Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 741
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Milletiň Lideriniň maslahatyň gün tertibine girizen esasy meseleleriniň hatarynda möwsümleýin oba hojalyk çärelerini geçirmek, durmuş ulgamynda ilkinji nobatdaky wezipeler, şeýle hem aprel aýynda bellenilýän umumymilli baýramçylyklara, Ministrler Kabinetiniň öňde boljak giňeldilen mejlisine taýýarlyk görmek bar, şonda şu ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine garalar.

Milletiň Lideri göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli maslahaty ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýyny, welaýatlaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak baradaky çäreleriň durmuşa geçirilişi hem-de olarda alnyp barylýan gurluşyk işlerini ara alyp maslahatlaşmak bilen başlap, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi. Ahal, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynyň ýolbaşçylary gowaça ekişiniň geçirilişiniň depginleri hakynda hasabat berdiler. Daşoguz welaýatynyň häkiminiň hasabatynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda gowaça ekişi 28-nji martda başlanar. Güýzlük däne ekinlerine ideg etmek baradaky agrotehniki çäreler barada we ynanylan uçastoklarda işleriň beýleki ugurlary boýunça hem habarlar aýdyldy.

Mundan başga hem Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow Nowruz baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin 20-22-nji martda Owganystan Yslam Respublikasyna bolan iş sapary hakynda hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dostlukly goňşy ýurt bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berip, Owganystandaky ýagdaýy düzgünleşdirmek boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine ygrarly bolan biziň ýurdumyz Owganystany parahat we gülläp ösýän ýurt hökmünde görmek isleýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtamak bilen, ylalaşdyryjylyk, açyklyk we giň halkara hyzmatdaşlygy ugruna gyşarnyksyz eýerýän Türkmenistan geljekde-de öz ýakyn goňşulary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürer, şol sanda günorta goňşusynyň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmek işinde gönüden-göni goldaw bermek bilen owgan topragynda durnuklylygyň hem-de ylalaşygyň ykrar edilmegine ýardam eder diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli maslahaty dowam etdirip, welaýatlaryň häkimlerinden ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy talap edip, meýdan işlerini geçirmegiň depginlerini artdyrmak barada mesele goýdy we möwsümleýin oba hojalyk çärelerini öz wagtynda tamamlamagy üpjün etmek, hasyllylygy ýokarlandyrmak boýunça agrotehniki kadalaryň düzgünlerini hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan maslahatlary berk berjaý etmek boýunça görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň ünsüni geljek aýda bellenilýän şanly senelere – Bütindünýä saglyk gününe, “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramyna we Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanylan dabaralary guramak meselelerine hem çekip, çäreleriň maksatnamasyny öz wagtynda oýlanyşmak bilen olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy. Milletiň Lideri aýlawlary, stadionlary, ýollary göwnejaý ulanyş ýagdaýynda saklamagyň, adamlaryň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerini abadanlaşdyrmagyň hem-de ýaşyl zolaklara, şol sanda ýakynda düýbi tutulan zolaklara ideg etmegiň zerurdygyny aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisini aprel aýynda geçirmegiň bellenilendigini habar berip, häkimlere welaýatlardaky durmuş-ykdysady ýagdaýy jikme-jik seljermegi hem-de şu ýylyň birinji çärýeginde işiň netijeleri hakyndaky jikme-jik hasabatlary taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutany wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowy çagyrdy. Wise-premýer welaýatlar boýunça amala aşyran iş saparynyň jemleri hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda depgine eýe bolýan gowaça ekişiniň barşy, şeýle hem edaralara, kärhanalara ýer böleklerini bermek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz ýazky-meýdan çärelerini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, gowaça ekişiniň, şeýle hem güýzlük bugdaýa idegiň depginlerini ýokarlandyrmagy talap etdi we möhüm oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin işleriň zerur depginini saklamagyň derwaýysdygyny aýratyn belledi.

Baýramçylyk günlerinde ýurdumyzda aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde däbe görä bellenilýän “Suw damjasy—altyn dänesi” umumymilli baýramçylyga görülýän taýýarlygyň barşy bilen gyzyklanyp, döwlet Baştutanymyz baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi.

29-njy aprelde Türkmenistanda Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň giňden belleniljekdigini ýatladyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ady äleme dolan behişdi bedewlerimiziň şanyna ýurdumyzda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamasyny taýýarlamak barada görkezme berdi.

Baýramçylyk mynasybetli geçiriljek Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň II maslahatyna taýýarlyk görülmegine ünsi çekip, milli Liderimiz oňa gatnaşyjylaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri üpjün etmegi tabşyrdy.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda türkmen halkynyň gadymdan gelýän atşynaslyk däplerini saklamak we ösdürmek boýunça uly işler geçirilýär, şol däpler bu gün mynasyp dowam etdirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly bäsleşigi, şeýle hem şekillenldiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde ahalteke bedewleriniň gözelligini çeperçilik taýdan beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşigini ýokary derejede guramagyň zerurdygyny aýratyn nygtady.

