Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 821
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, şonda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde ýurdumyzda uly dabara bilen bellenýän “Suw damjasy—altyn dänesi” baýramy mynasybetli hökümetiň agzalaryna we olaryň üsti bilen Türkmenistanyň tutuş halkyna gutlag sözlerini aýtdy.

Döwlet Baştutany türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynda her damjasy altyna deňelýän suwuň möhüm orny eýeländigini aýdyp, ýurdumyzyň tebigy şertlerinde suw hojalyk pudagynyň ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu pudagyň öňünde ilaty we halk hojalygyny suw bilen bökdençsiz hem-de ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça uly wezipeleriň durýandygyny belläp, şol wezipelerden ugur alnyp dünýäde iň iri emeli suw desgalarynyň biri hasaplanýan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň birinji nobatdakysyny dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlendigini aýtdy. Bu kölüň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň ekerançylyk ýerleriniň ýagdaýy has-da gowulanyp başlady, Garagum çölüniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagy üçin oňyn şertler döredildi.

Milletiň Lideri häzirki döwürde öňde goýulýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, suw hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny aýdyp, ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda suwarymly ekerançylygy ösdürmek, suwy we ýeri rejeli ulanmak meseleleriniň ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgilenendigini hem-de ”Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnama” laýyklykda, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde we etraplarda, obalarda we şäherlerde suwy arassalamak boýunça dünýäde iň kämil zawodlaryň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň merdana suw hojalyk işgärleriniň öňde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda janaýaman, yhlasyl zähmet çekjekdigine ynam bildirip, ýygnananlary we Türkmenistanyň halkyny “Suw damjasy—altyn dänesi” baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Goý, güneşli ýurdumyzyň derýalary hemişe doly bolup, ýyllarymyz bereketli gelsin! Mukaddes ene topragymyza düşen her damja suw altyn dänesine öwrülip, türkmen halkyna rysgal-döwlet getirsin!” diýip belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, hökümet Baştutanynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş dolandyryjysy H. Muhammedowa söz berdi.

Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işler, “Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipe-borçlaryny, garamagyndaky bölümleriň düzgünnamalaryny, düzümini we işgär sanyny hem-de bölüm müdirleriniň, bölüm müdirleriniň orunbasarlarynyň, esasy hünärmenleriniň wezipe-borçlaryny tassyklamak hakyndaky” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, döwlet dolandyryş ulgamynyň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyna, häzirki zamanyň talaplaryny nazara almak bilen, onuň düzümlerine täze ýörelgeleriň ornaşdyrylmagyna, döwlet we edara ediş guramalarynyň işiniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna gönükdirilen özgertmeleriň derwaýysdygyny belledi. Şunlukda, hormatly Prezidentimiz döwlet – häkimiýet guramalarynyň ýokary hünärli işgärler bilen üpjün edilmegi, öz işini bilýän, kämil dolandyryş düzüminiň kemala getirilmegi möhüm wezipe bolup durýar diýip nygtady.

Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, döwlet gullugynyň, guramaçylyk işiniň, şol sanda habarlar tehnologiýalarynyň üpjün edilişine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy we iş dolandyryş ulgamynyň işiniň hilini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe anyk çäreleri kesgitledi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlary hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň ýanwarynda ýurdumyzyň deputatlary bilen duşuşan mahalynda beýan eden maksatlaýyn görkezmelerini göz öňünde tutmak arkaly, milli parlamentiň kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi. Kanunçylyk-hukuk binýadyny özgertmegiň toplumlaýyn maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň demokratik we oňyn özgertmeleriň ýoly bilen mundan beýläk-de üstünlikli gadam urmagyna gönükdirilen täze kanunçylyk taslamalaryny işläp taýýarlamak baradaky çäreler işjeň durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli parlamentiň ýolbaşçysy 31-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň IV çagyrylyş nobatdaky 14-nji maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada aýtdy, şonda täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taslamalarynyň birnäçesine garalar.

Türkmenistanyň Prezidenti milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek ugrundaky işiniň berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy we jemgyýetimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly wezipeleriň berjaý edilmegine ýardam bermelidigni belläp, halkyň saýlan adamlarynyň kabul edilýän kanunlaryň esasy maksatlaryny düşündirmek boýunça ýerlerde we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli işleri amala aşyrmagynyň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutany Mejlisiň deputatlarynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky orny we ähmiýeti barada aýdyp, täze kanunçylyk taslamalary taýýarlananda, şeýle hem durmuşdaky wajyp ähmiýetli meseleleriň çözülmegine ýardam berlen mahalynda, parlamentiň we onuň düzümleriniň saýlawçylar, jemgyýetçilik guramalary hem-de gyzyklanma bildirýän pudak edaralary bilen mundan beýläk-de yzygiderli aragatnaşyk saklamagynyň zerurdygyny belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow oňyn bitaraplyk we ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen nobatdaky türkmen-amerikan syýasy geňeşmelerine gatnaşmak maksadynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýetiniň geçen hepdede Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berildi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentinde geçirilen duşuşykda syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar-medeni ulgamlarda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň meselelerine garaldy. Hususan-da, ýangyç-energetika ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Munuň özi Türkmenistanyň ägirt uly energetika kuwwaty we ýurdumyzyň bu wajyp ulgamda amala aşyrýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň strategiýasy bilen şertlendirilendir. Geňeşmeleriň gün tertibine şeýle hem ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, bütin dünýä bileleşigini tolgundyrýan häzirki zamanyň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek ýaly derwaýys ugurlarda tagallalary birleşdirmäge degişli meseleler girizildi.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň usullaryny ara alyp maslahatlaşmak jähetinden 2009-njy ýylda döredilen Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, gepleşikleriň barşynda şu ýylyň maý aýynda geçirmek meýilleşdirilýän amerikan kompaniýalarynyň ikinji sergisine we türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şunuň bilen birlikde, gumanitar ulgamda, şol sanda bilim, ylym, saglygy goraýyş ugurlary boýunça özara gatnaşyklar meselesine, şeýle hem däbe öwrülen medeni ulgamda hyzmatdaşlyk meselesine uly üns berildi. Bu ugurlaryň ählisi döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. 2011-nji ýylyň noýabrynda şanly senä—iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagyň 20 ýyllygyna gabatlanylyp geçirilen Türkmenistanyň ABŞ-daky Medeniýet günleri türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtap, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzakmöhletleýin esasda guralýan netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz oňyn türkmen-amerikan gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň we hemmetaraplaýyn giňeltmegiň, özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak maksadynda hyzmatdaşlygyň täze netijeli usullaryny işläp taýýarlamagyň täsirli guraly hökmünde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň möhüm ornuny belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa aprel aýynda ýurdumyzba geçiriljek medeni çäreleriň tertibi barada aýtmak bilen, ýurdumyzda giňden belleniljek “Suw damjasy—altyn dänesi”, Bütindünýä Saglyk güni we bu sene mynasybetli “Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň hepdesi” hem-de Türkmen bedewiniň baýramçylygy ýaly şanly senelere görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer 4-6-njy aprelde Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň hem-de 13-15-nji aprelde “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly halkara festiwalynyň geçirilmegine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam berýän şol döredijilik dabaralarynyň çäklerinde daşary ýurtlaryň we Türkmenistanyň belli toparlarynyň gatnaşmagynda birnäçe çäreleriň geçiriljekdigi bellenildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara derejesindäki

at-abraýynyň has-da artdyrylmagyna hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürdäki ösüşine hem-de onuň gadymy we özboluşly medeniýetine uly gyzyklanma döredýän halkara çärelerini geçirmegiň aýratyn möhüm ähmiýetlidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanyp ýöredýän syýasatynyň türkmen halkynyň ruhy mirasynyň çuňňur öwrenilmegine we dünýäde giňden wagyz edilmegine ýardam berýändigini hem-de ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine we baýlaşdyrylmagyna, dürli ýurtlaryň halklary bilen dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna badalga berýändigini aýdyp, halkara çäreleriniň göwnejaý derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew özüne ynanylan düzümlerdäki işleriň ýagdaýy barada aýtdy. Hasabat bermegiň barşynda wise-premýer 19-20-nji martda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen 53-nji mejlisiniň netijeleri barada jikme-jik hasabat berdi, oňa Arkalaşyga goşulýan 11 sany döwletiň ählisiniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda GDA agza bolup durýan ýurtlaryň ykdysadyýet boýunça jebisleşip, özara arkalaşykly hereket etmegine degişli meseleleriň giň toplumyna garaldy. Şolaryň arsaynda 2020-nji ýyla çenli döwürde GDA agza bolup durýan ýurtlaryň innowasion hyzmatdaşlygy boýunça Döwletara maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, standartlaşdyrma, metrologiýa we güwälendirmek boýunça ylalaşylan syýasaty ýöretmek baradaky Ylalaşyga üýtgetmeleri girizmek, Arkalaşyga goşulýan ýurtlaryň Maliýe hyzmatlary bazaryny erkinleşdirmek hakyndaky Konsepsiýasynyň taslamasyna garamak bilen bagly meseleler bar.

GDA goşulýan döwleteleriň ykdysadyýetiniň ösüşine degişli esasy maksatlaýyn makroykdysady görkezijilere hem-de senagat eýeçiligini goramagyň meseleleri boýunça Döwletara geňeşiniň işine aýratyn üns berildi. Şeýle hem mejlisiň çäklerinde “GDA we Ýewraaziýada jebisleşmegiň täze ölçegleri” atly halkara ykdysady forum geçirildi, bu çäräniň barşynda aragatnaşyk we maglumatlar, innowasiýalar we maýa goýumlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem hökümetiň Baştutanynyň orunbasary ösümlikler, maldarçylyk we atçylyk boýunça ylmy-seçgi işlerinde gazanylanlaryň hukuk taýdan goralmagyny üpjün etmek bilen bagly meseleler barada hasabat berdi. Hususan-da, “Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda şu ugurdaky işleri düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny taýýarlamak baradaky teklip orta atyldy. Şol resminamalaryň hatarynda Tohumçylyk-seçgi işleriniň gazananlary bilen bagly hukuk ähmiýetli hereketler üçin alynýan paçlar hakyndaky Düzgünnamanyň hem-de Tohumçylyk-seçgi işleriniň gazananlaryny hukuk taýdan goralmaga degişli bolan ösümlikleriň sortlarynyň botaniki ugurlarynyň we görnüşleriniň hem-de Tohumçylyk-seçgi işleriniň gazananlaryny hukuk taýdan goralmaga degişli bolan haýwanlaryň tohumlarynyň zoologiki ugurlarynyň we görnüşleriniň Döwlet sanawlarynyň taslamalary görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, GDA başlyklyk edilýän häzirki döwürde eýýäm baglaşylan ylalaşyklary amala aşyrmak, şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň maksatnamalaryny işläp taýýarlamak bilen baglylykda, Arkalaşygyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edilmegi üçin ähli tagallanyň görülmelidigini aýdyp, GAD-nyň giňişliginde özara peýdaly hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlardyrmak boýunça maksada okguny işleriň geçirilmeginiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutany Tohumçylyk-seçgi işlerinde gazanylanlaryň hukuk taýdan goralmagyna degişli mesele barada durup geçip, intellektual eýeçilige degişli hukuklaryň goralmagyny üpjün etmegiň netijeli mehanizmini kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Milletiň Lideri şol resminamalary işläp taýýarlamagyň tohumlaryň ýokary hasyl berýän täze sortlarynyň işlenip taýýarlanmagyna we haýwanlaryň ýokary öndürijilikli tohumlarynyň ösdürilip ýetişdirilmegine ýardam bermelidigi barada belläp, aýdylan teklipleri umuman oňlady.

