Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Olar şu günki iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyza özlerine ynanylan düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdiler.
Milli Liderimiz ilki bilen göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M. Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işler, hususana-da, welaýatyň oba hojalyk toplumynda ýaz ekişine taýýarlyk işleriniň doly tamamlanandygy, ekişde işlediljek ähli tehnikalaryň we beýleki oba hojalyk gurallarynyň taýýarlyk hataryna çykarylandygy hakynda hasabat berdi. Şeýle hem Nowruz baýramçylygyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek babatda düzülen maksatnama barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýaty ähli ugurlar boýunça ösdürmek babatda öňde durýan meseleleriň hemişe üns merkezinde durmalydygyny aýdyp, oba senagat toplumynda derwaýys hasaplanýan ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň agrotehniki talaplara laýyk ýokary derejede bolmalydygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýaz ekişine öz bellenilen möhletlerde guramaçylykly girişmek barada anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, milli Liderimiz Milli bahar baýramy bolan Nowruz baýramçylygynyň welaýatyň ähli edara-kärhanalarynda ýokary derejede geçirilmegi ugrunda zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini aýtdy.
Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Balkan welaýatynyň häkimi S. Satlykowyň hasabaty diňlenildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, ol gowaça ekişine görlen taýýarlyk işleri hem-de ekişde ulanyljak tehnikalaryň ýagdaýy hakynda aýtdy. Şeýle hem häkim “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we welaýatyň beýleki ýerlerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işleriň gidişi hakynda habar berdi hem-de sebitiň ähli künjeklerinde Nowruz baýramy mynasybetli taýýarlyk işleriniň ýaýbaňlandyrylandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz welaýatda Milli bahar baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belläp, baýramçylyk dabaralarynyň milli ruhumyza kybap derejede guralmalydygyny aýtdy. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň möhüm ugry bolan gowaça ekişine guramaçylykly girişip, onuň agrotehniki talaplara laýyk geçirilmegini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýaty senagat taýdan ösdürmegiň meseleleriniň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy.
Göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E. Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, ýerleriň we oba hojalyk tehnikalarynyň gowaça ekişine taýýarlygy barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim Nowruz baýramyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly ýörite düzülen maksatnama hakynda aýtdy. Mundan başga-da, ol welaýatyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işleriň gidişi hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän binalar barada habar berildi.
Milli Liderimiz welaýatyň ähli edara-kärhanalarynda Nowruz baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini belläp, Milli baýramyň sebitiň ähli künjeklerinde guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz sebitiň howa şertlerini nazarda tutup, gowaça ekişine bellenilen möhletlerde girişmek barada anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi Ý. Ýaýylow hasabat bilen çykyş etdi. Häkim welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, gowaça ekişine guramaçylykly girişmek üçin ýerine ýetirilen taýýarlyk çäreleri hakynda aýtdy. Şeýle hem ol ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň Ukraina bolan saparynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler, welaýatda gurulýan desgalaryň ýagdaýy hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi. Mundan başga-da, Nowruz baýramyna görülýän taýýarlyk hakynda hem aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň durmuş we senagat düzümini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meýilnamalaryň üstünlikli berjaý edilmegi ugrunda ähli çäreleriň görülmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ähli künjeklerinde Milli bahar baýramy bolan Nowruz baýramçylygynyň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ykjam taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz gowaça ekişiniň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini nygtady.
Soňra wideoşekilli iş maslahaty Mary welaýatynyň häkimi K. Gurbanowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, gowaça ekişini ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň maldarlarynyň häzirki döwürde alyp barýan işleri, kärendeçi çopanlaryň owlak-guzy möwsümini guramaçylykly dowam edýändigi barada aýtdy. Ukraina bolan sapar mahalynda dostlukly ýurduň sebitleriniň senagat düzümleri bilen gatnaşygy ýola goýmak babatda geçirilen gepleşikleriň netijeleri hakynda hem habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz gowaça ekişini ýokary guramaçylykly geçirmek hem-de welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň netijeli bolmagyny üpjün etmek we ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak bilen durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň ähli ýerlerinde Milli bahar baýramy bolan Nowruz baýramçylygynyň ýokary derejede guralmagy barada anyk tabşyryklary berdi.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz milli maksatnamanyň çäklerinde Mary welaýatynda gurulýan desgalaryň tabşyrylmaly möhletlerinden yza galýandygyny belläp, bu işleriň talaba laýyk guralmagy, bar bolan kemçilikleriň günibirin düzedilmegi ugrunda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A. Ýazmyradowy çagyrdy. Wise-premýer ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şeýle hem ýerlerde agaç nahallaryny oturtmak işleriniň guramaçylykly dowam edýändigi hakynda hasabat berdi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gowaça ekmek möwsümine taýýarlyk işleriniň doly derejede tamamlanandygy habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer A.Ýazmyradowa we welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde oba hojalyk pudagynyň yzygiderli ösdürilýändigini, daýhanlarymyzyň yhlasly zähmetleri arkaly bereketli türkmen topragyndan bol hasyl alynýandygyny belledi. Milli Liderimiz pagtaçy daýhanlaryň durmuşynda möhüm we jogapkärli döwrüň – gowaça ekişiniň ýetip gelendigini welaýat häkimlerine ýatladyp, ekiş möwsümini bellenen möhletlerde we guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belledi we 24-nji martdan başlap, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gowaça ekişine girişmäge ak pata berdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bol pagta hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegi ekişiň agrotehnikanyň kadalaryna doly laýyklykda, öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegine köp derejede baglydyr.
