Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

view-icon 935
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, şol ýerde meşhur PEGASUS FARMS LTD fransuz kompaniýasynyň direktory Erwe Baržo bilen duşuşdy.

Köpetdagyň eteginde ýerleşýän we Merkezi Aziýa sebitinde iň iri atçylyk merkezleriniň biri bolan bu toplum diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly meşhurlyga eýedir. Ýurdumyza gelýän belent mertebeli myhmanlar bu topluma baryp görmegi özleri üçin belent mertebe hasaplaýarlar. Bu öz-özünden düşnüklidir, çünki şol ýerde dünýädäki iň gowy bedewler üçin ajaýyp şertler döredildi. Şeýlelikde, tebigatyň we ynsan paýhasynyň döreden bu täsin atlaryna bolan söýgüsini we mährini asyrlaryň hem-de müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdan türkmenleriň gadymy däp-dessurlary häzir täze ýokarw göterilişe eýe bolýar.

“Biziň “behişdi” bedewlerimiz bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygymyzdyr, dünýäde olaryň deňi-taýy ýokdur” diýip, milli Liderimiz nygtaýar. Döwlet Baştutanymyz biziň ata-babalarymyzyň atşynaslyk babatdaky tejribesini dowam etdirmek we kämilleşdirmek, bu ugurda halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek barada yzygiderli alada edip, özüniň şahsy göreldesi bilen ýaşlary ruhlandyrýar.

Şu bahar gününiň säherinde Ahalteke atçylyk toplumy dag eteginiň ýaşyl maýsalary bilen aýratyn sazlaşyk döredip, has-da gözel keşbe beslendi. Toplumyň giň meýdanyny dürli reňkli baýdaklar bezeýär. Ähli ýerde ilkinji bahar gülleriniň we gün-günden boý alýan ýaşyl otlaryň jana ýakymly ysy bark urýar.

Ýöne tebigatyň we ynsanyň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň beýany hökmünde “çapyksuwaryň we bedewiň” arasyndaky sazlaşygyň gözelligini söz bilen beýan etmek mümkin däldir.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz “behişdi ” bedewlere uly sarpa goýýan we olaryň gylyk-häsiýetine belet örän ussat çapyksuwar bolmak bilen, özüniň işiniň örän köpdügine garamazdan, bedewler bilen yzygiderli didarlaşmak we at çapmak ussatlygyny kämilleşdirmek üçin wagt tapýar. Bu gezek hem döwlet Baştutanymyz öz endigine eýerip, özüniň gowy görýän Dorhan diýen bedewi bilen biraz salym bolmak üçin athana tarap ugrady. Dorhan alysdan öz eýesine gözi düşen badyna, göýä, ahalteke bedewleri barada edýän aladasyna hoşallyk hökmünde, döwlet Baştutanymyzy kişňemek bilen garşylady. Uzak bolmadyk “sözsüz söhbetdeşlikden” soň, milli Liderimiz Dorhana atlanyp, biraz wagt bedew bilen çylşyrymly maşklary ýeňillik we ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň binasynda ýerleşen iş otagyna bardy we şol ýerde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri hakyndaky kitabyň dowamynyň üstünde işledi. Bu kitap häzirki zaman dokumental we taryhy materiallary öwrenmäge, ylmy maglumatlara we edebi çeşmelere esaslanýar.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň milli buýsanjy we baýlygy bolan ahalteke bedewleriniň bütin dünýädäki abraýyny mundan beýläk-de artdyrmaga aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni gatnaşmagy we başlangyjy bilen biziň ýurdumyz ahalteke atçylygyny ösdürmek meselelerini çözmek boýunça halkara çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ahalteke atçylygy bilen meşgullanýan dünýäniň iri guramalary, meşhur atşynaslar, bu pudagyň hünärmenleri şöhratly bedewleriň hakyky watanyna gelýärler we bu atlaryň tohumyny köpeltmegiň, ganyny arassa saklamagyň we dünýäde ýaýratmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Bu gezek Fransiýanyň meşhur atşynaslarynyň biri, “PEGASUS FARMS LTD” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erwe Baržo şeýle myhmanlaryň biri boldy. Onuň biziň ýurdumyza sapary gönüden-göni Türkmenistanda atçylyk pudagynyň ösüşi we bu ulgamda hyzmatdaşlygyň ýola goýluşy bilen tanyşmaga bagyşlanandyr.

Milli Liderimiz atçylyk babatda bütin dünýäde giňden meşhur bolan Erwe Baržony mähirli garşylaýar we toplumyň binasyna barmagy teklip edýär. Hormat-sarpanyň we dostlugyň nyşany hökmünde Fransiýadan gelen myhmana milli türkmen lybaslary—don, telpek we ädik gowşurylýar. Türkmen döwletiniň Baştutany we “PEGASUS FARMS LTD” kompaniýasynyň ýolbaşçysy türkmen çapyksuwarlarynyň däp bolan lybasynda at çapylýan meýdança çykýarlar. Olaryň ýanyna ahalteke atçylyk toplumynyň athanasyndan iň gowy bedewleri, meşhur ugruň naýbaşy wekillerini getirýärler. Olaryň arasynda meşhur hem owadan Dorhan diýen bedew hem bar. Ol toýnak kakyp, myhmanlary haýran galdyryjy hereketler bilen garşylaýar.

Milli Liderimiz ýyndam Dorhana ýeňillik bilen atlanyp, ony çapuw ýodasyna tarap gönükdirýär. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Erwe Baržo hem beýleki bir bedewe atlanýar.

At üstünde gezelenç edip, hormatly Prezidentimiz we fransiýaly myhman bedewler we olaryň aýratynlyklary, tohumçylyk işi, atçylyk sportuny we tutuş atçylygy ösdürmek meseleleri barada gürrüň etdiler.

Köpden bäri atçylyk bilen meşgullanýan Erwe Baržo türkmen bedewleriniň özünde galdyran täsirleri barada gürrüň berip, bu ulgamda köp ýyllaryň dowamynda işländigine garamazdan, şeýle täsin bedewde gezelenç etmekden aýratyn lezzet alýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň bedewden düşendigine garamazdan, myhman ahalteke bedewi bilen hoşlaşmaga howlukmady we şondan soň hem köp wagtlap eýeriň üstünde oturmagyny dowam etdirdi we atdan düşmän onuň gözel syratyna, onuň örän ýeňil gopýandygyna we beýleki köp sanly ajaýyp sypatlaryna haýran galýandygyny gizläp durmady.

Soňra milli Liderimiz we fransiýaly myhman toplumyň binasyna bardylar we şol ýerde şu duşuşykdan hem-de ajaýyp ahalteke bedewlerinde ýatdan çykmajak gezelençden ýadygärlik hökmünde surata düşdüler.

Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmana çeper eserleri görkezdi, şolarda “Ganatly bedewleriň” keşbi suratlandyrylýar hem-de ajayyp suratlary we heýkelleri döreden ussatlaryň wasp eden gahrymanlaryna öwrülen bedewler barada söz açylýar. Fransiýaly atçylyk zawodynyň eýesinde meşhur Şagadamy suratlandyrýan heýkel aýratyn täsir galdyrdy.

Öz gezeginde Erwe Baržo hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa haşamlanan gadymy iňlis suratyny we atlar barada Fransiýada neşir edilen kitaby sowgat berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu sowgat üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen halkynyň gadym döwürlerden bäri aýratyn we mähirli garaýan bedewlerine mynasyp baha berýän adamlar bilen söhbetdeş bolmaga elmydama şatdygyny belledi.

Milletiň Lideri öz gözelligi we syratlylygy boýunça deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň halkymyzyň milli buýsanjy we onuň bäş müň ýyllyk baý taryhynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belläp, biziň günlerimizde ýurdumyzda atçylygy ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini aýtdy.

Ahalteke bedewleriniň tohumçylyk işini kämilleşdirmek we müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen atçylyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek bu möhüm ulgamda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmäge uly üns berilýändigini bellemek gerek. Däp boýunça her ýylda apreliň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramçylygyna gabatlanyp, dünýäniň ähli künjeklerinden çagyrylýan myhmanlaryň gatnaşmagynda halkara sergilerini we maslahatlary guralýar, şeýle hem ahalteke bedewleriniň milli gözellik bäsleşiklerini yzygiderli geçirmek asylly ýörelgä öwrüldi. Ähli welaýatlarda gurlan döwrebap aýlawlaryň we atçylyk toplumlarynuň hut şu maksatlara ýetilmegine gönükdirilendigi guwandyryjydyr.

Şeýle hem milletiň Lideri myhmany bu senä bagyşlanan baýramçylyk dabaralaryna we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Aşgabatda geçiriljek II maslahatynyň işine gatnaşmaga çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu assosiasiýanyň ahalteke atçylygy boýunça onlarça ýurtlaryň bilermenlerini we hünärmenlerini özünde jemleýändigini hem-de şol ýurtlaryň sanawynyň çäginiň giň bolmagynyň türkmen bedewleriniň dünýäde, şol sanda Fransiýada-da örän meşhurdygyna şaýatlyk edýändigini belläp, Erwe Baržo bu assosiasiýanyň agzasy bolmagy teklip etdi, bu teklip myhman tarapynldan çäksiz hoşallyk bilen kabul edildi.