Soňra mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada aýdyp, güýzlük dänelik ekinlere ideg etmek we gowaça ekişi ýaly meseleler barada jikme-jik gürrüň berdi, şeýle hem “Türkmenmallary” assosiasiýasynyň ýanyndaky mallara we guşlara weterinariýa hyzmaty baradaky birleşigini Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň garamagyna berip, onuň binýadynda şu ministrligiň ýanynda döwlet weterinariýa gullugyny döretmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hem habar berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şu hepdede Daşoguz welaýatynyň babadaýhanlarynyň hem gowaça ekişine girişmegi bilen ýurdumyzda bu işiň depgini barha güýçlenýär. Gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde ýokary hilli geçirmek üçin ähli zerur çäreler görülýär, ekiş bilen birlikde ýerleri tekizlemek, geriş we çil çekmek işleri hem utgaşykly alnyp barylýar. Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda iki-üçünji gezek mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de birinji we ikinji ösüş suwlaryny tutmak işleri dowam etdirilýär. “Suw dpamjasy—altyn dänesi” baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaraly çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin hem ähli zerur çäreleriň görülýändigi habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm ähmiýetli oba hojalyk işleriniň has wajyp pursatlarynyň käbiri barada durup geçip, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryndan ekişi oňaýly möhletlerde geçirmäge mümkinçilik berýän ähli şertleriň döredilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunda ekerançylykda agrotehniki kadalaryň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyna aýrytan üns berildi, munuň özi bugdaýyň we gowaçanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde möhüm bolup durýar.

Milletiň Lideri Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanynda döwlet weterinariýa gullugynyň döredilmeginiň ýurdumyzda weterinariýa işini dünýä ölçeglerne laýyklykda mümkinçilik döretjekdigini belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary

S. Toýlyýew birnäçe resminamalaryň taýýarlanandygy, hususan-da, “Köýtendagyň tebigat baýlyklaryny we gözelliklerini düýpli öwrenmek üçin halkara ylmy ekspedisiýasyny guramak hem-de “Türkmen tebigaty: Köýtendagyň açylmadyk täsinlikleri” atly halkara ylmy maslahatyny geçirmek hakyndaky” kararyň hem-de “Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligini geçirmek hakyndaky” kararyň, şeýle hem “Aşgabat şäherindäei iri sport edalaryny we desgalaryny Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň garamagyna bermek hem-de olaryň işini guramak hakyndaky” kararyň taslamalary barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, şu ýylyň 2 -- 8-nji apreli aralygynda tutuş ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligini geçirmek hakyndaky” çözgüde aýratyn ünsi çekdi. Bu hepdäniň başlanmagy bilen, ýurdumyzyň ähli ministrliklerinde we pudak edaralarynda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan guramalarda we kärhanalarda her gün üznüksiz önümçilikde işleýänlerden başga ähli işgärleriň gatnaşmagynda bedenterbiýe türgenleşiklerini guramak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiz bu meselä degip geçmek bilen, sagdyn durmuş ýörelgesiniň giň we yzygiderli wagyz edilmeginiň, türkmenistanlylaryň gündelik bedenterbiýe sapaklaryna işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny aýtmak bilen, munuň özi her bir adamyň umumy medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülmelidir diýip belledi.

