Ï Türkmenistan milli sportyň binýadyny maksadalaýyk berkidýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan milli sportyň binýadyny maksadalaýyk berkidýär

view-icon 1347
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň täze binalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

Ýeri gelende aýtsak, bu täze binalar toplumy şanly senäniň –Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda ulanmaga berildi. Däp boýunça türkmenistanlylar bu senäni tutuş halkara bileleşigi bilen giňden we dabaraly ýagdaýda belleýär. Täze taryhy eýýamda täze many-mazmuna eýe bolan bu ajaýyp baýramçylyga bagyşlanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň hepdeligi geçirilýär. Bu hakykatdan-da ählihalk çäresi tutuş ýurdumyzy sagdyn durmuş ýörelgelerini amala aşyrmak ugrunda birleşdirip we has-da jebisleşdirip ata Watanymyzyň parahatçylygyny, döredijilik we ösüşiň ýoluna eýerýändigini görkezýän ýene-de bir aýdyň ýagdaýa öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, milletiň Lideri sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolup, ony wagyz edýär hem-de watandaşlarymyza we ilkinji nobatda ýaşlara şahsy görelde görkezýär. Hormatly Prezidentimiz adam, onuň saglygy we abadançylygy baradaky aladany Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň hataryna goşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty höweslendirmek we ösdürmek, saglygy goraýyş ulgamyny we sagaldyş-şypahana düzümini yzygiderli kämilleşdirmek bilen bagly meselelere elmydama aýratyn üns berýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutany ýurdumyzda syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegi babatda içgin alada edýär. Türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy, Türkmenistanyň täsin galdyrýan we gözel tebigi künjekleri hem-de ýurdumyzyň şypahanalar bilen bagly köp ugurly geljegi—bularyň ählisi ýurdumyzy meşhur halkara syýahatçylyk merkezleriniň birine öwürmek üçin örän oňaýy şertleri we geljekde amatly mümkinçilikleri döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen sportunyň derejesini täze belentlige ýetirmäge, ata Watanymyzyň sport babatdaky at-abraýyny has-da artdyrmak işine mynasyp goşant goşmaga, şeýle hem syýahatçylyk düzümini ösdürmek boýunça bellenilen uly möçberli meýilnamalaryň ählisini durmuşa geçirmäge ukyply we öz ugurlary boýunça taýýarlykly hünärmenleriň taýýarlanmagyna wajyp ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituty şunuň ýaly hünärmenleriň taýýarlanýan ýeri bolup durýar. Bu institut 1600 talyp üçin niýetlenen hem-de paýtagtymyzdaky merkezi şaýollaryň—Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda gurlan ajaýyp toplumda täze jaý toýuny tutýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň golaýynda Ýaş olimpiýaçylary taýýarlamak boýunça täze mekdep hem ýerleşýär, bu mekdebiň esasy wezipesi ýaş zehinleri ösdürmekden hem-de sportuň dürli görnüşleri, şol sanda soňky ýyllarda ýurdumyzda giňden meşhur bolup ugran gyşky görnüşleri boýunça geljekki ussatlary we çempionlary ýetişdirmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda Türkmenistanda sport bilen meşgullanylmagyna aýratyn üns berilýär hem-de munuň özi türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň sagdyn, işjeň durmuş ýörelgesine eýerýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Irden Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze, ak mermerli binalar toplumynyň ýanynda hakykatdan-da uly baýramçylyga mahsus ýagdaý höküm sürup ugrady, bu toplum Aşgabadyň durky batly depgin bilen täzelenýän keşbine sazlaşykly goşulyşdy hem-de berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen topragynda ykbal çözüji özgertmeleriň bolup geçýändigini aýdyň görkezýän ýene-de bir topluma öwrüldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem sport we syýahatçylyk ulgamynyň işgärleri, talyp ýaşlar ýygnandylar. Bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary bu dabaranyň başlanmagyna ruhubelent ýagdaýda we tolgunma bilen garaşýarlar, bu gün olar üçin hakykatdan-da ýatdan çykmajak güne öwrüler. Ähli zat baýramçylygyň başlanmagyna taýýar edildi.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanyna gül desselerini gowşurýarlar. Asyrlar boýunça dowam edip gelýän däbe görä, hormatly ýaşulular milletiň Liderini duz-çörek bilen garşylaýarlar. Ata Watanymyzda elmydama abadançylygyň we rowaçlygyň höküm sürmegi, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ähli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy dileg edilip, aýat-töwir okalýar.

