Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Kotam Enterpraýzis LTD” türk kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Kotam Enterpraýzis LTD” türk kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

view-icon 721
Şu güň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Kotam Enterpraýzis LTD” türk kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny – kompaniýaň prezidenti Muammer Agymy we kompaniýaň wise-prezidenti hanym Seda Gengörüni kabul etdi.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhmanlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine täzeden saýlanylmagy bilen gutladylar we prezident saýlawlarynda gazanylan ýeňiş halkyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň hatyrasyna ýöredilýän ugruň dogry seçilip alynmagynyň aýdyň subutnamasy boldy diýip bellediler.

Ýurdumyzda oňat tanalýan türk kompaniýasyna wekilçilik edýän işewürler bilen görüşenden soň, türkmen döwletiniň Baştutany “Kotam” bilen köp ýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlyk özara bähbitlere gabat gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär diýip belledi.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, hususan-da, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmaga kompaniýanyň goşan goşandyna ýokary baha bermek bilen, milli Liderimiz türk işewürleriniň uzak möhletleýin geljege gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge bildirýän gyzyklanmasyndan kanagatlanýandygyny aýtdy.

“Kotam Enterpraýzis LTD” kompaniýasynyň ýolbaşçylary özlerine bildirilen ýokary ynam üçin hoşallyk bildirip, öz kompaniýalarynyň geljekde hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny, şol sanda welaýatlarda ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça milli maksatnamany durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassykladylar, şol maksatnama bagtyýarlyk döwründe birinji derejeli döwlet ähmiýeti berilýär.

Şunuň bilen baglylykda Daşoguz welaýatynda durmuş we önümçilik maksatly möhüm taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmäge kompaniýanyň gatnaşmak mümkinçiligi ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesi boldy. Gürrüň ilkinji nobatda S.A.Nyýazow adyndaky etrapda täze nusgalyk maldarçylyk toplumynyň taslamasyny düzmek we gurmak üçin halkara bäsleşigine gatnaşmak barada barýar. Bäsleşigi ýakyn günlerde yglan ediljek ikinji möhüm desga Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrapda guruljak täze şypahanadyr. Bellenip geçilşi ýaly, bejeriş häsiýetli ýodly-bromly suwy bilen baý bejeriş mümkinçiliklerine eýe bolan bu gadymy şypahana zolaklarynyň biriniň abadanlaşdyrylmagy ýerli ilata edilýän bejeriş-sagaldyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek bilen bir hatarda, soňky ýyllarda halkara ähmiýetli täze häzirki zaman desgalarynyň bir topary bilen üsti ýetirilen ýurdumyzyň häzirki zaman sanatoriýa-şypahana düzümini mundan beýläk-de ösdürmäge gönüden-göni ýardam eder.

Duşuşygyň barşynda myhmanlar döwlet Baştutanyna ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler we kompaniýanyň täze işleri we teklipleri bilen tanyşdyrdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şolara garap, birnäçe möhüm düzedişleri we görkezmeleri girizdi.

Daşary ýurtlaryň işjeň zenanlarynyň hatarynda geçen ýylyň oktýabrynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanan hanym Seda Gengörü milletiň Liderine öz işine berlen ýokary baha üçin ägirt uly hoşallyk bildirip, geljekde-de türkmen döwletiniň gülläp ösmeginiň hatyrasyna ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

Muammer Agym we Seda Gengörü hormatly Prezidentimiz bilen hoşlaşanlarynda milli Liderimize bildirýän ynamy üçin aýratyn hoşallyk bildirdiler we “Kotam Enterpraýzis LTD” kompaniýasynyň geljekde hem öz üstüne alan borçnamalaryna takyk eýerjekdigine hem-de tabşyrylan işleriň hemmesini öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdylar.