Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmeleriniň birine baryp gördi. Döwlet Baştutanymyz şol ýerde häzirki zaman serhet şäherjiginiň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.
Hormatly Prezidentimiziň dikuçary ýörite bellenen ýere gondy. Bu ýerde milletiň Liderini harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary raport berýär.
Döwlet Baştutanymyz raporty kabul edip, häzirki zaman serhet şäherjigini gurmak boýunça serhet birikmesiniň çäginde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Bu ýerde Watanymyzyň döwlet serhetleriniň goragynda berk durýan harby gullukçylaryň gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmaga ýardam etjek täze ýöriteleşdirilen binalaryň gurluşygy ýokary depginde dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, serhet goşunlary döwrümiziň iň kämil, häzirki zaman tehnikalary we beýleki zerur serişdeler bilen üpjün edilýär, Döwlet serhet gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça çäreler görülýär. Häzirki zaman serhet birikmeleriniň we serhet galalarynyň, harby gullukçylaryň maşgala agzalary üçin ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy olaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, Watanymyzyň Döwlet serhediniň ygtybarly goragyny üpjün etmekde möhüm ähmiýetli çäredir diýip, milletiň Lideri belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň barşy bilen jikme-jik tanşyp, gurluşygyň hilini ýokarlandyrmagyň, işleriň möhletleriniň sazlaşykly berjaý edilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtamak bilen, serhet birikmesiniň çägini abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek baradaky meseleleriň birjik-de ünsden düşürilmeli däldigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary babatda olaryň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.
Ilki Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň serketary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berildi, ol hormatly Prezidentimiziň başyny başlan harby özgertmelerini durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikler barada hasabat berdi. Şol özgertmeler milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny gyşarnyksyz berkitmäge we döwrebaplaşdyrmaga, işine kämil harby işgärleri taýýarlamaga, şeýle hem harby gullukçylar üçin amatly iş we durmuş şertlerini döretmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty kanagatlanmak bilen diňläp, döwletimiziň Ýaragly Güýçlerimizi kämilleşdirmek meselelerine ägirt uly üns berýändigini aýtmak bilen, Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan goldanan hem-de şu geçen ýyllarda Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup durýan Bitaraplyk derejesine hemişe ygrarly bolmagynda galar diýip belledi. Türkmenistanyň ýöredýän Harby doktrinasynyň hem diňe goranyş, parahatçylyksöýüjilikli häsiýete eýe bolmak bilen, türkmen halkynyň ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygy nygtaldy.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamowyň hasabaty diňlenildi. Ol milli Liderimize özüne ynanylan ulgamda işleriň ýagdaýy we serhet goşunlarynda düzgün-nyzamy mundan beýläk-de berk berjaý etmek maksady bilen döwlet Baştutanynyň görkezmesi boýunça görlen çäreler barada habar berdi. Serhet goşunlarynyň üstüne jogapkärli wezipe—eziz Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goragynda durmak, diýmek, ýurdumyzda parahatçylygyň we asudalygyň goragynda durmak wezipesi ýüklenendir.
Döwlet Baştutany bu gullugyň alyp barýan işleriniň möhümdigini aýtmak bilen, serhetçiler öz harby we raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde Döwlet serhediniň geljekde hem çäkleşýän döwletleriň ählisi bilen dostluk serhedi bolup galjakdygyny unutmaly däldirler diýip belledi. Türkmenistany şol döwletler bilen gadym döwürlerden bäri doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.
Harby reformany hem-de onuň çäklerinde Milli goşunymyzda geçirilýän düýpli özgertmeleri ilerletmegiň barşy barada Goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hasabat berdi.
Ýurdumyzda parahatçylygyň we durnuklylygyň daýanjy bolup durýan milli goşunymyzy mundan beýläk-de berkitmegiň aýratyn möhümdigini bellemek bilen, milli Liderimiz wajyp ugurlaryň birnäçesini, ilkinji nobatda Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyny, kämilleşdirilmegini, hünärli harby işgärleriň taýýarlanylmagyny, şeýle hem eziz Watanymyzyň goragçylarynyň üstünlikli gulluk etmegi, oňaýly ýaşamagy we dynç almagy üçin amatly şertleriň döredilmegini öz içine alýan harby reformany gyşarnyksyz amala aşyrmagyň derwaýysdygyny aýtdy.
Soňra edilen işler barada hasabat bilen Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradow çykyş etdi. Ol ýurdumyzda kanunçylygyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine gözegçilik etmek boýunça prokuratura edaralarynyň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleriň möhümdigi barada aýtmak bilen, hukuk goraýjy edaralaryň işi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna we wezipelerine, ynsanyň abadançylygy ileri tutulýan ugurlaryň derejesine çykarylan ýurduň—Türkmenistanyň syýasatyna gös-göni gabat gelmelidir diýip belledi.
Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy A.Garaýew öz nobatynda ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleri hem-de neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna we sarp edilmegine garşy ýurdumyzda alnyp barylýan barlyşyksyz göreşiň çäklerinde görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.