Hormatly ýaşulular döwlet Baştutanymyz bilen bolan söhbetdeşlikde milli Liderimize ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň sazlaşykly ösmegi, türkmen halkynyň bagtyýarlygy we abadançylygy ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde döwletimiziň mundan beýläk-de mähriban Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň bilimli we köp taraply sazlaşykyl ösmegi ugrunda hemişe üns berjekdigini belläp, ýaşajyk türkmenistanlylaryň öz ukyplaryny we başarnyklaryny üstünlikli durmuşa geçirip bilmekleri, saýlap alan hünäriniň ussatlary we jemgyýetimiziň mynasyp nesilleri bolup ýetişmekleri ugrunda ähli tagallalary görjekdigini belledi.

Ýokary okuw mekdebiniň täze binasynyň öňündäki meýdançada ýaşlaryň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde sazly-sport kompozisiýa bu dabaranyň täsirliligini has-da artdyrdy.

Dabaraly pursat gelip ýetýär-- Türkmenistanyň Prezidenti institutyň esasy binasynyň merkezi girelgesiniň ýanyna barýar hem-de dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpmagynda toý bagyny kesýär we binanyň içine girýär.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Milli sport we syýahatçylyk institutunyň esasy binasynda ýerleşýän mejlisler zalyna bardy we şol ýerde Ministrler Kabinetiniň sportuň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli meselelere hem-de bu wajyp ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleriň kesgitlenmegine bagyşlanan göçme, giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlise sport guramalarynyň ýolbaşçylary, tanymal sport ussatlary we tälimçiler, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we mugallymlary, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşylary çagyryldy.

Döwlet Baştutany mejlisi açyp, ýygnananlary we olaryň üsti bilen mähriban halkymyzy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, şeýle hem Milli sport we syýahatçylyk instiutynyň we Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu ajaýyp binalar toplumy diňe bir Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň paýtagty-- merjen şäherimiz Aşgabadyň görküni artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekde olimpiýa çempionlarynyň taýýarlanýan ýerine öwrüler.

Milletiň Lideri bu häzirki zaman okuw mekdebinde sport we syýahatçylyk bilen bagly bilimlere içgin aralaşmak, zehinli, ýokary derejeli sport tälimçilerini, bedenterbiýe mugallymlaryny, syýahatçylyk we myhmanhana ulgamynyň işewürlerini, sport žurnalistlerini taýýarlamak hem-de olaryň hünärini ýokarlandyrmak üçin ähli şertleriň döredilendigini belledi. Galyberse-de, institutyň ýanynda 350 orunlyk Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebi hem bar. Şeýlelikde, ussat türgenleri hemmetaraplaýyn taýýarlamaga mümkinçilik berýän mekdep-institut-stadion ulgamyny öz içine alýan bitewi bir ulgam döredildi. Bu insitutyň we Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň Olimpiýa şäherjiginiň golaýynda gurulmagy bolsa, talyplarymyzyň alan ylmy-nazary bilimlerini amaly taýdan, iş ýüzünde berkitmäge hem-de häzirki zaman desgalarynda türgenleşik geçmäge ýardam berer.

Döwlet Baştutany şu günki açylyp, ulanmaga berilýän täze binalar toplumynda bilim aljak ýaşlarymyzyň bu ajaýyp sport desgalarynyň ähli mümkinçiliklerini netijeli ulanyp, sportuň dürli görnüşleri boýunça öz ussatlyklaryny ýokarlandyryp, dünýä ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etjekdiklerine we türkmen sportunyň abraýyny has-da belende göterjekdiklerine berk ynanýaryn diýip aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz çykyşyny dowam edip, her bir adamyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmeginde, sazlaşykly jemgyýetiň kemala gelmeginde sportuň ähmiýetiniň örän ulydygyny belledi. Sport ynsany diňe bir beden taýdan taplaman, eýsem adamyň dünýä garaýşyny, gözýetimini hem giňeldýär, ruhuny göterýär, saglygyny berkitmäge kömek edýär. Sport sagdynlygyň we bagtyýarlygy gözbaşydyr.

Milletiň Lideri biz halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan däplerini mynasyp dowam edip, berk bedenli we sagdyn ruhly nesli kemala getirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de türkmen sportuny hemmetaraplaýyn ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berýäris diýip aýtdy. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän köp sanly täze sport desgalarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi, paýtagtymyzda ХХI asyryň iri taslamalarynyň biri bolan, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynyň güýçli depginler bilen alnyp barylmagy hem bu aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň ýaşlaryň berk bedenli, kämil ruhly, giň dünýägaraýyşly, edep-ekramly, häzirki döwrüň ösen tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, watançy nesiller bolup ýetişmekleri üçin hemişe alada etjekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Baştutany hökümetiň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe ýüzlenip, ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýokary derejeli ussat türgenleri taýýarlamaga, köpçülikleiýn bedenterbiýäni we sporty, şeýle hem olimpiýa hereketini ösldürmäge gönükdirilen- 3-5 ýyla niýetlenen umumy döwlet maksatnamasyny işläp düzmegi we tassyklamak üçin Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy.