Erwe Baržo dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, Farnsiýada-da gözelligiň we asyllylygyň kämil nusgasy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň tanalýandygyny we uly sarpa goýulýandygyny aýdyp, meşhur bedewleriň mekanynda bolup görmegi elmydama arzuw edip gelendigini belledi. Ine, bu gün onuň arzuwy hasyl boldy we özüni bagtly saýýandygyny çäksiz buýsanç bilen aýtdy.

Myhman Türkmenistan barada, bu gadymy toprakda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler hakynda köp eşidendigini belledi. Ol ýurdumyzyň taryhy barada köp kitaplary okapdyr we dünýäniň atçylygyny ösdürmegiň çeşmelerine hem-de iň gowy bedewlere bagyşlanan köp sanly işlerde türkmenleriň medeniýeti we däp-dessurlary barada gyzykly maglumatlary tapypdyr. Ýöne onuň biziň ýurdumyza gelip gören zatlary myhmany örän haýran galdyrypdyr.

Meşhur fransuz atşynasy Türkmenistanda arassa tohumlara degişli ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak we olary ösdürip ýetişdirmek boýunça görülýän çäreleriň gerimine ýokary baha berdi, bu bedewler uly halkara ýaryşlaryna we bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşýarlar we baş baýraklara mynasyp bolýarlar.

Myhman düýn Halkara atçylyk sport toplumyna, şeýle hem şu gün Ahalteke atçylyk toplumyna baryp görenden soňra özünde galan täsirler barada gürrüň berip, türkmen Lideriniň ýurdumyzyň atçylyk pudagy barada uly alada edýändigine we goldaw berýändigine ýene-de bir gezek göz ýetirendigini aýtdy.

Şeýle hem myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden hem-de daşary ýurt dillerine terjime edilmegi netijesinde, dünýäde atlara uly sarpa goýýanlaryň arasynda meşhurlyga eýe bolan “Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynyň türkmen halkynyň ahlak ýörelgelerine, milletiň deňi-taýy bolmadyk “behişdi bedewlere” aýratyn hormat goýmagynyň we çäksiz söýgüsiniň gözbaşyna düşünmäge ýardam edýändigini belledi. Myhman özüniň türkmen Lideriniň şu we beýleki eserleriniň köp millionly okyjylarynyň biridigini aýdyp, türkmen döwletiniň Baştutanynyň kitaplaryň daşary ýurtlulara Türkmenistana täzeçe garamaga mümkinçilik berendigini belledi.

Milletiň Lideri bu ýakymly sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Erwe Baržo öz eserlerinden ybarat bolan täze neşirleri gowşurdy hem-de olaryň myhmana biziň ýurdumyz, onuň taryhy we mirasy, türkmen halkynyň ajaýyp däp-dessurlary baradaky düşünjelerini we bilimlerini has-da baýlaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşugyň barşynda Erwe Baržo türkmen döwletiniň Baştutanyny dünýäniň atçylyk ulgamynda uly at-abraýa eýe bolan hem-de hyzmatlaryň giň toplumyny, şol sanda tutuş dünýäde uly halkara atçylyk bäsleşiklerinde garaşsyz bilermen-maslahatçy hökmünde öz hyzmatyny höderleýän PEGASUS FARMS LTD kompaniýasynyň işi bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti we myhman hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, ysnyşykly işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna özara gyzyklanma bildirilýändigini bellediler, şol gatnaşyklar bolsa ähli döwürlerde we halklaryň arasynda iň oňat çapylýan atlaryň meşhur tohumyna degişli bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň mundan beýläk-de artdyrylmagyna ýardam berer.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri, häzirki wagtda Türkmenistanda dünýäde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň gadymy milli ýörelgelerini dikeltmek, ýaýratmak we wagyz etmek, ýurdumyzda tohumçylyk işini täze derejä ýetirmek boýunça uly işleriň ýaýbaňlandyrylandygyny belledi.

Öz gezeginde Erwe Baržo hem atşynaslaryň neberesindendigini belläp, bu asylly işe öz goşandyny goşmaga taýýardygyny we muny özi üçin uly mertebe hasaplaýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol PEGASUS FARMS LTD kompaniýasy tarapyndan türkmen atşynaslaryna hemmetaraplaýyn kömek we goldaw bermek bilen bagly mümkinçiliklerini teklip etdi. Bu kompaniýa Irlandiýada, Angliýada, Fransiýada we Amerikada seýslenip çapyşyklara gatnaşýan atlaryň menejmenti bilen üstünlikli meşgullanýar.

