Ï Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi: habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürip
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi: habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürip

view-icon 672
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda iki günlük maslahat öz işine başlady. Bu maslahat Ýewropa Bileleşiginiň goldaw bermeginde “Bi-Bi-Si” Bütindünýä gullugynyň Gaznasy tarapyndan amala aşyrylýan Türkmenistanda habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça taslamanyň çäklerinde guraldy.

Maslahata Merkezi saýlaw toparynyň habar beriş serişdeleri bilen işlemek baradaky iş toparynyň agzalary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet habarlar gullugynyň (TDH), Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň we ýurdumyzyň beýleki milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara bilermeni hökmünde maslahata Ýewropa we GDA ýurtlaryndan hünärmenler hanym Kler Dul we hanym Zoýa Kazanži çagyryldy.

Maslahatyň birinji gününiň barşynda dünýäniň ýurtlarynda dürli saýlaw çärelerini şöhlelendirmekde habar beriş serişdeleriniň işiniň halkara tejribesine bagyşlanan çykyşlar diňlenildi, şeýle hem maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň we habar beriş serişdeleriniň maglumatlar babatda özara gatnaşyklarynyň tejribesi, metbugat maglumatlaryny we brifingleri taýýarlamagyň tejribesi bilen tanyşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler babatda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bu ulgamda tejribe alyşmagyň möhümdigini we peýdalaydygyny bellediler.