Milletiň Lideri biziň türgenlerimiziň ýapyk binalarda geçiriljek V Aziýa oýunlarynda hem-de beýleki halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri gazanmagy üçin häzirden gowy taýýarlyk görülmegine degişli meseleleriň üstünde durup geçdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýurdumyzda sportuň häzirki ösen görnüşleri bilen bir hatarda, awtomobil we welosiped sporty, ýaýdan ok atmak, gylyçlaşmak, sportyň suwdaky görnüşleri, küreklemek, şol sanda sportuň beýleki olimpiýa we halkara görnüşlerini ösdürmek boýunça zerur işleri geçirmek barada görkezme berdi. Şeýle hem ýaş, zehinli we geljegi uly türgenleri ýüze çykarmak, saýlap-seçip almak, olary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary S.Toýlyýewe we A.Ýegeleýewe milli ýygyndy toparlarymyz üçin, şol sanda sportuň ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän görnüşleri boýunça çykyş etjek toparlarymyz üçin, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, okuw-türgenleşik we ylmy barlaghanalary bolan Olimpiýa taýýarlyk merkezini gurmak bilen bagly meseleleri çözmegi tabşyrdy.

Şu mesele baradaky gürrüňi dowam edip, döwlet Baştutany Aşgabat şäherinde hem-de welaýat merkezlerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça häzirki zaman tehniki we sport enjamlary bilen üpjün edilen desgalary gurmagy tabşyrdy. Hususan-da, bu ýerde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Ýokary ussatlyk sport mekdebiniň döwrebap binasyny hem-de ýöriteleşdirilen häzirki zaman küşt we şaşka mekdebini, Daşoguz, Mary we Balkan welaýatlarynda bolsa agyr atletika boýunça häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän sport mekdeplerini gurmak barada gürrüň gidýär. Şeýle hem welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde ýeňil atletika we welosiped sporty boýunça ýaryşlary geçirmäge niýetlenen ýapyk desgalary gurmagyň möhümdigi bellenildi.

Wise-premýer S.Toýlyýewe Milli sport we syýahatçylyk institutynyň ýanynda tälimçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin ýörite bölümi açyp, bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça geçiriljek okuwlara daşary ýurtly iň gowy hünärmenleri işe çekmek, şeýle hem tälimçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen olaryň daşary ýurtlaryň sport mekdeplerinde okadylmagyny we taýýarlanmagyny ýola goýmak tabşyryldy. Döwlet Baştutany ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlary bilen işlemek hem-de olary ýaryşlara gowy taýýarlamak üçin dünýäde belli, tejribeli sport hünärmenleriniň şertnamalaýyn esasda işe çagyrylmalydygyny aýtdy.

Olimpiýa oýunlarynda we beýleki abraýly halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýeleýän türgenleri, olaryň tälimçilerini we beýleki hünärmenleri maddy taýdan höweslendirmegiň netijeli ulgamyny döretmek, ýokary derejeli ussat tälimçilere we türgenlere sport bilen şertnamalaýyn esasda meşgullanmaga mümkinçilik berýän Düzgünnamany işläp taýýarlamak barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýewe Türkmenistanyň Ýokary ussatlyk sport mekdebini, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki sport mekdeplerini ýörite awtoulaglar we awtobuslar bilen üpjün etmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdýyewe ýüzlenip, ýokary derejeli ussat türgenleriň harby gulluga çagyrylanlary, geljegi uly bolan bu türgenleriň sport bilen meşgullanmagy, ussatlygyny kämilleşdirmegi we dürli ýaryşlara gatnaşmagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutany köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini we sport bilen meşgullanmagyň ähmiýetini giňden wagyz etmegiň zerurdygyny aýtdy. Ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek hem-de tomaşaçylaryň sport ýaryşlaryna höwesini artdyrmak maksady biilen, sport ulgamyna täze, häzirki döwürde ulanylýan iň kämil usullary, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyryp, geçirilýän sport ýaryşlarynyň gyzykly we täsirli bolmagyny gazanmaly diýip belledi. Bu barada wise-premýerler S.Toýlyýewe we B.Nurmyradowa degişli tabşyryklar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe sporty ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly meselelere gözegçilik etmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça maksatnamalary kanunçylyk taýdan goldamagyň zerurdygy barada aýdyp, Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa şu meseläni içgin öwrenmegi tabşyrdy. Eger degişli kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmek ýa-da täze kanunçylyk namalaryny taýýarlamak zerurlygy ýüze çyksa, parlament bu mesele boýunça öz tekliplerini taýýarlamalydyr.

Döwlet Baştutany sporty ösdürmek boýunça öňde duran wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzda ýokary derejeli ussat türgenleri we tälimçileri taýýarlamagyň hil taýdan täze, häzirki zaman ulgamy dörediler, şeýle hem köpçülikleýin sportdan iň ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýän ýokary taýýarlykly sporta geçmegi tizleşdirer diýip belledi.

