Ï Telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy ýurduň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy ýurduň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudyr

view-icon 2767
Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi hem-de maslahaty geçirildi

Paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde iki günüň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň maslahaty geçirildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen guralan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylly däl ulgamynyň gazananlarynyň we onuň geljeginiň giň göwrümli gözden geçirilişi öz düzümine hususy telekeçiligiň wekilleriniň iki müňden gowragyny birleşdirýän we Türkmenistanyň oňyn ykdysady özgertmeleriň ýoly bilen işjeň hereket etmeginde möhüm orny eýeleýän iri jemgyýetçilik guramasy bolan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen senesine bagyşlandy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde 17-nji martda paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde guran sergisiniň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň Mejlisiniň ýolbaşçylary we deputatlary, hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.


Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä we maslahata gatnaşyjylara iberen gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz gutlagynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işine ýokary baha berip, hususy telekeçiligiň wekilleriniň telekeçiligiň täze döwrüň talaplaryna laýyk derejede hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, bu ulgamda toplanan tejribeleriň durmuşa geçirilmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi we ýurdumyzyň işewürleri döwlet tarapyndan döredilýän ýeňillikleri netijeli peýdalanyp, öz öňlerinde durýan wezipeleri üstünlik bilen ýerine ýetirerler diýip belledi. Milli Liderimiziň bu sözleri Türkmenistanyň ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl pudagyna goldaw bermek babatdaky ykdysady syýasatynyň dürli ugurlarynda geçirilýän işler bilen berkidilýär. Olaryň hatarynda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, hususy telekeçiligiň wekilleriniň işini höweslendirmek we olaryň dünýäniň dürli ýurtlaryndaky kärdeşleri bilen tejribe alyşmak, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ýaly ugurlar bar.


Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň gazananlarynyň sergisiniň her ýylda geçirilmegi döwletimiziň hem-de milli Liderimiziň ýurdumyzda bazar ykdysadyýetiniň kemala gelmeginde möhüm orun eýeleýän telekeçiligiň yzygiderli ösdürilmegine uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Sengagatçylarynyň we telekeçileriniň birinji sergisinden bäri bary-ýogy dört ýyl geçdi. Döwlet Baştutanymyz hökümetiň göçme mejlisiniň barşynda birleşmäniň esaslandyrylýandygy hakyndaky karara gol çekdi we hususy telekeçiligi ösdürmegiň anyk wezipelerini kesgitledi. Şol wezipeler güýçli depginlerde durmuşa geçirilip başlandy.

Täze taryhy eýýam telekeçilik işiniň täzeden galkynýan, onuň netijeli ösdürilmegi üçin amatly şertleriň döredilýän, telekeçiligiň ähli mümkinçilikleriniň giňden açylýan döwri boldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň telekeçilerini goldamak boýunça ýerine ýetiren işleriniň ägirt uly hem-de giň möçberlidigine şaýatlyk edýän ýagdaýlaryň birnäçesini ýatlamak ýerlikli bolar.


Şu geçen döwrüň içinde döwlet Baştutanymyz tarapyndan salgyt we maliýe pudaklarynda telekeçiler üçin has oňaýly düzgünleri üpjün edýän hem-de hususy telekeçiligiň ösüşiniň häzirki zaman ugruny kesgitleýän kararlara we kanunçylyk namalaryna gol çekildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi, hususy kärhanalaryň, telekeçileriň, daýhan hojalyklarynyň we kärendeçileriň hödürlän taslamalaryny ýeňillikli karz serişdeleri bilen üpjün etmegiň tertibi hakyndaky düzgünnamanyň tassyk edilmegi bu ugurdaky ilkinji ädimlerdir.

Türkmenistanyň “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky” kanunynyň kabul edilmegi nobatdaky möhüm ädime öwrüldi. Oňa laýyklykda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Soňra kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça Döwlet topary döredildi, telekeçiligi goldamagyň ýerli düzümleri kemala getirildi, şeýle hem telekeçileriň netijeli işlemek üçin zerur bolan bilim bilen üpjün edilmegine gönükdirilen bilim taslamalary amala aşyrylýar.

