Ï Berkarar we bagtyýar döwletiň bahar baýramy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar we bagtyýar döwletiň bahar baýramy

view-icon 1431
Türkmenistanlylar nurana bahar baýrmy bolan Nowruz baýramçylygyny agzybirlikde we ruhubelentlik bilen garşyladylar. Şu günler tutuş ýurdumyzda ählumumy ruhy galkynyş, şatlyk we dabara höküm sürýär. Gadymy türkmen topragy älemgoşar reňkli güllere beslendi, gadymy asylly dessurlarymyz belent ruhly aýdym-sazlar bilen utgaşdy.

Milli bahar baýramy öz gözbaşyny halkymyzyň köp asyrlyk şöhratly taryhyndan alyp gaýdýar. Nowruz uzak ýyllaryň dowamynda biziň halkymyzyň ruhy kämilligine atalarymyzyň ýürek mährini, enelerimiziň söýgüsini siňdirip, häzirki döwürde diňe bir täze durmuşyň başlanýandygyny, tebigatyň janlanýandygyny, baharyň gelendigini alamatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem türkmen halkynyň milli häsiýetleri bolan beýik ahlak gylyklaryny, hoşniýetliligi we halkyň kalbynyň nuruny beýan edýär. Häzirki döwürde bu ajaýyp baýramyň üsti täze mazmun bilen ýetirilip, ol täze derejä çykdy we bütindünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülmek bilen, halkara derejesine eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda dünýäniň 24 döwletiniň goldamagynda Nowruz baýramy UNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. 2010-njy ýylyň fewralynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Eýranyň we Owganystanyň teklibi boýunça ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Oňa laýyklykda her ýylyň 21-nji marty Halkara Nowruz baýramy diýlip yglan edildi we ol döwletleriň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýan we Merkezi Aziýadan başlap, Balkan hem-de Ýakyn Gündogar ýurtlaryna çenli bolan aralykda ýaşaýşyn halklaryň taryhy-medeni däplerini wagyz edýän baýramçylyk hökmünde ykrar edildi.

Şeýlelikde, Nowruz baýramy tebigy esaslary, taryhy gelip çykyşy we baý medeni-mirasy, ruhy dessurlary özünde jemleýän şanly senä öwrüldi. Ýöne, esasy zat tutuş halklaryň hormat goýýan parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşyçylyk, abadançylyk gatnaşyklarynda, rowaçlykda, döredijilkili zähmetde we tebigata bolan söýgüde öz beýanyny tapýar. Hut şu esaslar hem Nowruz baýramçylygynyň halkara we ynsanperwerlikli ähmiýetini açyp görkezýär hem-de ony halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga bolan başlangyjyny aýan edýär.

Halkymyzyň köp asyrlyk däp-dessurlary häzirki döwürde “Berkarar döwletiň bahar baýramy” ady bilen Ahal welaýatynda geçirilýän Nowruz baýramçylygynda belent ruha beslenip, şowhunly dabaralara utgaşyp gidýär. Ony Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimlikleri bilelikde guradylar.

Baharyň kümüşsöw bulduraşýan ýaşyl otlary bilen basyrylan Ahal ýaýlasy aýdym-sazly, şatlyk-şowhunly dabaranyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde türkmen halkynyň giň kalbyna çalymdaş bereketli desturhanlar ýazylyp, milletiň myhmansöýerligini, onuň hoşniýetli dostlar we goňşylar üçin hemişe açykdygyny alamatlandyrýar.

