada gürrüň berýän edebi çeşmeler, “behişdi bedewlere” bagyşlanan çeper eserler bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz özüniň eserlerinde belleýşi ýaly, biz sähelçe salym hem özümiziň bedewlerimize berýän ünsümizi gowşatmaýarys, sebäbi olar biziň guwanjymyz we şöhratymyzdyr, biziň ruhy galkynyşymyzyň çeşmesidir. Türkmen topragynda doglan ahalteke bedewi tebigatyň we adamyň ösen zähmetiniň, akyl-paýhasynyň peşgeş beren ajaýyp sazlaşygynyň, owadanlygyň, gözelligiň we gaýtalanmajak okgunlygyň nyşany bolup durýar. Döwdet Baştutanymyzyň galamyndan çykan bu sözler ýurdumyzyň we türkmen halkynyň öz ajaýyp atlaryna bolan garaýşyny, söýgisini aýdyň beýan edýär.
Ahalteke bedewleri hakynda düýpli eserleri döreden hormatly Prezidentimiz bu ýerde bir pursat “behişdi bedewlere” bagyşlanan eserini dowam etmegiň üstünde işledi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň milli buýsanjy hem-de mizemez gymmatlygy bolan bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki abraýynyň has-da belende galmagyna aýratyn üns berýär. Milli Liderimiziň ýadawsyz aladasy netijesinede biziň ýurdumyz ahalteke atçylygyny ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan giňişleýin halkara çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. Häzirki berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ahalteke bedewleri halkymyzyň toý-baýramlarynyň esasy bezegine öwrüldi. Munuň özi biziň ýurdumyzda bedew mertebesiniň has-da belende göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanda atçylyk sportunyň has-da ösdürilmegi ugrunda tagallasyny gaýgyrmaýan hünärmenlere işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.