Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyza nobatdaky iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat şäherini we welaýat merkezlerini gurmagyň täze taslamalary bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy Aşgabat şäheriniň Görogly we Bekrewe ýollarynyň çatyrygynda bellenen ýerde saklandy. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary A.Ýegeleýew, S.Toýlyýew, harby we hukuk goraýjy edaralaryň käbiriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, şeýle hem käbir ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlar bilen mähirli görşüp, irki maşklary ýerine ýetirip, bäş kilometr aralygy ylgap geçenden soň, säher bilen göni şu ýere gelendigini aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda 2012-nji ýylyň 2-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi giň gerimde badalga aldy. Bu hepdelik 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe gabatlanandyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ählihalk sport çäresi aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Çünki adam hakynda alada, onuň saglygy we abadançylygy milli Liderimiz tarapyndan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy.
Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we wagyz-nesihatçysy bolmak bilen, saglygy goraýşy toplumlaýyn we yzygiderli kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeler sportuny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berýär, bu ugurda yzygiderli anyk çäreleri görýär. Şunda Saglyk ýolundan yzygiderli geçýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesi wajyp bolup durýar. Çünki adamyň saglygy we ömrüniň dowamlylygy onuň arassa howada näçe wagt bolýandygyna, bedenterbiýe we sport bilen näderejede işjeň meşgullanýandygyna baglydyr.
Milli Liderimiziň ir säher bilen gelen ýerinde ýörite meýdançada
täze lukmançylyk edaralarynyň, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesiniň taslamalary bilen tanyşdy. Bu taslamalar döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda taýýarlanyldy.
Täze saglygy goraýyş edaralarynyň hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenýän bu taslamalary milli Liderimiziň hut özüniň gönüden-göni gatnaşmagynda hem-de ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Aşgabat şäherinde 200 orunlyk “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkeziniň we ýörite awtoulaglar üçin niýetlenen awtoulag jaýynyň taslamalary bilen tanyşdy. Hassahananyň binasy 19 gektar meýdany tutar. Şeýle hem bu ýerde awtoulaglara tehniki taýdan hyzmat edýän merkezi, tiz kömek awtoulaglary üçin duralgany we dikuçar meýdançasyny gurmak göz öňünde tutulýar. Gurluşygyň umumy meýdany 26 gektara barabardyr.
Soňra milli Liderimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda guruljak “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkezleriniň hem-de saglygy goraýyş awtoulag kärhanasynyň 30 awtoulag üçin niýetlenen ulag jaýlarynyň taslamalary bilen hem tanyşdy. Bu merkezleriň kabul ediş binasy 1800 inedördül metre barabar bolup, ähli zerur şertler göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamalar bilen tanyşlygynyň barşynda birnäçe belliklerini aýtdy. Olar desgalaryň binagärlik bezelişine we gurluşyna degişli bolup, örän möhüm ähmiýete eýedir. Şunda milli Liderimiz soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, alysda ýerleşen obalara çenli ähli ilatly ýerlerde döwrüň talaplaryna doly gabat gelýän täze lukmançylyk edaralary guruldy we gurulýar, munuň özi ähli ýerlerde ilata lukmançylyk kömegini bermäge mümkinçilik döredýär diýip belledi.
Aşgabat şäheriniň günorta böleginde, Köpetdagyň gözel künjeginde gurlan, täze enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman saglygy goraýyş merkezleri munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ýerde şeýle hem
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda bina edilen Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti ýerleşýär. Şäheriň şu böleginde Göz kesellerini bejeriş halkara merkezi bina edildi, häzirki wagt bolsa bu merkeze golaý ýerde häzirki zaman Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde kemalagelýän häzirki zaman saglygy goraýyş merkezleriniň toplumyna ünsi çekdi. Olaryň arasynda “Saglyk” maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň anyk netijesi bolup durýan Serhetçiler üçin häzirki zaman harby hassahananyň binasy, Şikesleri bejeriş halkara merkezi bar. Şu ýerde şeýle hem infuzion erginlerini öndürýän kärhananyň düýbi tutuldy, ol ösen tehnologiýalara esaslanan öňdebaryjy önümçilik enjamlary bilen üpjün ediler. Geljekde täze kärhana ýurdumyzyň derman senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ep-esli berkitmäge we ilaty özümizde öndürilen ýokary hilli dermanlar bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Bu giň gerimli işleriň hemmesi, şol sanda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen çäreler, halkymyzyň durmuş derejesini we daşky gurşawy goramagyň derejesini ep-esli ýokarlandyrmak maksady bilen görlen beýleki çäreler ahyrky netijede adamlaryň saglygyny berkitmäge, ony gowulandyrmaga we ömrüň dowamlylygyny artdyrmaga mümkinçilik berdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bu iş geljekde hem dowam etdiriler. “Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde häzirki zaman lukmançylyk edaralarynyň we saglygy goraýyş merkezleriniň ýene-de ençemesini gurmak göz öňünde tutulýar. Bularyň hemmesi döwletimiziň adam hakynda we onuň saglygy barada edýän uly aladasynyň aýdyň mysalydyr. Bu meseläniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýanlygy muny aňryýany bilen tassyklaýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz täze guruljak 350 orunlyk Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň taslamasy we nusgasy bilen tanyşdy. Täze toplumyň taslamasy akuşerçilik we ginekologiýa hem-de hirurgiýa we kardiologiýa binalaryny öz içine alýar.