2011-nji ýylyň martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy” tassyk edildi we degişli çäreleriň meýilnamasy düzüldi. Şol ýylyň maýynda “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda” kanun kabul edildi. Bu maksatnamalaýyn resminamalar ýurdumyzyň telekeçilerine ýakyn we uzak geljek üçin anyk ugurlary äşgär edip, döwletiň hem-de ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilmegine gönükdirilen anyk we işjeň çäreleri özünde jemleýär.

2010-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen birleşmäniň “Rysgal” gazeti esalandyryldy. Ol Türkmenistandaky ilkinji hususy metbugat neşiri boldy. 2011-nji ýylda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň merkezi şaýollarynyň birinde ýurdumyzyň hususyýetçileriniň güýji bilen bina edilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işewürlik toplumy we Işewürlik merkeziniň täze edara ediş binasynda ýerleşýän “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky açyldy. Ýurdumyzyň telekeçileri üçin taryhy waka öwrülen bu çäre tutuş ýurdumyz üçin örän ähmiýetli boldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen işewürlik toplumynyň açylyş dabarasynda hem bu barada aýdyldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary halkara gatnaşyklaryny işjeň ösdürýärler. Olar biziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergilerine we ýarmarkalaryna hem-de işewürlik maslahatlaryna yzygiderli gatnaşýarlar we hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlara bolýan saparlarynda hökümet wekiliýetiniň düzümine girýärler.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň işleriniň giň göwrümlilige we köpugurly häsiýete eýe bolmagy döwlet tarapyndan hususy ulgamy höweslendirmek we goldamak boýunça alnyp barylýan işleriň maksada laýyk netije berýänldiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen telekeçileri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine barha işjeň gatnaşýarlar. Hususy telekeçiligiň wekilleri milli ykdysadýetimiziň obasenagat toplumy we gurluşyk senagaty, dokma we himiýa pudaklary, gurluşyk materiallary önümçiligi, azyk önümleri, sarp edijileriň uly isleginden peýdalanýan harytlary, söwda, hyzmatlar ýaly ulgama aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikli karzlaryň we giň goldawlaryň netijesinde ýerli çig maldan eksporta niýetlenen ýokary hilli önümleri öndürýän we öňdebaryjy tilsimatlar bilen üpjün edilýän hususy kärhanalar ulanylmaga berilýär. Olaryň hatarynda “Guş toplumy” ýaly häzirki zaman guşçulyk toplumy, aýna öndürýän “Keýik” kärhanasy, ýumurtga öndürýän “Hoş zaman” fabrigi, eti gaýtadan işleýän “Bereketli” kärhanasy, “Aýbölek” mebel fabrigi, häzirki zaman önümçilik ulgamy bolan “Hasar” süýji-köke kärhanasy bar. Kiçi we orta telekeçiligiň sazlaşykly ösdürilmegi möhüm ähmiýetli durmuş meseleriniň çözülmeginde derwaýys orny eýeleýär. Çünki her bir täze hususy kärhananyň açylmagy ýüzlerçe iş orunlarynyň döredilmegini, şol sanda iň häzirki zaman we ýokary öndürijilikli enjamlarda işlemäge ukyply ussat hünärmenleriň iş bilen üpjünçiligini, milli bazarlarymyzda ýokary hilli harytlaryň bolçulygyny we bahalarynyň durnukly saklanylmagyny şertlendirýär.

Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzyň hususy kärhanalary tarapyndan paýtagtymyzda Medeniýet şäherçesi, şeýle hem Türkmenistanyň dürli künjeklerinde birnäçe döwrebap mekdepler, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary, sport toplumlary, medeniýet merkezleri, oňaýly ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalaryň birnäçesi guruldy.

