Ï Çeşmäniň boýundaky gök baglar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çeşmäniň boýundaky gök baglar

view-icon 620
„Agama“ alpinistler klubynyň agzalary Duşagerekdagynyň demirgazyk-günbatarynyň eňňitlerinde ýaşajyk bag nahallaryny ekmek işlerini geçirdiler. Bu ýerde, Gökdere jülgesinden on kilometr uzaklykda, dag eteginde meşhur Bakjasuw çeşmesi akýar. Bu arassa suw köp ýyllaryň dowamynda ýadaw ýolagçylara jana şypa beriji suwy bilen hezil berip gelýär, dag eňňitlerinde otlaýan ýabany haýwanlar üçin güzer, bu ýere goýun sürülerini getirýän çopanlar üçin düşelge bolup hyzmat edýär.

Öňler bu çeşme agaçlaryň we üzümleriň saýasynda akardy. Emma köp ýyllyk ösümlikler wagtyň geçmegi bilen gurap galdy. Netijede bolsa çeşme özüne çekijilik häsiýetini ýitirdi. Çeşmäniň suwy azaldy, oňa ýitmek howpy abandy. Alpinistler klubynyň agzalary bu ajaýyp çeşmäniň saklanyp galmagy üçin onuň töwereginde bag ekmek işlerini geçirmegi maksat edindiler. Çylşyrymly howa ýagdaýyna garamazdan (garyň ýagmagy) bu çärä gatnaşyjylar bu ýere ýörite ulag bilen getiren dürli görnüşli ýaprakly we pürli bag nahallarynyň 80-nden gowragyny çeşmäniň boýuna ekdiler. Çeşmäniň boýuna ekilen nahallaryň bir bölegine gorag toryny aýladylar.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Gökdepe tokaý hojalygynyň işgärleri bu işde uly kömek berdiler. Olar çeşmäniň boýunda ekmek üçin ýaş agaç nahallaryny we beýleki ösümlikleri bölüp berdiler. Çynaryň, dubyň, arçanyň, üzümiň ýaş nahallarynyň bir bölegi alpinistleriň öz serişdeleriniň hasabyna alyndy.

„Agama“ klubynyň agzalarynyň bu bag ekmek çäresi olaryň şeýle çäräni ilkinji gezek geçirişleri däldir. Aşgabatlylar indi birnäçe ýyldan bäri ir baharda syýahatçylyk üçin amatly bolan ýerlerde ýaş agaç nahallaryny yzygiderli ekip gelýärler. Olaryň eken ýaş agaç nahallary bu günki gün Marköw dagynda, Aksuw çeşmesinde we beýleki ýerlerde ajaýyp gök zolaklary döredip, oňat hilli boý alýarlar.