Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 719
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky syýasy geňeşmelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýeti 2012-nji ýylyň 21-25-nji marty aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

* * *


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň durnukly we ýokary depginli ösüşini üpjün etmek, ýurdumyzda telekeçiligi has-da ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde telekeçilik işini amala aşyrýanlara döwlet tarapyndan giňden goldaw bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Merkezi bankyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Türkmenistanyň döwlet serişdeleriniň hasabyna 30 000 000 (otuz million) amerikan dollary möçberde serişdäni bölüp bermäge ygtyýar berildi.