Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň binasynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň çäklerinde ýurdumyzyň
Goranmak ministrliginiň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirdi. Maslahatyň gün tertibine ýurdumyzyň harby düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, milli Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär diýip aýtdy. Döwletimiziň döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen we diňe bir sebitleýin derejede däl, eýsem, ählumumy möçberde ýurtlaryň hem-de halklaryň ösüşiniň geljegine degişli döredijilik başlangyçlaryny yzygiderli öňe sürýändigi munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Goranmak häsiýetine eýe bolan milli Harby doktrinamyzyň ýagdaýlaryna esaslanyp, ýurdumyzyň harby düzümleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri üçin, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamagyň möhümdigi barada aýtmak bilen, harby düzümlerde mähriban Watanymyza, halkymyza wepaly, halal harby gullukçylaryň bolmaklarynyň esasy şertdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz şahsy düzümler bilen terbiýeçilik işleriniň yzygiderli geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy.
Ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat bilen çykyş etdi. Ol özüniň ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň ýagdaýy we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini täze tehnikalar bilen üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda habar berdi. Türkmenistanyň goranmak ministri Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukuçylaryň ýaşaýyşy we gullugy üçin oňaýly şertleri döretmek bilen baglanyşykly meseleleriň hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýandygyny belläp, harby gullukçylaryň Watanymyza halal we yhlasly gulluk etjekdiklerine, türkmen döwletiniň mukaddes Garaşsyzlygynyň gazananlarynyň, halkymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň goragynda durjakdyklaryna milli Liderimizi ynandyrdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, gülläp ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan türkmen halkynyň parahatçylykly we döredijilikli durmuşynyň esaslaryny pugtalandyrmak babatda alyp barýan derwaýys we giň göwrümli işlerinde ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň möhümdigini belledi. Şu jähetden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby düzümleriň ýurdymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça ähli bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmekde möhüm orny eýeleýändigini aýtdy we mähriban Watanymyza, halkymyza ak ýürekden gulluk etmegiň mukaddesdigini nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikler arzuw etdi.