Türkmenabat şäheriniň “Ene mähri” merkezinde üçem oglanlar – Bagtyýar, Döwran we Geldi dünýä indiler
Şu gün Amyderýanyň boýundaky şäheriň “Ene mähri” welaýat merkezi köp mähelleli boldy, bu ýere žurnalistler, teleoperatorlar, fotosuratçylar, jemgyýetçiligiň wekilleri geldiler. Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen bu lukmançylyk merkezinde üçem çaganyň dünýä inmegi dabara sebäp boldy. Serdarabat etrabynyň “Dostluk” daýhan birleşiginiň “Talhanbazar” geňeşliginiň ýaşaýjylary Şiropat we Farhat Hudaýberdiýewleriň maşgala agzalarynyň sany iki esse artdy. Bu maşgalada öň üç çaga, ýagny iki gyz we bir oglan bardy. Körpeleriň bagtly enesini gutlamak üçin “Ene mähri” merkezine welaýat we şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary geldiler, olar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmatly sowgatlary gowşurdylar we mährem enä hem-de körpelere berk jan saglyk we bagt arzuw etdiler.
Şeýlelikde, Türkmenabadyň bäbekhanasy paýtagtymyzyň “Ene mähri” merkezinden bu hoş habary alyp göterdi, şol ýerde hem öň habar berlişi ýaly, ýakynda üçem çaga dünýä indi. Bu wakanyň Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda bolup geçendigini, şeýle hem türkmenistanlylaryň Halkara zenanlar gününi we Halkara Nowruz baýramyny giňden belleýän bahar aýynda bolup geçmegi guwançlydyr. Şol baýramçylyklar 8-nji martyň öňüsyrasynda köp çagaly enelere döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen “Ene mähri” hormatly adynyň dakylmagyna hem beslendi.
Biziň ýurdumyzda eneler we çagalar hakyndaky hemmetaraplaýyn alada ileri tutulýan döwlet wezipeleriniň hataryna çykaryldy. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, berk maşgala gatnaşyklarynda biziň halkymyzyň, eziz Watanymyzyň ruhy kuwwaty jemlenendir. Soňky ýyllarda Türkmenistanda biziň jemgyýetimiziň durmuş taýdan abadançylygynyň we ýagty geljege ynamynyň möhüm alamaty hökmünde köp çagaly maşgalalaryň sanynyň artmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
“Ene mähri” merkezinde TDH-niň habarçysyna habar berişleri ýaly, üçem çaganyň enesi 36 ýaşly Şiropat Hudaýberdiýewa hem-de körpeler özlerini oňat duýýarlar. Olar bäbekhanadan çykanlaryndan soň maşgala lukmanynyň gözegçiliginde bolar.
Şu günler täze dünýä inen üçemleriň bagtly enesi we kakasy, 36 ýaşly telekeçi Farhat Hudaýberdiýew dogan-garyndaşlaryndan, dostlaryndan, kärdeşlerinden gutlaglary kabul edýärler.
- Biziň körpelerimiz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä indiler. Hut şonuň üçin hem biz olara Bagtyýar, Döwran, Geldi diýen atlary dakdyk – diýip, Ş.Hudaýberdiýewa gürrüň berýär. – Mähriban Arkadagymyzyň parasatly syýasaty we ýadawsyz aladasy netijesinde biziň ýurdumyzda adamlaryň asuda we bagtly durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi. Biziň maşgalamyz körpelere iberen sowgatlary, türkmen halkynyň bagty we abadançylygy hakynda atalyk aladasy üçin mähriban Prezidentimize çäksiz hoşaldyr. Biz hormatly Prezidentimize berk jan saglyk we alyp barýan uly möçberli işlerinde täze üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Şu gün “Ene mähri” merkezinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ekiz gyzjagazlar Gülşadyň we Şemşadyň enesine hem gymmatly sowgatlar gowşuryldy. Gyzjagazlar hem özlerini oňat duýýarlar. Indi Serdarabat etrabynyň “Jeýhun” daýhan birleşiginden ýaş çatynjalaryň maşgalasynda gyzjagazlaryň sany bäş boldy. Ýaş enäniň iki gezek ekiz çagasy boldy.