Şu gün paýtagtymyzdaky “Grand Türkmen” myhmanhanasynda habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan iki günlük maslahat öz işine başlady. Maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanda habar beriş serişdeleri babatda kanunçylygy we hukuk taýdan kadalaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmekde halkara tejribesini alyşmakda hyzmatdaşlyk baradaky Taslama bilen bilelikde gurady. Bu taslama Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde “Bi-Bi-Si” Bütindünýä Gullugynyň Gaznasy bilen bilelikde amala aşyrylýar.
Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Adalat ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Aragatnaşyk ministrliginiň, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, Maliýe ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet habarlar gullugynyň (TDH), Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematorgrafiýa baradaky döwlet komitetiniň we ýurdumyzyň beýleki habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Halkara bilermenleri hökmünde maslahata Russiýadan we Beýik Britaniýadan hünärmenler: žurnalistiň hünär etikasy ulgamynda bilermen—Russiýa Federasiýasynyň metbugaty boýunça jemgyýetçilik toparynyň başlygy jenap Ýuriý Kazakow, Britaniýanyň habar beriş korporasiýasynyň hünärmeni jenap Stiwen Uitl, şeýle hem Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň, Birleşen Patyşalygynyň Milli žurnalistler birleşiginiň etika baradaky komitetiniň wise-başlygy jenap Maýkl Jempson çagyryldy.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, bu ulgamda dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmek arkaly milli habar beriş serişdeleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratik ýoly bilen ösdürmek boýunça öňe süren wezipeleri babatda uly ähmiýete eýedir.
Maslahatyň işiniň birinji gününiň barşynda žurnalist etikasy, halkara tejribesinde habar beriş serişdeleriň işine bildirilýän talaplar baradaky meseleler boýunça çykyşlar we habarlar diňlenildi.
Maslahata gatnaşyjylar milli habar beriş serişdeleriň işgärleriniň hünärini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen köp ýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp, bu ugurda netijeli gatnaşyklary we özara tejribe alyşmagy dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar.
Ertir - maslahatyň işiniň ikinji gününde žurnalistik işde iň täze maglumatlar tehnologiýalaryny, şol sanda Internet serişdelerini netijeli ulanmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.