Köpetdagyň etegindäki owadan ýaýlalara säher bilen Nowruz güneşi düşüp başlandan, türkmen halkynyň asylly däbine görä baýramçylygy guraýjylar dabaranyň myhmanlaryny—hökümet agzalaryny, Mejlisiň ýolbaşçysyny we deputatlaryny, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekillerini, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryny, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimlerini, hormatly ýaşululary, habar beriş serişdeleriniň wekillerini we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinden gelen köp sanly adamlary, myhmanlary garşylaýarlar. Hoş owazly çagalar öz şatlyklaryny, döredilýän amatly şertler üçin hoşallyklaryny belent heňli aýdymlaryň we goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler. Bu görnüş ajaýyp bahar baýramynyň türkmen topragyna dolandygynyň buşlugyna öwrüldi. Milli lybasdaky gyzlar myhmanlara halkymyzyň asylly däbiniň aýrylmaz bölegi bolan dürli tagamlary, peşme, çapady, külçe, süýji önümleri we miweleri hödürlediler. Hormatly ýaşulular hem-de ak gyňaçly eneler bolsa dabara gelenleriň hemmesini köp öwüşginli, nurana baýramçylyga gatnaşmaga çagyrdylar.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Onda döwlet Baştutanymyz türkmen halkyny milli bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, Nowruz dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem kalbynda we hakydasynda ençeme asyrlar bäri ýaşap gelýän iň gadymy baýramlaryň biridir. Gözelligiň we joşgunly ýaşaýşyň bu nurana baýramy biziň döwrümizde halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligi rowaçlandyrýan, dünýä derejesinde dostluga we hoşniýetlilige çagyrýan halkara baýramlarynyň birine öwrüldi... Müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenen, ajaýyp däp-dessurlary özüne siňdiren Nowruz baýramynyň bu gün adamzady parahatçylyga çagyrýan halkara baýramyna öwrülendigine, halklary birek-birege baglanyşdyrýan hem-de ýakynlaşdyrýan bütindünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde gymmatynyň has-da artýandygyna biz örän guwanýarys diýen sözleri dabara gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlik hem-de elçarpyşmalar bilen garşylandy.

Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary baýramçylygyň baş bezegine öwrüldi. Bu ýerde gurnalan sahnada berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni, halkymyzyň agzybirligini we bitewiligini, milletiň mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine hem-de rowaçlygynyň hatyrasyna alyp barýan döredijilikli zähmetini wasp edýän ussat aýdymçylar, folklor we tans toparlary, belli ýerine ýetrijiler hem-de artistler çykyş etdiler. Dabara gatnaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetiren “Nowruz geldi Arkadagly diýara” atly aýdymy bu ýerdäki çykyşlaryň jemini jemledi.

Şol pursatda türkmen halkynyň durmuşynyň esasy dessurlarynyň biri bolan myhmanlara hödür-kerem başlandy. Giden ýaýlada atarylan toý gazanlaryndan göterilýän tüsse, milli naharlaryň ýakymly ysy dabara gatnaşyjylaryň hiç birini-de perwaýsyz goýmady. Owadan nagyşly desterhanlarda milli tagamlaryň ähli görnüşleri, hususan-da, çapady, çelpek, gatlakly, peşme, ýarma, palaw ýaly milli tagamlar goýlupdyr. Nowruzyň baş tagamy hasaplanýan semeni bolsa baýramçylygyň ähli ýerinde dabara gatnaşyjylara hödür edilýär.

Dag etegindäki gözüňi dokundyrýan Ahal ýaýlasynda guralan alty ganat türkmen öýlerinde owadan halylar düşelipdir. Göze gelüwli sekilerde bagşylar aýdym aýdýarlar, ýaşulular keçe-keçe oýnuna güýmenýärler, gyzlar monjuk atdy oýnaýarlar, zenanlarymyz bolsa özleriniň el hünärlerini görkezýärler. Bu ýerde dabara gatnaşýan myhmanlar ýüpek matalaryň, hususan-da ketenileriň, halylaryň, keçeleriň we silkme telpegiň taýýarlanyş aýratynlyklary we onuň ähli tapgyrlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Myhmanlaryň öňünde halyçylar, demir ussalary, küýzegärler öz ussatlyklaryny görkezdiler. Gamyş dokamagyň usullary, olara dürli görnüş bermek we birnäçe ösümliklerden nagyş çekmek dabara gatnaşyjylarda has-da uly täsir galdyrdy. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde ýerine ýetirilýän hereketler türkmen halkynyň köp asyrlyk durmuş ýörelgesi bilen baglanyşykly bolan gadymy däp-dessurlar täzeden janlandyryldy.