Soňra milli Liderimiz ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak bilen bagly bolan ýene-de bir möhüm meselä mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň el çarpmagynda, “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezi hassahanasynyň täze binalaryny gurmak hakyndaky” karara gol çekdi. Ol 350 orunlyk bolup, döwrebap enjamlar bilen üpjün ediler.

Döwlet Baştutany tarapyndan gol çekilen ýene-de bir karar ýurdumyzda gaýragoýulmaz tiz kömek hyzmatlaryny berjaý edýän ulgamyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine gönükdirilendir. Şol resminama laýyklykda Aşgabat şäherinde ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän 200 orunlyk Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamyny awtoulaglar kärhanalarynyň 230 ulaga niýetlenen jaýlary gurlar. Şunuň ýaly häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen 30 orunlyk merkezler ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda hem gurlar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenleriň öz ussatlyklaryny kämilleşdirip bilmegi hem-de sport çärelerinde ulanmagy üçin, täze, ýokary tizlikli sport awtoulaglarynyň 16 sanysyny Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň hasabyna tölegsiz bermek baradaky Buýruga gol çekdi. Ýygnananlar bu çözgüdi hem ruhubelentlik bilen kabul etdiler.

Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň mejlisini dowam edip, çykyş etmek üçin Milli sport we syýahatçylyk institutynyň türkmen milli we sport oýunlary kafedrasynyň mugallymy Amanmyrat Kakageldiýewe söz berdi.

Şonda sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we ony wagyz ediji bolup durýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içgin alada etmegi netijesindeTürkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmeginiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň birine öwrülendigi bellenildi. Muňa ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport desgalarynyň: stadionlaryň, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, aýlawlaryň, sport mekdepleriniň gurluşygynyň ozal görlüp-eşidilmedik derejede giň gerime eýe bolmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Her ýylda milletiň Lideriniň başlangyjy boýunça geçirilýän we hakykatdan-da umumy milli häsiýete eýe bolan “Türkmenistan - ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly uly möçberli sparkiada hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ynamly gadam urýan ata Watanymyzda uly möçberli özgertmeler amala aşyrylýar, jebis we agzybir türkmen halky şol özgertmelere tüýs ýürekden buýsanýar.

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen tutuş dünýäde tanalýan türkmen döwletiniň halkara derejesindäki at-abraýy has-da beýgeldi. Türkmenistanyň Baştutanynyň öňe sürýän mili maksatnamalary ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlyk gazanmagyna gönükdirilendir.

A.Kakageldiýew häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesliň sazlaşykly ösdürilmegine degişli meselelere uly üns berilýändigini, türkmen ýaşlaryna ýokary halkara standartlaryna laýyk gelýän derejede bilim almaga mümkinçilikleriň döredilendigini belläp, öz kärdeşleriniň adyndan we hut öz adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Milli sport we syýahatçylyk institutynyň hem-de Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň täze binalar toplumynda professorlaryň-mugallymlaryň düzüminiň netijeli işlemegi we talyplaryň göwnejaý bilim almagy boýunça oňaýly şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.

Milli sport we syýahatçylyk institutynyň myhmanhana we syýahatçylyk hyzmatlarynyň ýörite menežmenti kafedrasynyň mugallymy Jennet Geldimämmedowanyň çykyşynda ýurdumyzda oňyn we giň möçberli durmuş ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen baglylykda türkmenistanlylaryň ýaş nesline bilim berilmegine we terbiýelenmegine degişli meseleler beýan edildi.

Şol işde ekologiýa, sport, medeni syýahatçylygyň ösdürilmeginiň, şeýle hem ýurdumyzyň şypahanalar ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň esasy möhüm ähmiýetli ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Aziýanyň “dürdänesi” diýlip atlandyrylýan ak mermerli Aşgabat we Hazaryň türkmen kenar ýakasynda döredilýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy muňa aýdyň mysal bolup biler. Belli şypahanalaryň birnäçesiniň durky täzelenildi hem-de olar has kämil we döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Geljekde ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşýän mineral suwlaryň, bejeriş häsiýetli ýyly palçyklaryň täsin galdyrýan beýleki tebigy çeşmelerini öwrenmek hem göz öňünde tutulýar.

Munuň özi syýahatçylyk boýunça hünär taýdan taýýarlykly işgärleriň bolmagyny talap eder. J.Geldimämmedowa bu barada aýdyp, milletiň Liderine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdebiniň maddy-tehniki biýadyny pugtalandyrmagyň meselelerine aýratyn üns berýändigi hem-de her bir adamyň mümkinçilikleriniň äşgär edilmegi, onuň şondan peýdalanmagy we zehinli ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi üçin ýurdumyzda oňaýly şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.

Soňra ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan muşdaklaryň birnäçe müňüsini özünde jemleýän Adaty karate milli merkezine ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Hangeldi Hojaýewe söz berildi.

