Ï Watanymyzyň sebitlerindäki täze jaý toýlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň sebitlerindäki täze jaý toýlary

view-icon 634
Şu gün Lebap welaýatynyň günorta-gündogaryndaky bu etrabyň dolandyryş merkezinde "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" tutuş ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde bina edilen täze “Laçyn” çagalar bagynyň dabaraly açylyşy boldy.

Abadanlaşdyrylan meýdançadaky häzirki zaman çagalar şäherjigi ir ertirden baýramçylyk bilen gurşaldy. Çagalaryň ýakymly çykyşlary etrabyň medeniýet edaralarynyň artistleriniň häzirki eýýamda mähriban Watanymyzyň gazananlaryny wasp edýän aýdymlarydyr sazlarynyň üstüni ýetirdi. Çagalary bu şanly sene bilen gutlamaga welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, şäherçäniň köpsanly ýaşaýjylary geldiler.

Dabara gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa adyl we öňdengörüjilikli syýasaty, türkmen halkynyň durmuşynyň ähli ugurlaryndaky häzirki batly öňegidişligi alamatlandyrýan durmuş çelgileri üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler. Türkmenistanda çagalar, ösüp gelýän ýaş neslimiz baradaky aladanyň döwletiň ilkinji meseleleriniň derejesine galandygyny ýygnananlar biragyzdan bellediler. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda geçirýän düýpli özgertmeleri mekdebe çenli çagalar edaralarynda, mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde okadylyşyň ýerli ulgamyny düýpli kämilleşdirmeklige gönükdirilendir.

Ähli okuw-bilim düzümlerini döwrebaplaşdyrmakda häzirki zaman çagalar baglarynyň we mekdepleriň gurluşygy esasy orun eýeleýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda şeýle görnüşdäki täze desgalaryň köp ýüzlerçesi guruldy. Mysal üçin, diňe Lebap welaýatynda geçen ýyl häzirki zaman çagalar bagynyň onusy öz gapylaryny dabaraly açdy. Bu gün bolsa sebitde ýene bir çagalar şäherjigi mekdebe çenli çagalar edaralarynyň sanyna goşuldy. Ony “Altyn bürgüt” hususy gurluşyk kärhanasynyň işgärleri bina etdiler. Şäherjigiň açylyş dabarasynda bolsa şol gurluşykda tapawutlanan işgärlere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Çagalaryň 200-si terbiýelenilýän şäherjik daglyk etrabyň merkezine öwrüldi. Şäherjigiň taslaýjylary we gurluşykçylary bina galdyrmak sungatynyň häzirki zaman usullary we körpeler üçin ähli amatlyklar barada uly alada edipdirler. Çagalar bagy biri-biri bilen birleşdirilen iki gat binadan ybarat. Tehniki enjamlaşdyryş derejesi hem-de çagalaryň bu ýere gelip-gitmekleriniň şertleri boýunça bu çagalar bagy şular ýaly desgalara häzirki döwürde bildirilýän ýokary talaplara doly laýyk gelýär. Ýumşak, owadan mebelli, amatly ýatylýan otaglar, oýun oýnalýan, okamak üçin giň we ýagty otaglar, ýörüteleşdirilen, lingafon enjamlary bilen enjamlaşdyrylan, kompýuter tehnikaly okuw synplary, saz otaglary, naharhana we lukman otagy körpeleriň ygtyýarynda.

Desgada mekbebe çenli ýaşly çagalaryň bedenlerini berkitmek üçin sport otagy, üsti ýapyk ýüzülýän howuz, owadan bezegler bilen bezelen oýun meýdançalary hem göz öňünde tutulypdyr. Çagalar şäherjiginiň töweregi gök otlar bilen örtülipdir, özboluşly yşyklandyryjylar bilen enjamlaşdyrylypdyr, ertekilerdäki gahrymanlaryň keşpleri bilen bezelipdir. Bir söz bilen aýdylanda, bu çagalar bagynda mugallymçylyk ylmynyň häzirki zaman talaplaryny hasaba almak bilen, ösüp gelýän ýaş nesliň hemme taraplaýyn we sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler we amatlyklar göz öňünde tutulypdyr.

Geljekde şular ýaly häzirki zaman görnüşindäki çagalar baglary Amyderýanyň jülgeleriniň ähli ilatly ýerlerinde peýda bolar. Häzirki wagtda welaýatda täze mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-dan gowragynyň gurluşygy alnyp barylýar. Şu ýylyň dowamynda bolsa olaryň köpüsi körpelere gapylaryny giňden açar.

Köýtendaglaky bu çärä bagyşlanylan dabaranyň ahyrynda Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna we millitiň Lideriniň baş saglygyna baýramçylyk sadakasy berildi.