Soňra döwlet Baştutany wideoşekilli aragatnaşyga Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy A.Garaýewi çagyrdy, ol öz ýolbaşçylyk edýän gullugynyň işi hakynda habar berdi. Çykyşyň çäklerinde biziň ýurdumyzda geljek hepdede 7-nji aprelde bellenilip geçilýän Bütindünýä saglyk gününe taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçiriljek çäreler hakynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, raýatlaryň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, olaryň beden hem-de ruhy kämilligi üçin şertleri döretmek döwlet syýasatynyň möhüm bölegi, Türkmenistany okgunly we üstünlikli ösdürmegiň esaslarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Milletiň Lideri bu ugurda geçirilýän işiň möhümdigine ünsi çekip, Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanylan çäreleriň ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny gurşap almalydygyny, sportuň dürli görnüşleri we elbetde, milli sport oýunlary boýunça ýaryşlary özünde jemlemelidigini nygtady.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň işine degişli meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň hem, saglygy goraýyş, bilim edaralarynyň hem, şonuň ýaly-da jemgyýetçilik guramalarynyň mümkinçiliklerini birleşdirip, ulgamlaýyn hereket etmegiň zerurdygyny ýene-de bir gezek nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG-niň neşe serişdeleri boýunça toparynyň işine möhüm ähmiýet berýändigini belläp, bu ugurda degişli halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini nygtady. Biz bütin adamzada wehim salýan bu howply durmuş ýagysynyň düýp-teýkary bilen soňuna çykmak üçin ýakyn utgaşyklylykda, bileleşip, aýgytly işlemelidiris diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli göni aragatnaşyk boýunça “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Oraznazarowyň hasabatyny diňledi. Ol atçylyk pudagynda geçirilýän işler hakynda, häzirki zaman atçylyk-sport toplumlaryny göwnejaý saklamagy we olary netijeli ulanmagy guramak barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri ýokarda görkezilen birleşigiň ýolbaşçysyna ýüzlenip, şöhratly gadymy däplere eýe bolan ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmäge, türkmen halkynyň gözelligi we buýsanjy bolan arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny gorap saklamaga hem-de baýlaşdyrmaga, bu babatda tohumçylyk işini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti bu barada söz açyp, ýurdumyzda gurlan atçylyk-sport toplumlarynyň diňe bir sebitleýin derejede däl, eýsem, dünýä derejesinde abraýa we halkara derejesine eýe bolmagy üçin ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady.

Wideoşekilli göni aragatnaşyga Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew çagyryldy. Ol döwlet Baştutanyna geçirilýän işler, hususan-da, welaýatlarda täze häzirki zaman elewatorlaryň gurluşyklarynda geçirilýän barlagyň netijeleri, olarda ýüze çykarylan kemçilikler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda bina edilýän ähli desgalardaky işleriň ýagdaýyna berk gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyny nygtap, olarda alnyp barylýan gurluşyk işlerini ýokary hilli we öz wagtynda tamamlamagyň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi we degişli ýolbaşçylardan bar bolan säwlikleri düzetmek ugrunda gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi talap etdi.

Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew çagyryldy, ol milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň makroykdysady görkezijileri we ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň, salgyt hem-de statistiki edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen döwletini mundan beýläk-de ösdürmäge we abadanlaşdyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, netijeli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milletiň Lideri bu babatda ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklamak hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan uly möçberli özgertmeler maksatnamalaryny ýerine ýetirmek barada anyk görkezmeler berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulaglar we aragatnaşyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary R.Seýitkulyýewy çagyrdy. Wise-premýer döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, awtomobil ulaglarynyň we pudagyň beýleki birlikleriniň häzirki zaman awtobuslary bilen yzygiderli üstüniň ýetirilip durulmagy bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi .

Milletiň Lideri ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaýbaňlanan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, adamlaryň abadançylygy, oňaýly ýaşaýşy we netijeli zähmeti üçin ähli şertleriň döredilmeginiň bu maksatnamanyň esasy ugry bolup durýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz ulag ulgamynda işleriň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine hem-de bar bolan tehnikanyň netijeli peýdalanylyşyna we olara zerur hyzmat edilişine yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyny hem aýratyn belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewi wideoşekilli göni aragatnaşyga çagyrdy. Dürli maksatly desgalaryň ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşygy hakynda binalaryň we ýollaryň durkuny täzelemek hem-de olary döwrebaplaşdyrmak boýunça paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde amala aşyrylýan işler barada, şeýle hem gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalar hakynda hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, gurulýan desgalaryň töweregindäki çäkleri abadanlaşdyrmak, inžener ulgamlaryny we beýlekileri gurmak bilen gurluşyk taslamalaryny toplumlaýyn durmuşa geçirmegi üpjün edip, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň düzümlerini mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi barada durup geçdi.