Şonda soňky ýyllarda ýurdumyzyň karateçileriniň dünýä çempionlatlarynda, halkara derejeli beýleki abraýly sport bäsleşiklerinde ençeme gezek üstünlikli çykyş edip, hormatly sylaglara, şol sanda ýokary orunlara mynasyp bolandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa dünýäniň ähli yklymlaryndan milli assosiasiýalaryň we federaisaýlaryň 100-den gowragyny öz düzüminde jemleýän Bütindünýä karate federasiýasy (WKF) tarapyndan gara guşagyň 6-njy danynyň berilmegi, şeýle hem milletiň Liderine ähliýapon karate-do federasiýasynyň hormatly agzasynyň sertifikatynyň gowşurylmagy Türkmenistanda bu görnüşiniň ösdürilmegine güýçli itergi berdi.

H.Hojaýew döwlet Baştutany tarapyndan gyşarnyksyz we yzygideli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň strategiýasynyň dolulygyna we biragyzdan oňlanýandygyny hem-de şol strategiýanyň amala aşyrylmagy netijesinde häzirki wagtda türkmen sportunyň hil taýdan täze derejä ýetirilmegine oňaýly mümkinçiligiň döredilendigini aýtdy. Ol milletiň Liderine türkmen halkynyň abadançylygy we rowaçlygy barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen türgenleriniň şol alada geljekde-de sport boýunça ýokary netijeleri gazanmak arkaly jogap berjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, şu günki açylyp, ulanmaga berilýän döwrebap binalarda işlejeklere, okajaklara, şeýle hem bu ýerde bilim-terbiýe aljaklara işde we durmuşda uly üstünlikleri, okuwda we sport äleminde ýokary netijeler gazanyp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň abraýyny has-da belende götermegi arzuw etdi.

Mejlis tamamlanansoň, döwlet Baştutanymyz Milli sport we syýahatçylyk institutynyň Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde şu desganyň potratçysy bolup durýan Fransiýanyň belli “Buig” kompaniýansynyň ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi.

Daşary ýurtly işewür döwlet Baştutanyna wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edilmegine hem-de türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň ösüşiň has ýokary sepgitlerine ýetirilmegine gönükdirilen uly möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşýandygyna uly hormat hökmünde garaýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany fransuz kompaniýasynyň türkmenistanlylaryň ýaşaýşynyň täze we ýokary hilli derejä ýetirilmeginiň üpjün edilmegine gönükdirilip ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn şäher gurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna önjeýli goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belläp, “Buige” uly işleriň berjaý edilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşugyň barşynda “Buigiň” ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanyna Türkmenistanda fransuz kompaniýasyna ynanylan desgalaryň birnäçesindäki işleriň ýaglaýy barada gürrüň berip, hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişi teklipleri beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça geljekki mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň garamagyna türkmen Lideriniň tabşyrygy boýunça “Buig” tarapyndan täze taslamalary hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar bilen jikme-jik tanşyp, olaryň awtorlaryna birnäçe maslahatlaryngy we tekliplerini aýtdy hem-de şunda çuňňur oýlanyşykly we döredijilkili çemeleşmäniň, binagärlik, dizaýn boýunça öňdebaryjy oý-pikirleriň we inženerçilik-tehniki çözgütleriň, innowasion tehnologiýalaryň işjeň ýagdaýda ulanylmagynyň esasy çelgi bolmalydygyny belledi. Galyberse-de, döwlet Baştutany biziň ýurdumyzda işleriň oňat hilli we bellenilen möhletlerde berjaý edilmeginiň daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisine ilkinji nobatda bildirilýän talap bolup durýandygyny belledi.

“Buigiň” ýolbaşçysy fransuz kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, türkmen Lideriniň ähli maslahatlarynyň we bellikleriniň hökmany suratda ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz talyplaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary we ýokary derejeli hünär taýýarlygyny geçmekligi üçin ähli amatly şertler döredilen ýokary okuw mekdebiniň okuw otaglary bilen tanyşdy. Institutyň içki hem-de daşky bezeginde milli binagärçilik ugrunyň iň gowy usullary ulanylypdyr. Institutyň binalar toplumy 12 gatly baş binadan we iki sany dört gatly okuw binalaryndan ybaratdyr. Olarda iň häzirki zaman enjamlar, kompýuterler we beýleki degişli tilsimatlar bilen üpjün edilen okuw otaglary, barlaghana, kitaphana, 375 orunlyk maslahatlar zaly we başga-da birnäçe zerur otaglar, şol sanda lukmançylyk otagy bar. Bu ýerde üç gatly köp ugurly sport toplumy we açyk sport meýdançalary talyplaryň ygtyýaryna berlipdir. Mundan başga-da, ýokary okuw mekdebiniň özüniň sporta we syýahatçylyk ulgamyna degişli muzeýi bar. Şeýle hem baş binada institutyň rektoraty ýerleşýär.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutunyň täze binalar toplumynda ýurdumyzyň sport hem-de syýahatçylyk ulgamynyň ösüşi, Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda bu geljegi uly hasaplanýan ulgamyň gazananlary hem-de ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berýän muzeýiň bardygyny hem bellemeli. Hususan-da, muzeýde türkmen türgenleriniň dürli ýyllarda abraýly halkara ýaryşlarynda gazanan üstünliklerine şaýatlyk edýän baýraklar goýlupdyr.

