Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 1785
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.

“Itera” kompaniýasynyň ýolbaşçysy türkmen Lideri bilen mähirli görşüp, Türkmenistanyň Baştutanyna wagt tapyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşimaga mümkinçilik döredilendigi üçin hoşallyk bildirdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, Igor Makarow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine täzeden saýlanmagy hem-de Milli bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür we ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň bähbidiniň hatyrasyna alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany gutlaglar we ýagşy arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, “Iteranyň” Türkmenistanda ygtybarly hyzmatdaşlaryň biri hökmünde özüni tanadandygyny kanagatlanma bilen belledi hem-de ýurdumyzyň bu iri kompaniýa bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Netijeli hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada gyzykly pikir alyşmagyň barşynda Igor Makarow özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljegine uly umyt baglanýan türkmen bazaryna gatnaşygynyň gerimini giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda uly möçberdäki maýa goýumly taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada gürrüň berdi. Hususan-da, “Iteranyň” ýolbaşçysy kompaniýa tarapyndan gurulýan desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, Türkmenistanyň Baştutanynyň başlangyjy boýunça dürli ugurlarda öňe sürülýän täze iri möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda holdingiň ýolbaşçysy Igor Makarow wagt tapyp duşuşandygy üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, “Iteranyň” geljekde-de hyzmatdaşlyga degişli borçlarynyň ýerine ýetirilmegine düýpli we jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.