Dürli güller bilen bezelen belent başly hiňillikler şu günki baýramçylygy has-da dabaralandyrdy. Halkymyzda adamlar batly hiňildiklerde asmana tarap görerilmek bilen ruhy taýdan tämizlenýärler we täze güne arassa kalp, nurana arzuwlar bilen başlaýarlar diýen asylly däp bar. Dabara gatnaşyjylar hiňildik uçýan ýaşlaryň göreldesine eýerip, türkmen hiňildiklerinde uçup gördüler.

Şaman ot ady bilen guralýan gyzykly dessur Nowruz baýramçylygynyň esasy çäreleriniň biri boldy. Oňa dabara gatnaşyjylaryň uludan-kiçä hemmesi uly höwes bilen gatnaşdylar we oduň üstünden bökdüler. Munuň özi türkmen halkynyň iň gadymy däpleriniň biridir. Bu dessur öz gözbaşyny oda çokunylýan döwür bolan zoroastrizmden alyp gaýdýar. Oduň üstünden bökmek bilen, adamlar diňe bir ruhy taýdan tämizlenmän, eýsem täze güne sagdyn we belent ruh bilen gadam basýarlar diýen ýörelge bar.

Tomaşa edýänleriň şowhuny astynda güýç synanyşýan pälwanlaryň ýany hem örän köp adamly boldy. Mundan başga-da baýramçylykda däp bolan it urşy, goç süsüşdirmek we horaz uruşdyrmak ýaly bäsdeşikler hem guraldy. Ajaýyp ahalteke bedewlerine atlanan çapyksuwarlar baýramçylygyň esasy bezegine öwrüldiler. Ýörite guralan manežde ýalyn ýaly jigitler at üstündäki oýunlaryň dürli görnüşlerini ýerine ýetirdiler we bu ýere ýygnananlaryň öňünde öz ussatlyklaryny görkezdiler. Ýalyga towusmak, düzdüm, aýterek-günterek, aşyk oýny, para, bäş daş ýaly milli oýunlara tomaşa edýänleriň sany hem az bolmady.

Şu ýerden uzak bolmadyk sonarly meýdanda çopanlaryň wepaly ýoldaşy hasaplanýan türkmen itleri bilen bakylýan dowarlary göreniňde çarwadarlaryň däp bolan durmuşy göz öňünde janlanýar. Şeýle hem bu ýerde birnäçe mallaryň görnüşleri bar. Aýratyn ýataklarda dowarlaryň, geçileriň, düýeleriň we sygyrlaryň saýlama tohumlary görkezilýär.

Naşyja köşejikler, gölejikler, owlajyklar, guzujyklar, taýçanaklar we gaýduwsyz türkmen itleriniň güjüjekleri has-da özüne çekiji görnüşi emele getirýär. Bu görnüş diňe bir çagajyklaryň däl, eýsem baýramçylyga gatnaşýan ulularyň hem ünsüni özüne çekdi.

Bu ýerde el guşlaryny taýýarlaýanlar we olaryň elindäki türkmen laçynlary, ýyndam tazylar, olaryň awyň yzyndan ýokary tizlik bilen kowuşlary dabara gatnaşyjylarda has-da uly täsir galdyrdy.

Owadan kejebeli ak maýalaryň görnüşleri has-da özün çekiji boldy. Gadymy döwürlerde şeýle kejebeli düýelerde gelinalyjy gidilipdir. Bu gün kejebeli ak maýalaryň görkezilmegi Nowruz baýramynyň täze toýlara baýramçylyklara badalga berýändigini alamatlandyrdy. Dabaranyň barşynda türkmen toýlary bu onuň bilen baglanyşykly ähli ýagşy dessurlar hem görkezildi.

Türkmen halkynyň baý gadymy taryhyna gezelenç etmäge mümkinçilik berýän açyk asmanyň astynda guralan serginiň tomaşaçysy has-da köp boldy. Olarda ýurdumyzyň muzeýleriniň gaznalaryndaky gymmatlyklar görkezildi. Bu ýerde halkymyzyň taryhda ulanan zähmet gurallaryny, öý we hojalyk enjamlaryny, geçen asyrlaryň dessurlaryndan gürrüň berýän gymmatlyklar, türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk önümleri, olaryň gaýtadan işlenen görnüşleri, şeýle hem ýokary hilli dokma önümleri hem-de ýurdumyzyň oba senagat toplumynyň harytlary görkezilýär.

Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň muzeýleriniň gaznalarynda saklanýan halk senetkärçiliginiň önümleri, gaýtalanmajak sungat eserlerine öwrülen halylar, zergärçilik we küýzeçilik sungatynyň önümleri, milli nagyşlar ýaýbaňlandyrylypdyr. Bu ýerde guralan çeperçilik sergisi türkmen tebigaty we onuň baýlyklary bilen sazlaşykly ömür sürýän adamlaryň durmuşyny hem-de bahar gözelliginiň senasyny janlandyrýan sergini emele getiripdir. Bu ýerde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň we ýaş suratkeşleriň eserleri hem görkezilýär. Sergide görkezilýän işleriň aglaba köpüsi baharo güllerine bagyşlanypdyr. Olarda meýdan gülleri, çopan telpekler, al öwüsýän gülälekler we çigildemler suratlanlyrylýar.

Bagşynyň owazy we türkmen dutarynyň jadyly heňi türkmen toýlarynyň esasy nyşany hasaplanýar. Bu ýerde sungat ussatlarynyň we ýaş ýerine ýetirijileriň belent heňli owazlary baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýdy. Tans we folklor toparlarynyň teatrlaşdyrylan çykyşlary, estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlary baýramçylygyň dabarasynyň has-da artdyrdy.

Bu ýede ýurdumyzyň her bir welaýatynyň öz künjegi bolup, onda welaýatyň halk hojalygynyň dürli ugurlary boýunça ýeten sepgitleri, hususan-da oba hojalagynda, senagat, medeniýetde we beýleki pudaklarda gazanan üstünliklri görkezilýär. Welaýatlaryň wekilleri dürli tagamlary we däp bolan süýji nygmatlary taýýarlmagyň usullaryny görkezdiler. Ol künjeklerde giňden giň ýazylan desterhanlarda dürli görnüşli önümler, juda tagamly nygmatlar baýramçylyga gatnaşyjylara hödürlenýär. Olaryň ýanynda bolsa sebitiň iň gowy aýdym-tans hem-de folklor toparlary çykyş edýärler. Türgenleriň görkezme çykyşlary aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam etdirilýär.

Ählihalk dabarasy hökmünde giňden bellenilýän Nowruz baýramy türkmen jemgyýetiniň bozulmaz belent ruhuny we bitewiligini, mähriban topragymyzyň sahylygyny, gözel tebigatymyzyň gül-gülälege beslenýän bahar paslyndaky ajaýyplygyny alamatlandyrýar. Bu baýramçylyk gije bilen gündiziň deňleşýän pursatynda gelýär we şundan soň gündizlerimiz uzap başlaýar. Ýagny, hoşniýetliligiň, parahatçylyk we döredijilik ýörelgeleriniň rowaç alýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrülýär. Belent ruha, döredijilige hem-de durmuş ýörelgelerine esaslanýan bu ajaýyp many ýüzýyllyklar aşyp, biziň günlerimize çenli öz durkuny ýitirmändir we onuň berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne şeýle kybap gelýändigini aýratyn bellemeli. Bahar, galkynyş hem-de tebigatyň janlanmagy bilen berk baglanyşykly bolan Nowruzy biziň ata-babalarymyz hormatlapdyrlar. Ony ýyly günleriň gelmegini, oba hojalyk işleriniň başlanýandygyny alamatlandyrýan sene hasaplapdyrlar. Bu sene hasyllylygyň, ekiş möwsüminiň, diýmek abadançylygyň başlanýandygyny aňladýan baýramçylyk hökmünde kabul edilýär. Ýylyň bu döwri adamlaryň durmuşy üçin köp sanly däp-dessurlary, tebigatyň we hasyllylygyň alamatlary bilen baglanyşykly ýörelgeleri emele getirýändigi üçin has-da ähmiýetlidir.

Bu nurana baýramçylygyň hakyky eýeleri hasaplanýan ekerançylar täze möwsüme asylly ýörelgeler bilen başlaýar. Halk arasynda ýylyň gelşi Nowruza we onuň garşylanylyşyna bagly diýen düşünje bar.