Köýtendagyň tebigy baýlyklaryny we täsin tebigy gözelligini ylmy taýdan çuňňur öwrenmegiň meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, milli Liderimiz bu işe daşary ýurtly hünärmenleriň çekilmeginiň bu täsin tebigy ýadygärligi gorap saklamakda, şeýle hem ýurdumyzyň syýahatçylyk düzümini ösdürmekde ony giňden peýdalanmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler we döwlet Baştutany tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem wise-premýer Aşgabat şäherinde zeýkeş-aragatnaşyk ötügini hem-de Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Gökdere jülgesinde 300 orunluk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezini gurmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şäher gurluşygyna degişli ulgamda dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň we innowasiýalarynyň ulanylmagyna gönükdirilen hem-de adamlaryň ýaşaýşy, olaryň döredijilikli zähmeti we göwnejaý dynç almagy üçin has oňaýly şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýan şäher gurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagynyň döwleti ösdürmegiň strategiýasynyň wajyp jähetleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda ýaşamak we zähmet çekmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolan inžener-aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmegiň meselelerine aýratyn üns berilýär.

Döwlet Baştutany “Aşgabat şäherinde zeýkeş-aragatnaşyk ötügini gurmagyň meseleleri hakyndaky” degişli Karara gol çekip, bu uly inženerçilik-tehniki desga aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi, onuň gurluşygyny alyp barmak Ukrainanyň “Interbudmontaž” kompaniýasyna ynanyldy. Hakykatyna garanyňda, bu taslamanyň çäklerinde uly şäheriň ýene-de bir “gaty” gurlar, şonuň üsti bilen, elektrik, telefon, suw geçiriji, lagym ulgamlarynyň we zeýkeşleriň ýüzlerçe kilometri çekiler.

Milletiň Lideri ýurdumyzda desgalary ýokary hilli gurmagyň we bellenilen möhletlerde tabşyrmagyň Türkmenistanda işleýän ähli gurluşyk kompaniýalaryna bildirilýän esasy talap bolmagynda galýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan syýasaty amala aşyrmak arkaly, boýun alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini möhüm kada hasaplaýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu meselä degişli gurruňi dowam edip, ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesil, türkmenistanly ýaşlaryň abadançylygy we saglygy baradaky aladanyň

Döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýän ugur bolmagynda galýanldygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milletiň lideri Gökderede sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň gurluşygyna degişli meselelere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy, bu ýerde soňky birnäçe ýylda çagalar üçin niýetlenen täsin şäherjik guruldy, her ýylda ýaşlaryň müňlerçesi dynç alyş döwrüni hut şu ýerde geçirýärler. Milletiň Lideri “Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Gökdere jülgesinde 300 orunluk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezini gurmak hakyndaky” Karara gol çekip, çagalar üçin niýetlenen täze sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem beýleki merkezlerde bolşy ýaly, çagalaryň göwnejaý dynç almagy hem-de wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmegi üçin ähli şertleriň döredilmelidigini belledi hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda döwlet ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşy, ýurdumyzyň maýa goýum we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen, ýakyn wagtda meýilleşdirilýän pudaklaýyn çäreler, şeýle hem söwda we hyzmatlar kärhanalarynyň ulgamyny giňeltmek, bu ulgama häzirki zaman dünýä ülňülerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynda hem-de Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda restoran gurmak hakyndaky” Kararyň taslamasyny hödürledi, şeýle hem ýurdumyzyň senagatçylary we telekeçileri tarapyndan täze guruljak hem-de durky täzelenjek desgalaryň taslamalary barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan Aşgabat şäzerinde hem-de welaýatlarda durmuş maksatly dürli desgalary gurmak boýunça 20-den gowrak taslama işlenip taýýarlanyldy. Olaryň arasynda paýtagtymyzda gurulmagy göz öňünde tutulýan belent ýaşaýyş jaýlary, “Dostluk” söwda öýi, täze mal bazar, köp gatly awtoduralga we kottej şäherçesi, şeýle hem dürli welaýatlarda guruljak maldarçylyk fermalary we balyk kärhanalary, şol sanda Balkan welaýatynyň çäginde guruljak bekre balygyny ösdürip ýetişdirýän we balygy gaýtadan işleýän kärhana bar.