Biz tutuş dünýä bilen bilelikde bütin adamzada uly zyýan ýetirýän bu howply nägehanyň öňünde böwet goýarys-diýip, döwlet Baştutany ilatyň arasynda neşekeşligiň zyýany barada giňden düşündiriş işlerini geçirmegiň hem-de bu ugurda ähli düzümleriň, şol sanda hukuk goraýjy edaralaryň, saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň tagallalaryny birleşdirmegiň möhümdigini aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowa söz berildi. Ol Içeri işler ministrliginiň hasabat döwründe alyp baran işleriniň jemleri hem-de ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini berjaý etmek we düzgün bozulmalaryň öňüni almak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durnuklylygy üpjün etmek, ýurdumyzyň raýatlarynyň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramak işinde Içeri işler ministrligine möhüm ornuň degişlidigini aýdyp, Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň we onuň garamagyndaky düzümleriň işlerine hemişe gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi. Şol düzümlerde aýratyn halal, päk ýürekli adamlar işlemelidir.
Ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek we umumy ykrar edilen halkara tejribesine kanunçylyk taýdan gabat getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada Ýokary kazyýetiň başlygy A.Hallyýew hasabat berdi.
Kazylaryň üstüne örän uly jogapkärçiligiň ýüklenendigini aýtmak bilen, milli Liderimiz iş bilýän, başarjaň, ýokary hünärli işgärleri seçip almak meselesine geljekde hem aýratyn üns bermeli diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda kanunçylygyň berjaý edilmegine gös-göni jogap berýän bu düzümde diňe halal, ynsaply, hemme tarapdan sowatly, kanuny ileri tutmak ýörelgesine ygrarly bolan adamlar işlemelidir.
Soňra Türkmenistanyň adalat ministri M.Garryýewiň hasabaty diňlenildi. Ol öz gezeginde ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça ýylyň başyndan bäri geçirilen işler barada hasabat berdi.
Alnyp barylýan işleriň wajypdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz döwlet wezipelerini üstünlikli çözmek üçin ygtybarly esas boljak täze kanunlary işläp taýýarlamagyň möhümdigini, bu meseläni içgin öwrenmegi we işläp düzmegi, şeýle hem güýje giren kanunlary ilata ýetirmegiň we düşündirmegiň usulyny sazlaşykly ýola goýmagy, şol sanda Adalat ministrliginiň işgärleriniň jemgyýetçilik kabul edişlikleri guramak arkaly ýola goýmagy tabşyrdy.
Özüne ynanylan düzümde işleriň ýagdaýy we 2012-nji ýylyň birinji çärýeginde geçirilen işleriň netijeleri barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Gümrük gullugynyň ýolbaşçysyndan Türkmenistanyň serhedinden iki tarapa hem geçýän ýükleri örän berk gözden geçirmek boýunça zerur bolan ähli çäreleri görmegi talap etdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow hem hasabat döwründe edilen işler barada habar berdi. Şol işleriň netijeleri soňky ýyllarda Türkmenistana gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň, özi-de diňe dünýäniň jemgyýetçilik-syýasy we işewür toparlarynyň wekilleri däl-de, eýsem, biziň ýurdumyzyň taryhy we tebigy gözellikleri, onuň halkynyň gadymdan gelýän däpleri bilen tanyşmak isleýän adamlaryň sanynyň durnukly artýandygyny görkezýär.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistana, ata Watanymyzyň baý taryhyna we häzirki zaman üstünliklerine gyzyklanmanyň artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýän bu oňyn ýagdaýy kanagatlanmak bilen belläp, gullugyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda birnäçe gymmatly görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli aýdylanlary umumylaşdyryp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ünsüni özlerine berlen tabşyryklary takyk ýerine ýetirmegiň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da kämilleşdirmäge gönükdrilen harby we hukuk özgertmelerini geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyna çekdi. Şunda milli Liderimiz şahsy düzümiň arasynda düzgün-nyzamy güýçlendirmegiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, ýaş nesli watançylyk we mukaddes harby borjuny janaýaman berjaý etmek ruhunda terbiýelemegiň möhümdigini aýratyn belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki meseleleriň hem birnäçesine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de parahatçylygyň we eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra milli Liderimiz bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, özüne garaşyp duran dikuçara mündi we guş uçar belentlikden Aşgabat şäherini synlady. Mälim bolşy ýaly, adamlar hakyndaky alada berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny-başlan hem-de yzygiderli alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda, şol sanda gözel paýtagtymyzda hem raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň täze hilini üpjün etmäge gönükdirilen ösüşiň giň möçberli toplumlaýyn maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz durmuş ähmiýetli köp sanly desgalaryň gurulmagyny ugur edinýän Milli özgertmeler maksatnamasynyň paýtagtymyzyň çäginde amala aşyrylyşy bilen içgin tanşyp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagyň, olaryň ýokary hiliniň hem-de täze gurluşyklaryny ulanmaga bermegiň bellenilen möhletiniň berjaý edilmeginiň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde gurluşyk işleri gowşamaýan depginde dowam etdirilýän we gurulmagy meýilleşdirilýän durmuş-medeni maksatly desgalarda adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlarynda zerur bolan şertleriň üpjün edilmegi möhüm ýagdaýdyr diýip bellemek bilen, paýtagtymyzyň üstünden uçuşyny tamamlady.