Welaýatlarda gurulýan desgalaryň hiline berk gözegçiligiň, olary ulanmaga tabşyrmak möhletleriniň berjaý edilmeginiň zerurdygy hakda söz açyp, döwlet Baştutany bu babatda hiç bir säwlige ýol berilmeli däldigini nygtady.

Milletiň Lideri täze binalaryň gurluşygyna we durky täzelenýän desgalara degişli düýpli meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Ol paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça geçirilýän işler, bu ýerde bina edilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy, şäherde arassaçylygy, düzgün-tertibi üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler, şeýle hem golaýlaşyp gelýän şanly senelere görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Aşgabady abadanlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns bermegi, şäheri yşyklandyrmaga, arassaçylyk kadalaryny pugta berjaý etmäge degişli meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy häkimden talap etdi. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, baýramçylyk dabaralarynyň ählisiniň merkezine öwrüljek paýtagtymyzyň şanly senelere mynasyp derejede taýýarlanylmagy üçin ähli çäreleriň görülmegi zerurdyr. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda şähergurluşyk-binagärlik boýunça giň gerimde ýaýbaňlandyrylan maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işleriň depginini üzül-kesil güýçlendirmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda öz ynanylan düzümlerinde işleriň ýagdaýy hakynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň hasabatyny diňledi. Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berip, döwlet Baştutanyna ýurdumyzyň welaýatlary boýunça amala aşyran iş saparlarynyň jemleri barada habar berdi. Hususan-da, welaýatlarda dokma kärhanalarynyň we haly fabrikleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň barşy hakynda, şeýle hem söwda we hyzmatlar ulgamlarynyň guramalarynyň işi hakynda hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda çykyş edýän dokma senagatyny döwrebapladyrmak boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini nygtap, döwletimiziň pudagy ösdürmäge ägirt uly serişdeleri maýa goýýandygyny belledi, bütin ýurdumyzda gurlan häzirki zaman önümçilik toplumlary şol pudagyň esasyny düzýär. Ýurdumyzyň dokma önümlerini dünýä bazarlarynda ýerleşdirmegiň möçberlerini ardyrmagyň möhümdigi hakynda aýdyp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany söwda we hyzmatlar ulgamlaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselesiniň üstünde durup geçip, ýurdumyzyň bazarlarynda dürli azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmegi we ilata edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmagy bu ulgamyň işiniň birinji derejeli wezipeleriniň hatarynda belledi.

Öz gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy we ýetip gelýän baýramçylyklar mynasybetli medeni çäreleriň taýýarlanylyşy hakynda wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly wise-premýer B.Nurmyradowa hasabat berdi. Ol şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda teleradioýaýlymlaryň işini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän çäreler hakynda habar berdi.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, tele we radio gepleşikleriň many-mazmunynyň baýlaşdyrylmagynyň möhümdigini belläp, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler barada habarlaryň berlişini we olaryň giňden beýan edilişiniň meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Häzir biziň ýurdumyzda beýik işler amala aşyrylýar diýip nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamyna, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine milletiň ruhy taýdan galkynyşyny, ylmy-tehnologiki we durmuş özgerişliklerini beýan ediji, türkmen halkynyň baý mirasyny ýaýradyjy hökmünde uly ornuň degişlidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem Türkmenistanda aprel aýynda belleniljek baýramçylyklara bagyşlanyp geçiriljek dabaralara mynasyp taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtap, ähli medeni çäreleriň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny aýratyn belledi. Olarda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, mähriban türkmen halkymyzyň döredijilik gujury we agzybirligi öz beýanyny tapmalydyr we şol bir wagtyň özünde ýatda galyjy we şatlykly bolmalydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewi çagyrdy, ol gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Wise-premýer milli Liderimize Agrar partiýasyny hem-de Telekeçileriň partiýasyny döretmek, olaryň tertipnamalaryny we maksatnamalaryny taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Syýasy we sosiologiýa institutyny döretmek bilen bagly degişli resminamalaryň taslamalarynyň taýýarlanyşy hakynda habar berdi. Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Awtomobil sporty boýunça milli merkez hem-de ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşlerini ösdürmek, hususan-da, IIM-niň “Galkan” we şu ministrligiň institutynyň “Nesil” hokkeý toparlaryny döretmek boýunça geçirilen işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda köp partiýalylyk ulgamynyň döredilmegi jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň we geçirilýän düýpli durmuş özgertmeleriniň maksatlaryna laýyk gelýär diýip belledi. Köp partiýalylygy ösdürmek döwlet dolandyryş ulgamynda giň gerimli özgertmeler nukdaýnazaryndan, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşynda sosial, raýat institutlarynyň eýeleýän ornuna täzeçe düşünmek, syýasy usullary täzelemek jähidinden möhüm ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti täze dörediljek Syýasy we sosiologiýa institutynyň hem bu işlere öz goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany şeýle hem jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, şol sanda ýaş türkmenistanlylary bedenterbiýe we sport hereketine giňden çekmegiň hasabyna berkarar etmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz bu meseläni dowam etmek bilen, S.Toýlyýewe we A.Goçyýewe Aşgabat şäherindäki iri sport edaralaryny we desgalaryny Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň garamagyna bermek we olary maliýeleşdirmek barada teklip taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2-8-nji aprel aralygynda ýurdumyzda Saglyk we sport hepdeligini yglan etmegi we ony ählihalk çäresi hökmünde dabaraly geçirmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, beýleki ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň Saglyk we sport hepdeliginde sportuň görnüşleri boýunça ýaryşlary, bäsleşikleri we beýleki dabaraly çäreleri geçirmek bilen bagly işlerini utgaşdyrmak barada görkezme berdi.