2012-nji ýylyň ilkinji aýlary hem ýurdumyzyň telekeçiligini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly birnäçe möhüm wakalara beslendi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 6-njy ýanwarynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda bu ulgamyň ösüşi öz beýanyny tapdy. 11-nji ýanwarda döwlet Başutanymyz Türkmenistanyň Mejlsiniň deputatlary bilen bolan duduşykda hem bu barada aýtdy. Milli Liderimiz hususy telekeçiligi mundan beýläk-de kanunçylyk taýdan goldamygyň zerurdygyna ünsi çekip, hususy iş bilen meşgullanýan raýatlaryň hukuk kepillikleriniň üpjün edilmegine, olara salgyt, gümrük we beýlekiler barada ýeňillikleriň berilmegine aýratyn ähmiýet berdi.

Telekeçiligiň kanun taýdan goldanylmagyna gönükdirilen çäreleriň hatarynda olara ýer bölüp bermek, alan ýerlerini peýdalanmak üçin kepillikleriň berilmegi, telekeçileriň ynsanperwerlik işiniň höweslendirilmegi, telekeçiligi ýöretmegiň täze usullarynyň goldanylmagy, iş ýerleriniň döredilmegi, önümçilige täze tilsimatlaryň ornaşdyrylmagy ýaly ugurlar bar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, kiçi telekeçiligi goldamakda döwrebaplaşdyrmak ugurlary has-da işjeň häsiýete eýe bolar we ol önümçilik ulgamyna, hususy kompaniýalaryň we kärhanalaryň innowasion işleriniň goldanylmagyna gönükdiriler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda kiçi we olrta telekeçiligi köptaraplaýyn ösdürmek, hususan-da, satyn alynýan harytlaryň ýerini çalşyp bilýän köp ugurly önümçiligi we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak üçin uly mümkinçilikler bar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu babatda durmuşa geçirýän syýasaty telekeçiligi ösdürmek ulgamynda ýokary tilsimatly döwrebap innowasion önümçiligiň ösdürilmegini, diňe bir milli däl, eýsem, dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ösüşini nazara almak bilen kiçi we orta telekeçiligiň düzüminiň doly döwrebaplaşdyrylmagyny ugur edinýär.

Häzirki döwürde telekeçiler ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny özleşdirmek boýunça täze önümçiligi döredýärler, gurluşyk pudagynda daşary ýurt kompaniýalary bilen mynasyp bäsleşýärler. Ýurdumyzyň telekeçileri döwlet Baştutanymyzyň Aşgabatda iri söwda-dynç alyş merkezini, şeýle hem Ahal we Balkan welaýatlarynda birnäçe önümçilik desgalaryny gurmak hakyndaky çözgüdini uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agazalaryna Ahal we Balkan welaýatlaryny ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde birnäçe desgalary gurmak ynanyldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçileir birleşmesiniň bu gezekki dördünji sergisi häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly däl ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň aýdyň beýanydyr.

Sergide ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 150-si öz önümlerini görkezýärler. Bu ýerde hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri we aýry-aýry telekeçiler önümlerini ýaýbaňlandyrypdyrlar. Görkezilýän harytlaryň we hyzmatlaryň hili we görnüşleri bazar ykdysadyýetiniň öňdäki orunlaryna ynamly gadam basýan telekeçileriň ösüş depginlerinden hem-de olaryň mümkinçiliklerinden habar ebrýär.

Ýurdymyzyň kiçi we orta telekeçileri ähli ugurlar boýunça iş alyp barýar. Sergide gurluşyk hyzmatlary bazarynda daşary ýurt kompaniýalary bilen mynasyp bäsleşýän “Aga gurluşyk”, “Beýik bina”, “Ajaýyp bina”, “Şirin-Aý”, “Çeper gurluşyk”, “Myradym” hususy kärhanalary, “Çyzgy”, “Döwlet gurluşyk”, “Polat gurluşyk”, “Buir”, “Muhammet Balkan”, “Eziz doganlar gurluşyk”, “Berjaý”, “Altyn nesil” hojalyk jemgyýetleri we beýleki kärhanalar bar.