Şeýle hem täze binalar toplumynyň çäginde ähli amatlyklary, myhman otaglary, ýokary derejede enjamlaşdyrylan aşhanasy, geýim ýuwulýany, lukmançylyk otagy bolan 400 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy bar. Institutyň talyplar we mugallymlar düzümi üçin niýetlenen naharhanasynyň bardygyny bellemeli. Ýörite gurlan tehniki bina institutyň ýyladyş, salkynladyş, suw hem-de elektrik ulgamyny üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz institutyň täze binalar toplumynyň okuw otaglary bilen tanyşlygynyň barşynda “Syýahatçylyk” bölüminde okaýan talyplaryň sapak geçýän otagyna baryp gördi. Talyplar bu ýerde “Myhmanhana we restoran hyzmaty” dersi boýunça sapak geçýärler. Onda degişli düzümi ösdürmekde öňdebaryjy tehnologiýalary pudaga ornaşdyrmagyň aýratynlyklary, myhmanhanalarda iş alyp barmagyň usullarynyň kämilleşdirilişi, şeýle hem myhman kabul etmegiň medeniýeti boýunça bilim alýarlar.

Talyplar hormatly Prezidentimizi mähirli garşylap, täze binalar toplumyny sowgat berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar we bu ýerde zerur bolan amaly sapaklary almak hem-de saýlap alan hünäri boýunça tejribe işini geçmek üçin oňaýly mümkinçililikleriň döredilendigini belläp, ýurdumyzyň ýaş nesilleri üçin hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin ýene bir ýola sagbolsun aýtdylar.

Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda halkara ülňülerine doly laýyk gelýän häzirki zaman syýahatçylyk düzümi emele gelýär diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz syýahatçylyk we myhmanhana düzümi türkmen halkynyň iň gowy myhmansöýerlik däplerine laýyklykda alnyp barylýar, bu bolsa öz gezeginde ýokary hünärli işgärleriň zerurlygyny ýüze çykarýar, hut şonuň üçinem geljekki hünärmenlere oňat okap, saýlap alan hünärlerinde uly üstünlik gazanmaklaryny arzuw edýärin diýip aýtdy. Milletiň Lideri Türkmenistanda “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegini şertlendirýär diýip belläp, talyplaryň okuwlaryny tamamlap, milli syýahatçylyk düzüminiň kämilleşdirilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz institutyň ýöriteleşdirrilen barlaghanasyna baryp gördi we ol ýerde geljekki hünärmenleri taýýarlamak babatda döredilen şertler w enjamlar bilen tanyşdy. Hususan-da, barlaghanada türgenleriň fiziki hereketleri wagtyndaky ähli ýagdaýyna syn etmäge mümkinçilik berýän ýörite ekranlara birikdirilen trenažerleriň işleýiş düzgünlerini synlady. Bu enjam her bir türgen üçin has oňaýly hereketleri kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz barlaghananyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyldy. Bu ýerde ulanylýan döwrebap, ylmy taýdan esaslandyrylan usullar türgenleriň kämilleşmegine we ussatlyklaryny ýokarlandyrmagyna mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýokary netijeleri gazanmak üçin oňaýly şert bolup durýar.

Milli Liderimiz institut bilen tanyşlygyny dowam edip, sport toplumyna tarap ugrady. Ýolugra hormatly Prezidentimizi ýaş artistler we türgenler özleriniň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary bilen mübäreklediler.

Döwlet Baştutanymyz binanyň sport toplumyna baryp, üçünji gatda ýerleşýän köpugurly sport zalyna girdi. Bu zal sportuň dürli görnüşleri boýunça meşgullanmak üçin enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi institutda tälim alýan talyplar we olaryň tälimçileri mähirli garşyladylar. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz “Sagdyn bedende – sagdyn ruh” diýen asylly ýörelgä ygrarly bolmak bilen, sport bilen yzygiderli meşgullanyp şahsy görelde görkezýär. Sportuň birnäçe görnüşleri boýunça ýokary ussatlyga ýeten döwlet Baştutanymyz sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamda zähmetsöýerlik, özerklilik we maksada okgunlylyk ýaly häsiýetleriň kemala gelmegini şertlendirýär diýip belledi. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak adamy ýaramaz endiklerden saplaýar. Olaryň sazlaşykly ösüşiniň esasy bolan beýik ahlak we ynsanperwerlik gymmatlyklara ygrarly bolmagyny üpjün edýär. Milletiň beden we ruhy taýdan sagdynlygy ýurduň rowaçlygynyň we gülläp ösüşiniň kepilidir diýip, milli Liderimiz belledi. Hut şonuň üçin hem biziň ýurdumyzda bu ulgamyň ösdürilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz bu ýerde talyplar bilen türgenleşik geçýän tälimçilere gürrüň berdi.