Hasabatda şeýle hem 2012-nji ýylyň 12-nji maýy 12-nji awgusty aralygynda Koreýa Respublikasynyň Ýosu şäherinde geçirilýän bütindünýä sergisinde ýaýbaňlandyryljak milli ekspozisiýa taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň dokma, söwda ýaly pudaklarynyň görkezijileriniň durnukly ýokarlanýandygyny belläp, olary ösdürmegiň hil meselelerine aýratyn üns bermegiň, dünýä tejribesini we halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini, ýerli çig maly doly gaýtadan işlemegiň we iň täze tenologiýalaryň esasynda ýurdumyzyň ýeňil senagatyny döwrebaplaşdyrmak üçin bar bolan serişdeleri işjeň ulanmagyň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz ýurdumyzda sarp ediş bazaryny dolandyrmak meselesi barada durup geçip, söwda we hyzmatlar ulgamynyň kärhanalarynyň we guramalarynyň girdejiligini ýokarlandyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmegiň hasabyna ýurdumyzyň öndürijileriniň ornuny berkitmek boýunça toplumlaýyn işleriň geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Arçabil we Ruhabat etraplarynda restoranlary gurmak baradaky çözgüdi goldap, şeýle hem ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça taslamalary makullap, şäherleriň we obalaryň häzirki zaman düzümini ösdürmegiň ähmiýetini nygtady. Munuň üçin kiçi we orta telekeçiligiň kuwwatyndan doly peýdalanmak zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary söwda dolanyşygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi barada aýdyp, Türkmenistanyň “EKSPO-2012” gözden geçirilişine gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýetini belledi we ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleriniň, ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda, şeýle hem ekologiýada, deňiz serişdelerini özleşdirmekde we aýawly ulanmakda gazananlarymyzyň tanyşdyrylyşyny ýokary derejede guramagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler hem-de döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça ýakynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň netijeleri we şol ýerde geçirilen gepleşikler barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri Türkmenistany we Eýrany dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan berk gatnaşyklaryň we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň, şeýle hem asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan taryhy we medeni kökleri baglanyşdyrýandygyny belläp, döwletara gepleşiginiň ýokary derejä ýetirilendigini hem-de täzeden sazlaşykly ösdürilýändigini we baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz we himiýa senagatynyň milli ykdysadyýeti yzygiderli ösüdrmekde uly ähmiýete eýedigini belläp, öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutany şeýle hyzmatdaşlygyň pudaklarda ileri tutulýan taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna, has täze tehnologiýalaryň we enjamlaryň önümçilige çalt ornaşdyrylmagyna, nebitli we gazly ýataklary işläp taýýarlamagyň netijeliliginiň mundan beýläk-ed ýokarlandyrylmagyna, uglewodorod çig malynyň gaýtadan oňat hilli işlenip taýýarlanmagyna ýardam bermelidigini aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda işleriň barşy barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem ýurdumyzyň deňiz portuny düýpli döwrebaplaşdyrmak we onuň tehniki parkynyň üstüni ýeitirmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetiň durnukly ösdürilmeginde ulag ulgamynyň ähmiýetini belläp, ýurdumyzyň içindäki we halkara ugurlardaky ulag gatnaşyklaryny okgunly ösdürmek babatda hem deňiz we derýa gatnawlarynyň ornunyň artýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere hereket edýän deňiz tehniki parkyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bu düzümiň işi bilen içgin gyzyklanyp, häzir Türkmenistan esasy önümçilik – senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini, iň täze inženerçilik işläp taýýarlamalary giňden çekmäge aýratyn orun berýär diýip nygtady. Munuň özi hil babatda ýurdumyzyň ykdysadyýetini täze belent sepgitlere çykarmaga, önümleriň bäsleşige ukyplylygyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzir Türkmenistanda deňiz we derýa düzümini toplumlaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýändigini nygtap, onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we ýokary hiliň üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, döwletimiziň bu ulgamyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi ugrunda zerur çäreleri durmuşa geçirjekdigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleriniň hem birnäçesine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk we Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň hatyrasyna alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.