Ýeri gelende aýtsak, Erwe Baržo tarapyndan ýolbaşylyk edilýän PEGASUS FARMS LTD kompaniýasynyň at çapyşyklary bilen baglylykda, Ýewropada esasy menejerçilik kompaniýalarnyň biri hökmünde ykrar edildi, bu kompaniýa 2004-nji ýyldan bäri her ýylda aýlawly at çapyşyklary we päsgelçilikli at çapyşyklary üçin niýetlenen atlaryň eýeleriniň ilkinji bäsligine düşýär.

Erwe Baržo Türkmenistanyň atçylyk boýunça kemala gelýän halkara merkezi hökmünde özüni ynamly tanadýandygyny hem-de şu ugurda ýurduň öňdäki ornuny berkarar etmäge çalyşýandygyny belläp, milli we dünýä medeniýetiniň täsin gudraty hasaplanýan ahalteke bedewiniň mundan beýläk-de ýurdumyzyň ajaýyp tumary, türkmen halkynyň hasyl bolan arzuwynyň hem-de ösüşe we rowaçlyga tarap maksada okgunly hereket etmeginiň nyşany bolmagyny arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Fransiýanyň PEGASUS FARMS LTD kompaniýasynyň direktory Erwe Baržonyň arasyndaky duşuşygyň ahyrynda Ahalteke atçylyk toplumynda belli “Galkynyş” topary türkmen Lideriniň we myhmanyň öňünde çykyş etdi. Ezber türkmen jigitleri ajaýyp bedewler bilen birlikde, gözelligi, ýyndamlygy, çalasynlygy bilen täsin galdyrýan özboluşly öwüşginli milli oýunlary görkezdiler. Duşuşyga şeýle hem Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Pýer Lebowiç gatnaşdy.

At üstündäki özüne çekiji bu oýunlar her bir adamda joşgunly duýgulary döredýär. Fransiýadan gelen myhmanyň sözlerine görä, bu tomaşa, hakykatdan-da, haýran galdyryjy täsir döretdi. Türkmen atlylarynyň şowhunly çykyşy tamamlanandan soňra, bilermenlerň pikirine görä, saýlama bedewleri oňat tanaýan fransiýaly meşhur atşynas Erwe Baržo bu täsirli çykyş üçin “Galkynyş” toparynyň agzalarynyň her birine hoşallyk bildirmek üçin olaryň ýanyna bardy. Hoşallyk sözleriniň aýdylmagy, ýadygärlik üçin surata düşülmegi we ahyrynda, halkara gözellik bäsleşikleriniň ýeňijileri bolan ahalteke bedewleriniň özboluşly häsiýetleriniň görkezilmegi bu ýatdan çykmajk tomaşanyň jemine öwrüldi.

...Asyrlarboýy türkmenler gaýduwsyz esgerler we ussat çapyksuwarlar hökmünde tanalypdyr. Häzirki wagtda halkymyz parahat topragymyzda özüniň täze, bagtyýar durmuşyny gurýar. Ahalteke bedewleri ozalkysy ýaly, halkymyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolup durýar, ýöne indi olar özleriniň täsin galdyrýan sazlaşygy bilen, asyllylyga düşünmäge, ruhuň sagdyn, berk bolmagyna, kämillige ymtylmaga, belent ýörelgeleriň berkarar edilmegine we ata Watanymyza buýsanç duýgusynyň berkidilmegine degerli ýardam bermelidir.

Aýlawlarda geçirilýän at çapyşyklarynyň, ýaryşlaryň, şeýle hem çapyksuwarlaryň sirkde edýän çykyşlarynyň Türkmenistanda uly meşhurlykdan peýdalanýandygyny aýtmak bilen, çagalary we ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňlen çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatda at üstündäki milli oýunlary we bäsleşikleri wagyz etmegiň aýratyn ähmiýeti bardyr.

Ýeri gelende ýatlasak, 2012-nji ýylyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna gelip gördi. Ine, bu gün hem hormatly Prezidentimiziň Nowruz baýramyndan soňky ilkinji günlerde we ýurdumyzda dabaralara benlenjek Bütindünýä saglyk gününiň hormatyna bu topluma gelmegi türkmenistanlylaryň, ýagny biziň ähli oňat başlangyçlarymyzyň üstünlige eýe bolmagynyň, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kalplarymyzda besleýän iň oňat arzuwlarymyzyň we ýagşy niýetlerimiziň hasyl bolmagynyň nyşanyna öwrüldi.