Şeýle hem binalar toplumynda boks, milli göreş, atçylyk sporty, gimnastika we başga-da birnäçe görnüşler bilen meşgullanmaga niýetlenen ýöriteleşdirilen zallaryň bardygyny bellemeli. Olaryň hemmesi, şol sanda institutyň binasynyň ýanaşyk ýerinde ýerleşýän açyk sport meýdançalary halkara derejelerine doly laýyk gelýän häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilipdir.

Hormatly Prezidentimiz köp ugurly sport zalynda talyplaryň türgenleşik çykyşlaryna tomaşa edip, bu ýerde oturdylan döwrebap enjamlaryň, şol sanda tehniki serişdeleriň we sportuň dürli görnüşleri, woleýbol, basketbol, uly we stoluň üstünde oýnalýan tennis, futbol, el pökgüsi ýaly görnüşleri boýunça pökgüni kabul etmegiň usullaryny, ussatlygyny ele almaga mümkinçilik berýän tranežerleriň ähmiýeti hem-de häsiýetli aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Hususan-da, şeýle gurallaryň biri atçylyk sporty bilen meşgullanýanlar üçin has-da amatly bolar. Ýeri gelende aýtsak, bu köp ugurly zal ýygnalýan hem-de ýazylýan tomaşaçy orunlary bilen üpjün edilipdir. Ol awtomatiki usulda amala aşyrylyp, zerur bolan pursatynda ýygnalýar we zalyň göwrümini giňeldýär.

Hormatly Prezidentimiz ýaş hünärmenler bilen söhbetdeşlikde olara yzygiderli türgenleşiklerde bu ýerde bar bolan häzirki zaman enjamlaryny netijeli peýdalynyp, öz ussatlyklaryny artdyrmaklaryny we öňde goýlan maksada ýetmekde yhlasly bolmaklaryny sargyt etdi.

Döwlet Baştutanymyz talyplara we tälimçilere sport äleminde uly üstünlikler gazanmaklaryny arzuw edip, halkara ýaryşlarynda Watanymyzyň abraýyny belende göterjek we özleriniň ýeňişleri bilen türkmen tugunyň belende galmagyny şertlendirjek täze nesilleriň ýetişmegine aýratyn ähmiýet bermelidigini nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýokary hünärli tälimçileriň, bedenterbiýe mugallymlarynyň geljekki ussatlary, çempionlary taýýarlamak ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdi.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty netijesinde ýurtda iri halkara ýaryşlary guralyp başlandy. Türkmen türgenleriniň olimpiýa hereketine bolan gatnaşygy işjeňleşdi we ýurdumyzda sport ulgamy kuwwatly itergä eýe boldy. Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Aşgabatda 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky karary biziň ýurdumyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde şeýle abraýly ýaryşlary guramaga hukuk alan ilkinji döwletdigini aýratyn bellemeli.

Ýurdumyzda köp sanly döwrebap sport desgalarynyň, şol sanda stadionlaryň, atçylyk sporty toplumlarynyň, bedenterbiýe-sagaldyş merkezleriniň, ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň gurulmagy hem-de Aşgabatda ägirt uly Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygyna girişilmegi Türkmenistanyň döwlet strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Hazaryň kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sport bilen meşgullanmak hem-de oňaýly dynç almak üçin ähli amatly şertler döredildi. Şeýlelikde, ýurdumyzda iri halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin ähli mümkinçilikler, şeýle hem türgenleri, sportuň dürli görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak, olimpiýa rezerwlerini kemala getirmek üçin köpugurly binýat döredildi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary institutyň täze binasynyň açylmagy bilen gutlap, talyplara yhlasly okamaklaryny we saýlap alan hünärine ýetmeklerini, mugallymlara bolsa jogapkärli işlerinde uly üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdi we binadan çykyp, ýene-de bir täze desga -- ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebine tarap pyýadalap ugrady.

Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň öňündäki meýdançada milli Liderimizi bu ýerde guralan dabara gatnaşyjylar, şol sanda täze mekdebiň okuwçylary we olaryň mugallymlary tüýs ýürekden, mähirli garşyladylar. Döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.