“Edermen”, “Salyhat”,”Türkmen çöli”, “Ak hünji”, “Gowşutbent”, “Alyn” ýaly hususy kärhanalar öz öndürýän gurluyşk materiallaryny hödürleýärler. Sergide “Gyzyl kak” hojalyk jemgyýetiniň bir sepli polat turbalary ilkinji gezek görkezilýär. Gurluşyk materiallaryny öndürýän kärhanalaryň köpüsi öz işini beýleki önümçiligi utgaşykly alyp barmak arkaly ösdürýärler.

Mebel önümçligi boýunça öňde barýan “Aýbölek” fabrigi öz önümleriniň görnüşlerini barha artdyrýar. Sergide fabrigiň önümleriniň birnäçe görnüşleri görkezilýär. “Azady”, “Alp Arslan”, “Abraýly”, “Rysgal” hem-de başga-da birnäçe hususy kärhanalar mebel önümçliginde we olaryň bezeginde öz çözgütlerini hödürleýärler.

Sergide azyk pudagynda uly üstünlik gazanýan ýurdumyzyň telekeçileri hem bu ýere gelýänleri öz önümleri bilen tanyşdyrýar. Onda “Hasar”, “Misgär”, “Oguzhan” ýaly dürli görnüşli süýji önümlerini öndürýän iri hojalyk jemgyýetleri, “Mekan” hususy kärhanasy, “Ýunus” söwda nusgasy bolan tort öndürijiler, şeýle hem “Tomus”, “Saglyk” çörek we çörek-bulka önümçiliginiň ussatlary öz önümlerini görkezýärler.

Ýurdumyzyň süýt önümçiligi bazarynda iri bäsdeş bolup durýan telekeçileriň önümleri bilen alyjylar tanyş bolsa gerek. Bu ugurda täze çemeleşmeler, döwrebap ugurlar kemala geldi. Hut şu ýörelgeden ugur alýan “Elin” görnüşli süýt önümleri, “Salkyn”, “Paýhas”, “Erteki” ýaly söwda nusgalary bolan çagalar we ulular üçin doňdurmalar köpleriň söýgüli önümlerine öwrüldi.

Et önümleriniň täze görnüşleri, şöhlatlar “Bereketli” kärhanasy tarapyndan serginiň açylmagy mynasybetli ýokary tilsimatly enjamlarda ýörite taýýarlanan önümlerdir. Bu bölümiň örän owadan we özüne çekiji görnüşde taýýarlanmagynda kärhananyň işgärleriniň uly zähmeti bar. Çünki olar diňe bir ýokary hilli we köp görnüşli önümlerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, bu ýere gelýänlere ýakymly täsir etmek isläpdirler. Sergide görkezilýän önümleriň içinde äpet göwrümli şöhlat diňe bir özüniň möçberi bilen däl, eýsem, tagamlylygy bilen hem haýran galdyrýar.

Ýurdumyzyň birnäçe sebitlerinde işleýän telekeçileriň önümleri hem sergide öz ornuny tapypdyr. Ol önümlerde öz işine jogapkärli hem-de döwrebap çemeleşilýändigi, täze tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylýandygy, önümçilikde ýerli çig maldan peýdalanylýandygy, täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilýändigi aýdyň görünýär. Bu ýerde “Häkim” we “Täze aý” söwda nusgalary bolan şöhlatlar, şeýle hem ýurdumyzyň dürli welaýatlarynyň telekeçileriniň dürli görnüşli süýji, süýt we çörek-bulka gaplanan köp görnüşli kakadylan önümleri giňden görkezilýär.

Häzirki döwrüň nusgalyk önümçiliginiň biri bolan “Guş toplumy” guşçulyk toplumy özüniň täze işläp taýýarlamalaryny, şöhlatlaryň täze görnüşlerini, guş etinden taýýarlanan birnäçe önümlerini görkezýär. Şeýle hem “Altyn hilal” kärhanasy we her ýylda 21 million ýumurtga öndürýän “Hoş zaman” guşçulyk fermasy öz önümlerini görkezýär. Bu kärhanalaryň önümleri döwlet söwda ulgamynda bolşy ýaly, iri hususy dükanlaryna we ýurdumyzyň bazarlaryna ugradylýar. “Hoş zaman” guşçulyk fermasy ýakyn ýyllarda öz önümçiligini has-da giňeldip we döwrebaplaşdyryp, ýumurtga öndürilişini her ýylda 26 milliona ýetirmegi maksat edinýär.

Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginden telekeçi O.Anzarow sergide özüniň köpýyllyk işiniň netijesi bolan göleleri görkezýär. Telekeçi dünýäde belli “Monbellýard”, “SWIS” we “Golsting” tohumdaky sygyrlar bilen ýerli tohumy çakyşdyrmak arkaly alan gölelerini hem sergi zalyna getiripdir. Bu tohumdaky sygyrlar Türkmenistanyň howa şertlerine uýgunlaşdyrylypdyr we olar günde 20 litrden gowrak süýt berýär. Telekeçiniň aýtmagyna görä, bu entek aňryçäk däl, ýakyn wagtda ol has-da ýokary netijeleri gazanmagy ýüreginde beslenýär.

“Bereket”, “Ak daş”, “Ýakymly suw” hususy kärhanalary özüniň alkogolsyz içgileri we gaplanan gök önümlerini görkezýärler.

Şeýle hem bu ýerde telekeçileriň sergi mynasybetli taýýarlanan önümlerinden dadyp görmek üçin hem mümkinçilikler döredilipdir.

Sergi görkezilýän “Zemelena” hojalyk jemgyýetiniň ýerli matalardan tiken egin-eşikleriniň, “Dostluk” kärhanasynyň hakyky ýüpekden dürli keşdeli, gülli we ölçegli keteni hem-de milli zenan ýaglyklary her bir zenana gelşik berýär. Özüniň ýuwujy serişdeler toplumy bilen tanalýan “Ýigit”, şeýle hem ýerli bazarda isleg bildirilýän çygly elsüpürgiçler we polietilen paketlerini öndürýän “Täç hil” hojalyk jemgyýeti hem önümlerini görnüşe çykarypdyr.

Sergi merkeziniň birinji gatynda ýerleşdirilen harytlaryň esasy bölegini “Gülzaman” we “Janin” hususy kärhanalarynyň milli biçüwde ýerine ýetirilen toý hem-de agşamlyk bezeg egin –eşikleri tutýar. Gözellik hyzmatlary ulgamynyň häzirki zaman ugurlary paýtagtymyzyň “Сosmedie SPA” merkeziniň önümleri ildeşlerimiziň gözellige we saglyga ymtylyşlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrýar.

Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri bolan neşirýat önümleriniň öndürilişiniň ösüşi hem bäsleşige ukyplydyr. Telekeçiler çaphana önümlerini ýaýradyş ulgamynda, şeýle-de elektron kitaplary döretmekde, tehnologiýalar hem-de enjamlar, çykdajy materiallar bilen üpjin etmekde öz döredijiliklerinde dürli ugurlary hödürleýär.

Sergä gelenlere, ilkinji nobatda bolsa, isleg bildirýän daşary ýurt hyzmatdaşlara “Ayan Travel” hususy syýahatçylyk kärhanasy öz mümkinçiliklerini görkezýär. Onuň ýöriteleşdirilen diwarlyklary ýurdumyzyň dünýä belli taryhy medeni ýadygärlikleri, şeýle-de milli syýahat ugurlary boýunça hyzmatlar bilen tanyşdyrýar.

Telekeçileriň we haly hem-de sowgatlyk önümleri öndürmek bilen meşgullanýan halk senetkärleriniň häzirki zaman işleri sergä gelenlerde uly gyzyklanma döredýär. Aýry-aýry telekeçiler öz önümlerini - milli ýüpek halylary, egin-eşikleri, bezegleri we keşdeleri, şeýle-de biziň ýurdumyzyň ajaýyp taryhy ýerlerini, türkmen paýtagtynyň gözel künjekleri şekillendirilen dürli görnüşli sowgatlyklary görkezýärler.