Saglygy goraýyş ulgamynyň bölümleriniň öz arasynda ysnyşykly bagly bolan iri toplumlary soňky ýyllarda gurulýan saglygy goraýyş merkezleriniň häsiýetli aýratynlygy bolup durýar. Munuň netijesinde ozal eýýäm bar bolan merkezleriň golaýynda has täze bejeriş-anyklaýyş edaralary we gulluklary yzygiderli bina edilýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslama babatda birnäçe belliklerini aýdyp, paýtagtymyzda gurulýan täze lukmançylyk desgalary birnäçe bölümlere eýe bolmalydyr we häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmelidir diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, döwletimiz türkmenistanlylaryň saglygyny goramaga we saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmäge hemişe aýratyn üns berer, sebäbi saglyk bu ynsana peşgeş berlen gymmatly baýlykdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde şeýle hem Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplarynyň okuw işlerini geçmegi üçin ähli şertleriň döredilmelidigini aýtdy. Mlli Liderimiz häzirki zaman talaplaryň derejesinde okatmak usulyýetini kämilleşdirmek maksady bilen, täze ugurlary açmak barada degişli ýolbaşçylara täze hünärler boýunça okatmak hem-de mugallymçylyk we ylmy-barlag işlerini bir wagtda alyp barýan hünärmenler tarapyndan düzülen täze kafedralary döretmek baradaky meseläni işlemegi tabşyrdy.
Ilatyň saglygyny goramak babatda uly üstünlikleriň gazanylandygyny aýdyp, milli Liderimiz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda giňden ulanylýan innowasion tilsimatlar häzirki zaman enjamlar bolmak bilen çäklenmeýär diýip belledi. Bu ozaly bilen türkmen lukmanlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bejermegiň täze usullaryny ornaşdyrmak we hassalara dünýä lukmançylyk ylmynyň eýe bolan ýöriteleşdirilen hyzmatlaryny etmek bolup durýar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti hukuk goraýjy edaralaryň birnäçesiniň buýurmasy boýunça guruljak ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary bilen tanyşdy. Olar paýtagtymyzyň durmuş infrastrukturasyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça meýilnamalaryň nazara alynmagy bilen taýýarlanyldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ýakynda bolan göçme mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagyny we kämilleşdirilmegini, ýokary hünärli harby işgärleriň taýýarlanylmagyny hem-de ata Watanymyzyň we türkmen jemgyýetiniň asudalygynyň goragçylarynyň gulluk borçlaryny birkemsiz berjaý etmeklerini, olar üçin göwnejaý ýaşaýyş-durmuş we dynç almak üçin amatly şertleriň döredilmegini öz içine alýan harby özgertmeleri gyşarnyksyz amala aşyrmagyň wajypdygyny aýratyn nygtady. Milletiň Lideriniň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary üçin ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň teklip edilýän ýer böleginiň çyzgylary hem-de jaýlaryň taslamalaryny makullap, döwletimiziň geljekde hem harby gullukçylaryň mynasyp gulluk etmegi we ýaşamagy barada alada eder we olar üçin oňaýly şertleri döreder.
Soňra döwlet Baştutany Serhet institutynyň binalar toplumynyň taslamasy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz taslamany işläp düzenleriň adyna birnäçe belliklerini aýdyp, täze toplum häzirki zaman tehnikasy bilen üpjün edilmelidir we geljekde serhetçileriň hatarlaryny artdyrmak üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ýaly jogapkärli wezipäni çözmeli häzirki zaman okuw-usulyýet merkezine öwrülmelidir diýip belledi. Çünki olaryň üstüne jogapkärli wezipe – türkmenistanlylaryň asuda durmuşyna islendik kast etmelere ygtybarly böwet goýmak wezipesi ýüklenendir.
Hormatly Prezidentimiz şeýle hem bu ýere ýygnanan ýolbaşçylaryň ünsüni täze guruljak binalaryň inženerçilik-tehniki häsiýetnamasy bilen bagly meselelere çekdi. Taslamaçylar we dizaýnerler täze desgalaryň binagärlik keşbini bezemekde ähli tagallalaryny sarp etmelidir diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Biziň ähli gurýan zatlarymyz ýokary hilli bolmalydyr, çünki biz olary adamlar üçin, olaryň abadan we bagtly durmuşy üçin gurýarys diýip, Türkmenistanyň Prezidenti sözüniň ahyrynda aýtdy.