Döwlet Baştutanymyz ýaz ekişi hakyndaky gürrüňini dowam edip, ýerlerde gowaça ekişine asylly däbe görä, il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda girişilse maksada laýyk bolar diýip belledi.
Soňra wideoşekilli iş maslahaty Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewanyň çykyşy bilen dowam etdi. Ol milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ýurdumyzda halkara derejesinde umumy ykrar edilen kadalara laýyk gelýän kanunçylyk – hukuk binýadyny kemala getirmek barada alnyp barylýan işler barada habar berdi. Hususan-da, milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy. Nobatdaky maslahatyň barşynda ýurdumyzyň abadançylygyna, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen meselelere serediljekdigi barada hem habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, Mejlisiň dördünji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynda serediljek meseleler döwrüň talaplaryny öz içine almalydygyny we strategik döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine we raýatlarymyzyň abadançylygyna gönükdirilen täze kanunçylyk namalarynyň many-mazmunynyň ilat arasynda giňden wagyz edilmelidigini hem-de olaryň döwletimiziň kanunçylygynyň kämilleşdirilmegini üpjün etmelidigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş dolandyryjysy H. Muhammedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda özüne ynanylan düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem gözegçilik edýän desgalarynda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, hökümet we dolandyryş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we kämilleşdirmek, önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz gözegçiligindäki düzümleriň işini utgaşykly alyp barmak hem-de olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi.
Göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R. Meredow hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer ýurdumyzda milli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň hökümet toparynyň ABŞ-a boljak saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ABŞ bilen ýola goýýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlar boýunça ösdürilýär, şeýle hem söwda-ykdysady ulgamda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygy guwandyryjydyr diýip bellemek bilen, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy saparyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky umumy gatnaşyklar bilen bir hatarda, medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine hem garalar diýip habar berdi. Şeýle hem ol şu ýylyň maý aýynda paýtagtymyzda türkmen-amerikan işewür maslahatyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini, oňa Amerikanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň 100-den gowragynyň gatnaşmaga isleg bildirýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz döwletara gatnaşyklaryny möhüm ugurlar boýunça sazlaşykly ösdümegiň jähedinde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar özara hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini doly güýjünde durmuşa geçirmek, ony iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine hem-de häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän täze derejä çykarmak babatga hemmetaraplaýyn tagalla edilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatynda hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaý hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ulgama degişli kärhanalaryň işini kämilleşdirmek hem-de olary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen işlenip taýýarlanan resminamalaryň taslamalary barada habar berildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýetimiziň möhüm ulgamlarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, ulgamyň işiniň kämilleşdirilmegi, işgärleriň, zähmet hem-de durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy ugrunda döwletimiziň yzygiderli tagalla etjekdigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagyny has-da ösdürmek maksady bilen ulgamyň düzümlerine dünýäniň iň kämil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe boljakdygyny belledi we bu babatda degişli resminamalara gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Toýlyýew wideoşekilli iş maslahatynda özüniň çykyşyny gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen başlady. Hususan-da, wise-premýer ýurdumyzda ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek boýunça döwletimiziň durmuş syýasatyny hem-de milli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işler hakynda habar berdi. Şeýle hem ol ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dünýäniň iň öňdebaryjy tilsimatlaryny ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen, düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy we onuň çäklerinde ýokary hünärli, ylymly, bilimli, belent ahlakly hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz döwletimiziň ýurdumyzda ylmy we bilimi mundan beýläk-de ösdürmek, ýaşlaryň halkara derejelerine laýyk gelýän döwrebap bilim almaklary ugrunda mundan beýläk-de alada etjekdigini nygtady. Munuň özi Watanymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ussat hünärmenler bilen üpjün edilmegini şertlendirer diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň ylymly-bilimli, tertip-düzgünli bolmaklary ugrunda degişli ýolbaşçylaryň tagalla etmekleriniň zerurdygyny aýtdy.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A. Goçyýew çagyryldy. Wise-premýer ýurdumyzyň maliýe-ykdysady we bank edaralaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hususan-da, ol ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak bilen baglanyşykly görlen taýýarlyk işleri hakynda aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, ýurdumyzda bank- maliýe ulgamyny has-da kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar diýip nygtady. Milli Liderimiz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna Türkmenistanyň maliýe-ykdysady düzümleriniň mynasyp goşant goşmalydygyny nygtady.
Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Nurmyradowanyň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, ol Milli bahar baýramy bolan Nowruz baýramçylygy mynasybetli düzülen medeni maksatnamanyň çäklerinde geçiriljek medeni çäreler hakynda habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda, halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolmagynda milli medeniýetiň möhüm orny eýeleýändigini nygtap, dünýäde türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, baý medeni mirasyny mundan beýläk-de wagyz etmek işleriniň döwrüň talabyna laýyk alnyp barylmalydygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz türkmen topragynyň ajaýyplyklaryny, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazananlaryny we halkymyzyň ruhy baýlyklaryny wasp edýän çeper eserleri, döwrebap aýdym-sazlary döretmegiň, döwrüň talabyna laýyk gelýän tele we radio gepleşikleri taýýarlmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Mundan başga-da, milli Liderimiz wise-premýere özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň sazlaşykly guralmalydygy barada anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A. Ýegeleýew özüniň hasabatyny gurluşyk we energetika pudaklarynda alnyp barylýan işler baradaky habar bilen başlady. Wise-premýer ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri, energetika ulgamynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, ýol gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen işleriň taslamalary barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan gurluşyk we energetika ulgamlaryny döwrüň talabyna laýyk derejede alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz wise-premýere ýurdumyzda halkalaýyn energetika ulgamyny döretmäge, gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmaga, ýol gurluşygy boýunça ökde hünärmenleri taýýarlamaga, gara ýollaryň we köprüleriň gurluşygyny çaltlandyrmaga berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş. Durdylyýew çagyryldy. Ol häzirki döwürde paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şäheriň binagärlik keşbini özgertmek we ilatyň durmuş derejesini has-da gowulandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem häkim paýtagtymyzy toplumlaýyn abadanlaşdyrmagyň ýörite düzülen meýilnama esasynda alnyp barylýandygyny belläp, şäheri durmuş-senagat taýdan ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň alnyp barlyşy barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda şäher gurluşyk-binagärlik boýunça ýaýbaňlandyrylan maksatnamany durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, şäher desgalaryny, seýilgählerini göwnejaý saklamak, arassaçylygyň, tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere ünsi çekip, paýtagtymyzyň bezeg işleriniň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R. Seýitkulyýewiň hasabaty diňlenildi. Wise-premýer ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de degişli düzümleriň kämilleşdirilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz bu ulgamyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ähli düzümlerde degişli gurluşyk işlerini göwnejaý alyp barmak boýunça anyk tabşyryklary berip, ähli pudaklary toplumlaýyn ösdürmek babatda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmelidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ulag we aragatnaşyk pudaklaryna möhüm ornuň degişlidigini aýtdy we bu babatda degişli düzümler bilen sazlaşykly işleri ýola goýmagy tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N. Atagulyýew çagyryldy. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgmynda, dokma senagatynda durmuşa geçirilýän işler hakynda habar berdi. Şeýle hem ol Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň senenamasynda möhüm orny eýeleýän milli bahar baýramçylygynyň ýokary derejede geçirilmegi babatda düzülen maksatnama hakynda aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň çäklerinde dokma senagatynda, söwda we hyzmatlar ulgamynda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyna doly laýyk gelmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dokma senagatynda önümçiligiň depginini ýokarlandyrmak, dokma önümleriniň dünýä bazarlaryndaky ornuny pugtalandyrmak, ulgamyň işini talaba laýyk ýola goýmak üçin ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty ýurdumyzyň hökümet agzalarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz olara ýüzlenip, men sizi we siziň üstüňiz bilen mähriban halkymy ýurdumyzda dabaraly bellenip geçilýän milli bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn diýip söze başlady.
Milli bahar baýramy bolan Nowruz baýramyny türkmen halky gadymy döwürlerden bäri ýagşy umyt-arzuwlara besläp, ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýar diýip aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz bu baýram tutuş tebigatyň janlanyp, daýhanlar üçin örän möhüm döwrüň – bol hasylyň düýbüniň tutulýan döwrüniň başlanýandygyny aňladýandygyny belledi.
Häzirki döwürde Nowruz baýramy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan halkara baýram hökmünde ykrar edildi, bu baýram haklary ýakynlaşdyrýan, dostluga we hoşniýetli gatnaşyklara çagyrýan ajaýyp baýramlaryň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, men sizi we ähli halkymyzy milli bahar baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn, siziň her biriňize we mähriban halkyma berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt we uly üstünlikler arzuw edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara ýurdumyzyň mundan beýläk-de ykdysady taýdan gülläp ösmegine gönükdirilen asylly işlerinde üstünlikler arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.