Ï Bahar paslynyň täzeleniş baýramy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bahar paslynyň täzeleniş baýramy

view-icon 873
Şu gün paýtagtymyzyň konsert meýdançalarynda Nowruz baýramyna bagyşlanan, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan guralan aýdym-sazly dabaralary, sahnalarda bolsa özboluşly şüweleňler dowam etdi.

Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada “Bagtyýardyr gül Diýar” atly sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti boldy. Onda “Galkynyş”, “Serdara serpaý”, “Laçyn”, “Näzli”, “Meňli” ýaly meşhur aýdym-saz we tans toparlary, estrada aýdymçylary hem-de paýtagtymyzyň teatrlarynyň, şeýle-de Aşgabat şäherine baýramçylyk çykyşlary bilen gelen halk toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Şygryýet sungatyna söýgi duýgusyny terbiýelemek Nowruz dessurlarynda öz beýanyny tapan gadymy däpdir. Şoňa görä-de, sahnadan Magtymgulynyň, Seýdiniň, Zeliliniň, Andalybyň, Mollanepesiň we döwürdeşlerimiziň tebigatyň oýanmagyna, türkmen topragynyň gözelligine, ata Watanymyzyň täze eýýamda gazanan üstünliklerine bagyşlanan goşgular ýaňlandy. Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren aýdymy bu dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.


“Ylham” seýilgähinde, “Türkmenistan” we “Watan” kinokonsert merkezlerinde aşgabatlylara we paýtagtymyzyň myhmanlaryna estrada ussatlary öz döredijiligini görkezdiler, Nowruzy, milli ýörelgeleri, ahlak hem-de umumadamzat medeni gymmatlyklary, ajaýyp däp-dessurlary wasp edýän halk aýdym-sazlary, döwrebap çykyşlary ýerine ýetirildi. Şol däp-dessurlar bolsa milli ruha, ynsanperwerlige we hoşniýetlilige beslenendir.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen “Eziz Diýar gül açýar” atly dabara Milli bahar baýramyna we berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne bagyşlandy. Şol ýerde paýtagtymyzyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary we tanslary teatryň sahna oýunlaryndan, şeýle hem mundan birnäçe ýyl ozal türkmen sahnasynda gaýtadan dikeldilen ajaýyp “Leýli-Mejnun” operasyndan parçalar bilen sazlaşykly utgaşdy.

Şu baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň örän köp bolmagy giňden bellenilýän Nowruz baýramynyň türkmen halkynyň özboluşly dünýägaraýşyny kemala getirýän baýrama öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Bu baýram häzirki eýýamda uly halkara ähmiýetine eýe boldy. Bu bahar baýramy türkmen tebigatynyň gözelligini artdyryp, adam bilen tebigatyň arasynda özboluşly sazlaşygy alamatlandyrýar.

Paýtagtymyzdaky ýaşlar teatrlarynyň toparlary hem baýramçylyga döredijilk sowgadyny taýýarladylar—şu gün agşam Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň sahnasynda “Nowruz geldi Diýara, beslenip bahar-ýaza”, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynda bolsa “Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym” atly sahnalaşdyrylan dabaralar boldy. Bu dabaralaryň maksatnamasyna edebi-çeperçilik we aýdym-saz hem-de tans çykyşlary girizildi. Olarda ýaş aktýorlar tebigatyň bahar öwüşginini, bu täzeleniş döwrüniň ynsanyň ruhy durmuşyndaky möhüm ornuny çeper beýan etmek üçin ähli tagallalary etdiler. Teatr sungatynyň muşdaklary adamlary hoşniýetlilige we kämillige ruhlandyrýan ajaýyp Nowruzy wasp edýän türkmen nusgawy şahyrlarynyň goşgy setirleri bilen utgaşyp gidýän sahna oýunlaryna uly höwes bilen tomaşa etdiler.

Bu dabaralaryň esasy manysy Nowruzyň köp halklaryň, şol sanda türkmen halkynyň ruhy mirasyna öwrülen gadymy baýramlaryň biridigi baradaky pikir bilen baglanyşykly boldy. Biziň döwrümizde bu gözellik we ruhubelentlik baýramy halklary ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň we zähmetsöýerligiň belent ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny görkezýän, bütin dünýäde dostluga we hoşniýetlilige çagyrýan halkara baýramlarynyň birine öwrüldi.

Nowruz baýramy bellenilen günlerde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde teatr toparlary, estrada, tans hem-de folklor toparlary, şeýle hem sahna artistleri çykyş etdiler. Olar bilelikde aýdyň konsert maksatnamasyny düzdüler. Bu çykyşlar welaýat we etrap merkezleriniň seýilgählerinde hem-de ýörite meýdançalarynda, teatrlaryň zallarynda, Medeniýet öýleriniň sahnalarynda, kinokonsert merkezlerinde geçirildi.

Tebigatyň we ynsan kalbynyň gözelliginiň nyşany bolan Milli bahar baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly çäreler türkmen halkynyň ruhubelentligini we jebisligini, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan beýik maksatlaryna ýetmek üçin halkymyzyň edermenlikli we döredijilikli zähmete bolan hyjuwyny has-da artdyrdy.