Ï Halas edijiler kömege ýetişerler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halas edijiler kömege ýetişerler

view-icon 654
Lebap welaýatynyň Sakar etrabynda mart aýynda halas edijileriň 2012-nji ýyldaky ilkinji türgenleşik okuwlary geçirildi. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň raýat goranyş we halas ediş müdürliginde habar bermeklerine görä okuwlary maksady Amyderýada ýazky suw joşgunynyň ähtimallygy bilen baglanyşykly gaçylary we gerişleri berkitmekde, ýerli pagta arassalaýjy zawodda ýüze çykaýmagy ahmal bolan 2-nji derejedäki ýangyny ýok etmek, bu iki ýagdaýda hem ilaty göçürmek mümkünçiliklerini işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Öňden düzülen meýilnama boýunça Amyderýanyň “Joşmagy” bilen “Watan” daýhan birleşiginiň Bakja obasyny we oňa ýakyndaky ekin meýdanlaryny suw almak howpy abanýar. Şeýle hem güýçli ýel öwüsmegi netijesinde ýerli pagta arassalaýjy kärhanada elektrik üpjünçiligi bökdelýär we taýýar önümler saklanylýan ammarda “ýangyn döreýär”. Ýerli ýaşaýjylar we kärhananyň işgärleri halas edijileri çagyrmaga mejbur bolýarlar. Dörän ýagdaý barada şol bir wagtyň özünde degişli raýat goranyş gullugynyň hem başlygy bolan etrap häkimine ilki bilen, soňra bolsa welaýat goranyş gullugynyň ýolbaşçysy bolan welaýat häkimine habar edilýär. Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça toparyň tiz wagtda hem-de gyssagara geçirilen maslahatyndan soň, “heläkçilik çeken künjege” goşmaça tehnika we adam kömegini ibermek karar edilýär.


Türgenleşik okuwlarynyň barşynda “heläkçilik çekenlere” Türkmenabat şäheriniň we Lebap welaýat raýat goranyş hem-de halas ediş müdürliginiň ýörüte tehnika bilen üpjün edilen topary tizden-tiz kömege ýetişýär. “Suw joşgunyny”ýok etmek çärelerine “Lebapsuw hojalyk” önümçilik birleşiginiä, Amyderýanyň kenarlaryna berkitmek boýunça “Amyderýakenarberkidiş” guramasynyň, “Lebapawtoulag”, “Lebapenergo”Önümçilik birleşikleriniň wekilleri, ýangyna garşy boçynça etrap bölümi, etrap polisiýa bölümi, keselleriň ýaýramagyna garşy we arassaçylyk boýunça etrap gullugy, “Lebaptelekom” welaýat bölümi hem-de elektrik üpjünçiligi we aragatnaşyk boýunça hünärmenler, lukmanlar gatnaşdylar. Iş ýüzünde Amyderýanyň kenarlaryny berkitmek, ilaty ‘suw basmak” ähtimallygy bolan ýerlerden howpsuz zolaklara göçýrmek, ýaşaýjylary ähli durmuş şertleri bilen üpjün edilen wagtlaýyn çadyr şäherjiklerde ýerleşdirmek we “Tiz kömek” gelýänçä lukmançylyk kömegini bermek ýaly çärelerde tärimleri ele aldylar.


Bilelikdäki okuwlara edaralaryň we guramalaryň ençemesiniň wekilleri çekildi. Türkmenistanda adatdan daşary ýagdaýlar boçunça Döwlet toparynyň 2012-nji ýyl ýçin iş meýilnamasyna laýyklykda iri senagat desalarynda tälim beriş we türgenleşik okuwlary tutuş ýuty boýunça dowam etdiriler. Nobatdaky türgenleşik okuwlary Mary welaýatynyň Türkmengala, Daşoguz welaýatyna Görogly we Ahal welaýatynyň kaka etraplarynda geçirilip, olar tebigy heläkçilikleriň öňüni almak bilen baglanyşykly bolar. Şol okuwlar mart – aprel aýlarynda guralar.