Şu ýylyň baharynyň ygally gelmegi, häzirki bagtyýar eýýamda

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen halkynyň döredijilkli zähmetiniň rowaç almagy, şeýle hem nurana ynamlar hem-de ruhy göterliş Nowruz baýramçylygynyň dabarasyny has-da artdyrdy. Şeýlelikde bolsa halkymyzyň şu ýylda öňde goýlan sepgitlere üstünlikli ýetjekdigine pugta ynam döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän we türkmen halkynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň belende galmagyna gönükdirilen özgertmeleriň netijesinde, häzirki döwürde Türkmenistanda oba hojalyk önümçiligi düýpli döwrebaplaşdyrylýar. Ýeri netijeli peýdalanmagyň täze usullary we ýörelgeleri durmuşa ornyşdyrylýar. Munuň özi bolsa ekerançylara ýerlerden däne, pagta, miwe, gök we bakja önümleriniň bol hasylyny almaga mümkinçilik berýär.

Nowruzyň gelmegi bilen daýhanlar ýylyň nähili boljagyny, gurakmy ýa-da ýagynly, şeýle hem hasyllymy, hasylsyz boljakdygyny kesgitläpdirler. Nowruzy geçirip, ekişe başlabermeli diýen düşünje bar. Biziň ýurdumyzyň pagtaçylary hem Nowruza çenli gowaça ekiljek ýerlerini, tehnikalaryny we ýeterlik tohumy taýýarladylar. Mälim bolşy ýaly, ekiş günleriniň başlajak wagty indi daşda däl.

Gadym wagtlardan bäri adamlar Nowruz baýramçylygynyň öňüsyrasynda jýlerinde, howlusynda abadanlaşdyryş işlerini geçiripdirler, bag nahallaryny gülleri oturdypdyrlar. Türkmenistanda hem asylly däbe görä, Nowruzyň öňüsyrasynda ählihalk ýowary geçirilip, bag ekmek möwsümine badalga berildi. Şu ýyl bu asylly işe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi gatnaşdy.

Şu günki Nowruz baýramçylygy ýene-de bir aýratynlyga eýe boldy. Ol hem şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda seýilgählerde, konsert meýdançalarynda aýdym-sazly we teatrlaşdyrylan çykyşlar ýaýbaňlandyryldy, baýramçylyk söwdasy guraldy, türgenleriň görkezme çykyşlary we milli oýunlar geçirildi. Bu nurana baýramçylyk türkmen halkynyň aňynda her bir maşgala, her bir öýe şatlyk getirýän milli sene hökmunde ebedi orun tutdy.

Baýramçylygyň agzybirlikde geçirilmegi, onuň ruhy bütewiligi Nowruzyň häsiýetli aýratynlygydyr. Munuň özi Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, häzirki zamanyň ählumumy meseleleriniň oňyn çözgüdi ugrunda dünýä bileleşiginiň tagalalalyrnyň birleşdirilmegine, hususan-da, bütin dünýäde parahatçylygyň goralmagyna, jemgyýetde demokratik gymmatlyklaryň ykrar edilmegine, milletraa gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, daşky gurşawyň goralmagyna gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyna doly laýyk gelýär.

Bir söz bilen aýdylanda, Nowruz özüniň köp öwüşginli gadymy däpler bilen häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolýar. Bu baýramçylyk dünýä ýüzünde giňden bellenilip, misli gün şöhleleri ýaly, çar tarapa şöhle saçýar.

Milli bahar baýramçylygy mynasybetli guralýan baýramçylyk çäreleri, köpçülikleýin gezelençler şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda giň gerime eýe boldy. Şu gün agşam paýtagtymyzyň “Ylham” seýilgähi, “Aşgabat”, “Türkmenistan ” we “Watan” kinokonsert merkezleri aýdym-sazly çykyşlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Şeýle hem şu gün Türkmen döwlet gurjak teatry “Biz Arkadagyň bagtyýar nesilleri”, ýurdumyzyň Baş drama teatry “Bahar dünýäni söýgi bilen doldurdy” we A.S.Puşkin adyndaky Rus drama teatry bolsa “Nowruz dünýä dolanda” atly sahna oýunlary bilen tomaşaçylary garşyladylar.