Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň nobatdaky 14-nji maslahaty boldy. Onuň barşynda deputatlaryň garamagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň deputatlary bilen bolan duşuşygynda öňde goýan möhüm wezipelerini nazara almak bilen, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň jähetinde işlenip taýýarlanan birnäçe täze kanunçylyk taslamalary we kadalaşdyry-hukuk namalary hödürlendi. Mejlise degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldylar.
Bellenilişi ýaly, milli kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi türkmen döwletiniň täze taryhy aýýamda sazlaşykly ösüşiniň hem-de onuň demokratik-hukuk binýatlarynyň pugtalandyrylmagynyň möhüm ugry bolup durýar. Şu jähetden deputatlar jogapkär ministrlikler we pudak edaralary bilen ysnyşykly gatnaşykda täze kanun taslamalaryny taýýarlamak we ozal hereket edýän kanunlara ýurduň uzak möhletleýin geljeginiň ösüşi üçin ygtybarly binýady üpjün etmäge, şeýle hem raýat institularyny pugtalandyrmaga we jemgyýetde demokratik gymmatlyklaryň tassyklanmagyna gönükdirilen üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Şunlukda kabul edilýän kanunlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynyň esasy ugurlaryna we biziň ýurdumyzda tassyk edilen halkara konwensiýalara laýyk getirilmegine aýratyn üns berildi.
Hususan-da, “Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy maslahatyň gün tertibiniň garamagyna hödürlendi. Bellenilişi ýaly, milli saýlaw ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde taýýarlanylan bu kanunçylyk taslamasynyň kabul edilmegi şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçiriljek Geňeş agzalaryna saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmeginde möhüm ähmiýeti bolar. Bu jemgyýetçilik-syýasy iş garaşsyz türkmen döwletiniň durmuşynda möhüm waka öwrüler we ol ýurdumyzyň taryhyna häzirki zaman türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleri mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädime öwrüler.
Deputatalaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenen esasy kanunçylyk taslamalarynyň hatarynda “Statistika hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň taslamasy hem bar. Onda bu ulgamdaky hukuk-ykdysady we guramaçylyk esaslarynyň işi kesgitlenipdir.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri daşky gurawy goramagy, ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegini, tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyny öz içine alýar. Türkmen döwleti esasy halkara resminamalaryna, şol sanda BMG-niň bu ugurdaky konwensiýasyna gatnaşmak bilen daşky gurşawyň gowulandyrylmagyna, tokaý zolaklarynyň, tebigy toplumlaryň we aýratyn tebigy, ylmy, medeni şertleriň goralmagyna, aýawly saklanmagyna we rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen ekologiýa syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär.
Şu ugurlary nazara almak bilen, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy taýýarlanyldy we maslahata gatnaşyjylaryň garamagyna hödürlendi. Bu kanunçylyk taslamasy aýratyn goralýan tebigy çäkleri we milli, şeýle hem sebitleýin we dünýä ekologiýa ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýan döwlet tebigy-goraghana gaznasynyň desgalaryny emele getirmek, giňeltmek, goramak, dikeltmek, rejeli peýdalanmak we dolandyrmak boýunça jemgyýetçilik gatnaşyklaryny sazlaşdyrýar.
Şeýle hem mejlisiň barşynda “Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga desgalaryň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu kanunçylyk nama maliýe serişdelerini çekmek arkaly şahsy we hukuk taraplaryň ýokarda agzalan desgalaryň gurluşygyndaky paý gatnaşyklary üçin bu ulgamdaky jemgyýetçilik hyzmatdaşlygyny kadalaşdyrýar, şeýle hem olaryň ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna gatnaşygynyň paýy hakyndaky şertnamada taraplaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini kepillendirýär. Bellenilişi ýaly, bu kanunçylyk namasynyň kabul edilmegi ýurtda kiçi we orta telekeçiligiň mundan beýläk-de ösdürilmegini, ilatyň iş bilen üpjünçildigini, ahyr netijede bolsa milli ykdysadyýetimiziň okgunly hem-de sazlaşykly ösüşini şertlendirer.
Ýurtda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän we halkara hukuk esaslaryny özünde jemleýän döwrebap pensiýa üpjünçiligi ulgamynyň döredilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 9-njy iýulyndaky “Türkmenistanda Pensiýa gaznasynyň döredilmegi we Türkmenistanda şertli-toplaýyş pensiýa usulynyň girizilmegi hakyndaky” Kararyna, şeýle hem dünýä kanunçylyk ülňülerine laýyk getirmek maksady bilen, durmuş goraglylygy meselelerini kadalaşdyrýan “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.
“Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw serişdelerden ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hem parlamentiň maslahatynyň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu kanunçylyk nama döwlet syýasatynyň adam we onuň saglygy, abadançylygy hakyndaky aladanyň, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň pugtalandyrylmagynyň möhüm ugurlaryny nazara almak arkaly taýýarlanyldy.
Şeýle hem “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda”, “Migrasiýa hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň statusy we sosial taýdan goralyşy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy hakynda”, “Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Baha kesmek işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary deputatlar tatapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň barşynda “Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek hakynda”, “Aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryny bellemek hakynda”, “Adaty ýaraglaryň çendenaşa zeper ýetiriji hereketi saýgarmasyz bolan diýlip hasap edilip bilinjek anyk görnüşlerini ulanmagy gadagan etmek ýa-da çäklendirmek hakyndaky Konwensiýanyň 2003-nji ýylyň 28-nji noýabrynda kabul edilen Partlama howply bolan söweşiň galyndylary hakyndaky Teswirnama goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň taslamalaryna hem seredildi.
Milli parlamentiň deputatlary ara alyp maslahatlaşmaga hödürlenen kanunçylyk taslamalaryny biragyzdan oňlap we kabul edip, olaryň hemmesiniň Türkmenistanyň berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyrylýan täze taryhy eýýamda hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etjekdigine we ýurduň oňyn özgertmeler ýoly bilen mundan beýläk-de üstünlikli gadam urjakdygyna ynam bildirdiler.