Bu ýerde şu günki şanly waka mynasybetli ýaşajyk artistler we türgenler aýdym-sazly sport çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar. Olaryň ýerine ýetiren sazly-sport kompozisiýasy, belent şatlyklary bagtyýar çagalygyň aýdyň alamatyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz täze mekdebe tarap barýar, bu ýerde döwlet Baştutanymyzy halkara ýetginjekler bäsleşiklerinde ýeňiji bolup, hormatly baýraklaryň ýaşajyk eýeleri garşylaýarlar. Milli Liderimiz ýaş türgenleriň haýyşy bilen täze mekdebiň toý bagyny kesýär.

Döwlet Baştutanymyz ýaşajyk türgenler bilen bilelikde dört gatdan ybarat bolan okuw binasyna girýär. Bu ýerde ýokary derejede enjamlaşdyrylan döwrebap okuw otaglary, barlaghanalar, kompýuter, wideo we okalga zallary bar. Türgenleşik zallary we ýüzüş howzy ähli zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilip, olarda sportuň dürli görnüşleri boýunça meşgullanmaga ähli mümkinçilikler bar. Şeýle hem binada köpugurly sport zaly hem-de fitnes-otagy hereket edýär. Mekdebiň maslahatlar zaly 180 orunlyk bolup, bu ýerde çagalaryň saglygyna gözegçilik edýän ýokary hünärli lukmanlar üçin ýöriteleşdirilen bölüm bar. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň geljekki çempionlary üçin 300 orunlyk oňaýly umumyýaşaýyş jaýy hem gurlupdyr.

Täze mekdebiň gurlup ulanmaga berilmegi köp sanly çagalara özleriniň arzuwlaryna ýetmek üçin giň mümkinçilikleri açýar, bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça hakyky ussatlar bolup ýetişmek, halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, täze ýeňişleri bilen Watanymyzyň şöhratyny artdyrmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Belki-de, bu ýerde okaýan ýaşajyk türgenleriň arzuwy ýene-de birnäçe ýyldan Aşgabatda geçiriljek Aziada—2017-niň sport giňişliklerinde amala aşar.

Döwlet Baştutanymyz täze mekdep bilen tanyşlygyny kompýuter zalyndan başlady. Bu ýerde bilim alýanlar milli Liderimizi mähirli garşyladylar. Olaryň arasynda hem halkara derejesindäki bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlar bar. Hormatly Prezidentimiz körpe türgenler bilen söhbetdeşlikde olaryň sportuň haýsy görnüşleri bilen meşgullanýandyklary hem-de geljekki arzuwlary bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz ýaş nesillere döwrebap bilim we terbiýe bermek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýp belledi we ýaşlara okuwda maksada okgunly hem-de yhlasly, sport türgenleşiklerinde bolsa erjel bolmaklaryny arzuw etdi hem-de şu häsiýetleriň ýokary netijeleriň kepilidigini nygtady.

Bu ýerde bilim alýanlar özleri üçin edilýän alada tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, geljekde türkmen sportunyň abraýynyň has-da belende galmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny aýtdylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz mekdebiň daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen okuw otagyna baryp gördi. Bu ýerde sapak geçýän okuwçylar milli Liderimize iňlis dilini özleşdirişleri barada gürrüň berdiler.

Milli Liderimiz daşary ýurt diliniň öwrenilmegi döwrebap bilimiň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, ol ähli hünärde, şol sanda biziň türgenlerimiziň halkara ýaryşlaryna, Olimpiýa oýunlaryna işjeň gatnaşyklaryny nazara almak bilen sport äleminde has-da zerurdyr diýip belledi we täze mekdebiň okuwçylaryna yhlasly okap, üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mekdebiň köpugurly sport zalyna we ýüzülýän howzuna bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde sportuň dürli görnüşleri, şol sanda sportuň suwdaky görnüşleri boýunça türgenleşik geçmek üçin döredilen mümkinçilikler bilen gyzyklandy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mekdebiň ýaşajyk türgenleriniň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mekdepde tälim alýan ýaşlara sport äleminde uly üstünlikler gazanmagy arzuw etdi. Milli Liderimiz döwletimizi mundan beýläk-de mähriban Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşynyň hem-de sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegi ugrunda alada etjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerdäki Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Şeýle hem şol milli Liderimiz Türkmenistanyň awtomobil sporty boýunça milli merkezine ýokary tizlikli ýaryş awtoulaglarynyň 10-syny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, olaryň hemmesini Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze binasynyň, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň açylmagy, şeýle hem ýetip gelen Bütindünýä saglyk güni bilen ýene bir gezek gutlady we bu ýerden ugrady.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň täze taryhy döwrüniň ýylýazgysyna ýene-de bir aýdyň sahypany ýazan şu günki täze binalaryň açylyş dabaralary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ilaty we her bir raýaty hakyndaky aladany esasy ugur edinýän we üstünlikli durmuşa geçirýän oňyn syýasatynyň barha rowaç alýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Soňra şu günki wakanyň şanyna, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.