Sergide bilim we hukuk hyzmatlary ulgamy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň telekeçilik mekdebiniň, “Araçy” we “Şirgazy” hojalyk jemgyýetleriniň önümleri görkezilýär.

Telekeçilik söwda we dürli hyzmatlar, şol sanda durmuş hyzmatlary ulgamynda has ýokary ösüşlere eýe boldy. Muňa harytlary daşamak we gaplamak ulgamy bilen iş salyşýan telekeçileriň köpsanly diwarlyklary hem şaýatlyk edýär. “Awtolaýn Türkmenistan” hojalyk jemgyýeti, “Ojar Aziýa” hususy kärhanasy, awtoulag hyzmatlaryny “Orlan” hususy kärhanasy işgärler gullugyny mazamlaýar.

Ýerli telekeçilik işini giňden açyp görkezmek maksady bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýanynda döredilen “Nepis şekil” studiýasy, şeýle-de ilkinji hususy “Rysgal” gazeti öz önümlerini sergide goýupdyr. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu sergisinde ýerli telekeçileriň ýeten derejelerine bagyşlanylan baý bezegli eserler ýörite taýýarlanypdyr.

Ýeri gelende sergide ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl pudagynyň ýeten sepgitleri bilen tanyşmaga mümkinçiligiň döredilendigini hem belläp geçmek gerek. Bu bolsa olara sarp ediş bazarynda öz harytlary bilen ýurdumyzda täze müşderileri we hyzmatdaşlary özlerine çekmäge giň ýol açýar.

Türkmen telekeçileriniň gazananlarynyň gözden geçirilişiniň çäklerinde günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahaty bolup geçdi. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan telekeçiler gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçy düzümini - Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygyny hem-de müdiriýetiniň agzalaryny täzeden saýlamak meselesi girizildi. Olar dört ýyl möhlet bilen saýlanylýar. Maslahata gatnaşyjylaryň A. S. Dadaýewi özlerine ýolbaşçy edip täzeden saýlamak baradaky çözgüdi biragyzdan kabul edildi. Mälim bolşy ýaly, jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçy saýlamak baradaky bu pikiri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewral aýynda ýurdumyzyň söwda we dokma senagaty pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynda milli Liderimiz tarapyndan oňlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyrylýan eýýamda ýerli telekeçileriň öňünde goýan kesgitli wezipeleri durmuşa geçirmek meselesi maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy.

Iki güniň dowamynda bu giňişleýin guralan sergä aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi gelip gördüler hem-de hususy telekeçiligiň häzirkizaman ösüş ýollary barada giňişleýin maglumat aldylar. Sergä gelenler belli, şeýle-de ýaňy işe başlan telekeçileriň önümleri bilen tanyşdylar.

Sergä gelip görenler öňi bilen türkmen telekeçileriniň görkezýän önümleriniň ýokary hilli we dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplydygyny bellediler. Tutuşlygyna alnanda, bu ýerde kiçi we orta telekeçiligiň ösüşiniň möhüm ugurlary görkezilýär we onuň ýeten derejesi, mümkinçilikleri we eksport ugurlary beýan edilýär.

Telekeçileriň ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri hem-de öz kärdeşleri bolan köp sanly duşuşyklary gepleşikleri serginiň işiniň netijeli bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Telekeçiler geçirilen duşuşyklaryň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler anyklaşdyryldy hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlendi.

18-nji martda serginiň we maslahatyň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy. Sergä we maslahata gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenmesi kabul etdiler. Onda olar milletiň Liderine

hususy telekeçiligiň ösmegine berýän ünsi we kömegi üçin hoşallyk bildirip, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda alnyp barylýan işlere, strategik döwlet meýilnamasyny durmuşa geçirmekde we ýurdumyzy dünýä ösüşiniň öňdäki basganjaklaryna çykarmakda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna hormatly Prezidentimizi ynandyrdylar.

Şeýlelikde, senagatçylaryň we telekeçileriň bu uly forumy milli ykdysadyýetimiziň we ýerli hususy telekeçiligiň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşmak bilen öz işini tamamlady.