Ï Türkmenistanyň Prezidenti Kommersbankyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Kommersbankyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 559
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kommersbank paýdarlar jemgyýetiniň direktorlar geňeşiniň müdiriýetiniň başlygy Martin Blessingi kabul etdi.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirmek bilen, myhman döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlap, ählihalk saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşiniň türkmen halkynyň öz umumykrar edilen Liderine ägirt uly söýgüsiniň we ynamynyň aýdyň subutnamasydygyny belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, giň halkara hyzmatdaşlygynyň Türkmenistanyň syýasatynyň esasy we üýtgewsiz ugry bolup durýandygyny belledi. Bu hyzmatdaşlyk ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan milli ugurlaryna we esasy wezipelerine gabat gelýär. Bu babatda hem Germaniýa Federatiw Respublikasy strategiki hyzmatdaş bolmagynda galýar. Türkmenistan onuň bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen ýola goýlan oňyn gatnaşyklaryň çäklerinde giňeltmegi göz öňünde tutýar.

Martin Blessingiň belleýşi ýaly, GFR-yň we Ýewropanyň maliýe toparlarynda türkmen döwletiniň Baştutanynyň milli maliýe-bank ulgamyny berkitmek boýunça kabul edýän çärelerine ýokary baha berýärler. Şol çäreler Türkmenistana dünýä ykdysadyýeti üçin çylşyrymly bolan döwürde diňe öz ykdysady durnuklylygyny saklamaga däl-de, eýsem, ýurdy dünýäniň has depginli ösýän döwletleriniň hataryna çykaran durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini hem üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Myhman ýakynda Berlin şäherinde “Türkmenistan—Ýewropa: hyzmatdaşlygyň geljegi” atly halkara maslahatynyň geçirilen günlerinde Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we tehnologiýalar federal ministrliginiň arasynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin dolandyryş işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek hakynda gol çekilen bilelikdäki beýannamany mysal hökmünde kanagatlanmak bilen belledi.

Ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we öz aktiwleriniň ululygy boýunça Germaniýanyň ikinji bankynyň müdiriýetiniň başlygy Kommersbank bilen türkmen banklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini we türkmen Lideriniň başyny başlan, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen täze taslamalaryny we giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmagy nazara almak bilen geljekki gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, ýurdumyzyň bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjek Kommersbank bilen Türkmenistanyň Merkezi bankynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşygy baglaşmak mümkinçiligi, şeýle hem nebitgaz we ulag aragatnaşyk ulgamyny ösdürmäge maýa goýmak, hususan-da, Türkmenbaşy portunda gämi gurluşyk kärhanasyny gurmak meselesi jikme-jik ara alyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, Kommersbank Ýewropanyň bank ulgamynyň ykrar edilen öňdebaryjylarynyň biri bolup durýar. Onuň dünýäniň kyrkdan gowrak ýurdunda şahamçalary we wekilhanalary bolup, olar dünýäniň dürli künjeklerinde müşderleriň millionlarçasyna hyzmat edýärler.

Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen ykdysady taslamalardan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistanda sport hereketini, hususan-da, sportuň atçylyk görnüşini ösdürmek meselesini gozgadylar. Oňa bildirilýän ägirt uly gyzyklanma dünýäde iň gowy bedewler hasaplanýan ahalteke atlarynyň dünýä şöhratyny nazara almak bilen şertlendirilendir.

Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşinde Türkmenistanyň möhüm orun eýeleýändigini bellemek bilen, Ýewropanyň iri bank konserniniň direktorlar geňeşiniň müdiriýetiniň başlygy Kommersbankyň döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek hem-de ýurdy ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen üstünlikli ilerletmek maksady bilen netijeli gatnaşyklary gyşarnyksyz giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistana eýýäm ikinji gezek gelip gören iri bankyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, ýurdumyza öň gelip giden wagtyndan bäri geçen döwrüň içinde türkmen döwletiniň okgunly ösüşi onda uly täsir galdyrdy.

Hoşlaşanlarynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman bir-birine oňat arzuwlaryny beýan edip, ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.