Ï Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň dag-magdan serişdeleri ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň dag-magdan serişdeleri ministrini kabul etdi

view-icon 665
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň dag-magdan serişdeleri ministri Wahidulla Şahranini kabul etdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin sagbolsun aýdyp, milli Liderimize Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaýyň dogaýy salamyny ýetirdi. Ol hormatly Prezidentimizi ýokary döwlet wezipesine täzeden saýlanmagy bilen gutlady we öz ýurdunyň halkynyň döwlet Baştutanymyza alyp barýan parahatçylyk syýasaty hem-de Owganystandaky ýagdaýyň kadalaşdyrylmagyna, ýurduň ykdysady taýdan galkynmagyna gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlarynda öz beýanyny tapan owgan meseleleriniň oňyn çözülmegine işjeň çemeleşmeleri üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Bitarap Türkmenistan Owganystanyň içerki meseleleriniň parahatçylyk ýol bilen çözülmegini, biziň topragymyzda durnuklylygyň ýola goýulmagyny öňe süren ilkinji ýurtlaryň biridir, muny owgan halky hiç haçan ýatdan çykarmaz diýip, ministr belledi we türkmen doganlaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin taňryýalkasyn aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz myhmandan Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaýa iň ýagşy arzuwlaryny iberip, biziň ýurdumyz däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydyr diýip belledi. Biz Owganystanda raýat ylalaşygynyň ýola goýulmagynyň tarapdarydyrys we mundan beýläk-de bu ýurduň halkynyň bagtyýar hem-de abadan geljegini gurmagyna kömek etmäge taýýardyrys diýip nygtady.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutany we Owganystanyň dag-magdan serişdeleri ministri soňky ýyllarda birnäçe ileri tutulýan ugurlar, şol sanda syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda täze hile we sazlaşykly ösüşe eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňelmegiň geljegi hakynda pikir alyşdylar.

Ýangyç-energetika toplumyndaky we türkmen tarapynyň başlangyjy bilen öňe sürlen iri transmilli gaz geçiriji bolan Türkmenistan –Owganystan—Pakistan—Hindistan (TOPH) taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ikitaraplaýyn gepleşikleriň esasyny düzdi. Bellenilişi ýaly, umumy pikire görä, bu iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň tutuş sebit üçin möhüm ähmiýeti bardyr we ol entek işlenip taýýarlanyp ýörkä, halkara seslenmesine hem-de onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga meýil bildiren köp sanly daşary ýurtlaryň, aýry-aýry kompaniýalaryň gyzyklanmalaryna eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz we myhman hoşlaşanlarynda birek-birege ýakymly arzuwlary aýdyp, hoşniýetli erk-islegiň hem-de ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň türkmen we owgan halklarynyň gadymy dostluk däpleriniň binýadynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrylmagyna hem-de pugtalandyrylmagyna hyzmat etjekdigine ynam bildirldiler.

Duşuşyga Owganystandan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohammad Fazil Saýfi gatnaşdy.