Ï Watanymyzyň sebitlerindäki täze jaý toýlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň sebitlerindäki täze jaý toýlary

view-icon 576
Häzirki Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň barşynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň “Täze dünýä” geňeşliginiň Kyrkişik obasynda iki täze binanyň - Saglyk öýüniň we dermanhananyň açylyş dabarasy bolup geçdi. Bu desga "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurulýan desgalaryň hatarynda bina edildi.

Bu täze saglygy goraýyş edaralarynyň açylyş baýramçylygyna häkimligiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, köpsanly obalylar geldiler. Dürli bezegler bilen bezelen Saglyk öýüniň öňünde Watanymyzyň täze taryhy eýýamda gazananlaryny wasp edýän aýdymlardyr sazlar ýaňlandy.

Dabara gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi, türkmen halkynyň durmuş ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagy üçin netijeli çäreleri görmeklige degişli meseleler boýunça edýän aladalaryna öz hoşallyklaryny bildirdiler.

Mary welaýatynyň “Marygurluşyk” birleşiginiň gurluşykçylarynyň bina eden bu Saglyk öýi halkara ülňülerine doly laýyk gelýär. Bu ýerde näsaglary maşgala lukmanlary we ýokary bilimli hünärmenler kabul ederler. Ilata berilmeli lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşleri we öňüni alyş işleri üçin zerur bolan kabul ediş, keselleri anyklaýyş we bejeriş otaglary enjamlar bilen doly enjamlaşdyryldy.

Bu ýerde çäre mynasybetli, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.