Soňra milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowyň hasabatyny diňledi. Ol gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy we özüne ynanylan düzümlerde işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti degişli pudaklarda öňdebaryjy usulyýetleriň we tehnologiýalaryň, şol sanda häzirki zaman şertlerinde döwlet dolandyryş edaralarynyň netijeli işlemegini üpjün etmekde möhüm orun eýeleýän elektron resminamalar ulgamyny giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, degişli meseleleriň ählisiniň öz wagtynda çözülmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow çykyş etdi, ol gözegçilik edýän pudaklarynda, ýagny ýangyç-energetika toplumynda, himiýa we balyk senagatynda işleriň ýagdaýy hakynda, şeýle hem ýurdumyzyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, Halkara Nowruz gününe bagyşlanylan dabaralara gatnaşmak maksady bilen, Täjigistana amala aşyran saparynyň netijeleri hakynda habar berdi. Şol çäreleriň geçirilýän merkezi şu ýyl Duşenbe şäheri boldy.

Mälim bolşy ýaly, 2009-njy ýylda Nowruz baýramy UNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylyň fewralynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji maslahatynda Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň we Täjigistanyň teklibi boýunça 21-nji marty Halkara Nowruz baýramy diýlip yglan etmek baradaky ýörüte Rezolýusiýa kabul edildi. Şu ýyl Nowruz baýramy döwletleriň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklary ösdürýän baýramçylyk hökmünde bütin dünýäde giňden bellenip geçilýär.

Maslahatyň barşynda UNESKO-nyň çözgüdi bilen 2013-nji ýylda Halkara Nowruz baýramynyň Türkmenistanda geçiriljekdigi baradaky hoş habar aýdyldy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň ýurdumyzda geljek ýylda geçiriljek Halkara Nowruz gününiň hormatyna uly möçberli dabaralaryň türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, ruhy däplerini giňden wagyz etmäge, şeýle hem gumanitar ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam etjekdigini belläp, bu baýramçylyga bagyşlanylan çäreleriň maksatnamasyny örän oýlanyşykly taýýarlamak barada görkezme berdi.

Soňra döwlet Baştutany göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy F.Arjanowa ýüzlenip, bu ulgamyň döwrebaplaşdyrylan maddy-enjamlaýyn binýadynyň mümkinçiliklerini has doly ulanmagyň möhümdigini görkezdi.

Milletiň Lideri göwnejaý ýagdaýda saklanylmaýan, özüne ynanylan desgalarda işleriň göwnejaý guralmandygy barada birnäçe tankydy bellikleri aýtdy. Ulanmaga berlen sport toplumlarynyň köpüsinde ýaryşlar we beýleki sport çäreleri geçirilmeýär diýip, döwlet Baştutany aýdylanlardan netije çykaryp, bar bolan kemçilikleri düzetmegi, sport desgalarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagy tabşyrdy.

Ýurdumyzda gurlan sport toplumlaryny, buzly köşkleri, stadionlary, aýlawlary we beýleki sport desgalaryny netijeli ulanmagyň möhümdigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz köpçülikleýin sport işini täze derejä çykarmak boýunça degişli guramaçylyk çärelerini kabul etmegi, bu işi yzygiderli dowam etmek barada görkezme berip, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatda türkmen sportunyň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, oňa yzygiderli we toplumlaýyn häsiýeti bermek barada görkezme berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli maslahaty tamamlap, oňa gatnaşyjylara Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna gönükdirilen işde üstünlikleri arzuw etdi.