Ï Türkmenistanda Palestinanyň ilçisi resmi taýdan bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Palestinanyň ilçisi resmi taýdan bellenildi

view-icon 788
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Palestinanyň Türkmenistandaky

(kabulhanasy Daşkent şäherinde) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Asad Abd al-Munem Said Asaddan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany jogapkärli diplomatiki wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi öz nobatynda hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Bitarap Türkmenistan döwletiniň Baştutanyna Palestinanyň ýolbaşçysy Mahmud Abbasyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçä Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan we dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlary hakynda habar berildi. Türkmen Lideriniň başlangyjy bilen Türkmenistanda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň we giň gerimli milli maksatnamalaryň esasy ugurlary duşuşygyň aýratyn meselesine öwrüldi, şonda döwletiň ähli durmuş ulgamlary barada gürrüň edildi. Ilçi şeýle hem Mejlisiň işi we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmeler babatda onuň eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmalaryň çäklerinde ilçi Palestinanyň hökümetiniň netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Türkmen-palestina gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady ulgamy, medeniýet, bilim we beýleki ugurlar görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi Türkmenistan bilen Palestinanyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä çykjakdygyna umyt bildirdi we özara bähbitli gatnaşyklary üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

* * *

Şu gün Palestinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi, bu ýerde türkmen-palestina hyzmatdaşlygynyň meselelerine garaldy.

Saparyň maksatnamasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde, Medeniýet ministrliginde, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda duşuşyklary geçirmek meýilleşdirildi.