Ï Milletiň sport ruhunyň täze belentliklerine tarap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milletiň sport ruhunyň täze belentliklerine tarap

view-icon 1027
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan tutuş halkara bileleşigi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk gününi giňden belledi. Bu sene şu ýyl biziň ýurdumyzda görlüp-eşidilmedik gerimde baýram edilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolan bu şanly senä milli Liderimiziň başlangyjy boýunça geçirilýän Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi gabatlanyldy. Tutuş ýurdumyzy gurşap alan sport-köpçülikleýin çäreleriniň uly maksatnamasyny öz içine alan bu hepdelik ählumumy ruhubelentligi döredip, sagdyn durmuş ýörelgesiniň töwereginde müňlerçe adamlary birleşdirdi.

Milli senenamanyň şanly seneleriniň sanawyna girizilen bu ýaz güni däbe görä Saglyk ýoluna köpçülikleýin çykmak, şeýle hem sportuň dürli görnüşleri boýunça köp sanly ýaryşlar guraldy. Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan baýramçylyk çärelerine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamyny we şypahanalary yzygiderli kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary üstünlikler sportuny höweslendirmek türkmen döwletiniň Baştutanynyň hemişe üns merkezinde durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we wagyz-nesihatçysy bolmak bilen hem-de şunda watandaşlarymyza, ozaly bilen ýaşlara şahsy görelde görkezmek bilen milli Liderimiz adam hakynda, onuň saglygy we abadançylygy hakynda edilýän aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň hataryna çykardy. Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklan “Türkmenistanda Bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy” ýurdumyzyň sportuny ösdürmäge ep-esli derejede ýardam etmelidir.

Häzir biziň ýurdumyzda milletiň saglygyny berkitmäge, beden taýdan berk we ruhy taýdan baý ýaş nesli terbiýelemäge ýardam edýän häzirki zaman düzümi kemala gelýär. Ähli ýerlerde täze enjamlar bilen üpjün edilen we ilata, şol sanda oba adamlaryna häzirki zaman hyzmatlaryny edýän saglygy goraýyş merkezleri, şeýle hem dürli sport desgalary – stadionlar, aýlawlar we beýleki sport desgalary gurlup ulanmaga berildi we gurulmagy dowam edýär. Olarda bedenterbiýe we sport bilen netijeli meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" amala aşyrmagyň çäklerinde 75 müň orunlyk sport mekdepleriniň 200-den gowragyny, sport desgalarynyň 100-den gowragyny gurmak, şeýle hem bar bolan sport desgalarynyň 70-siniň durkuny täzelemek meýilleşdirildi.

Häzir ýurdumyzda gurulýan ähli bilim we mekdebe çenli edaralaryň taslamalarynyň döwrebap türgenleşik sport zallaryny, basketbol we woleýbol meýdançalaryny, suwda ýüzülýän howuzlary, tennis kortlaryny we beýlekileri hökmany suratda öz içine alýandygyny bellemek gerek. Paýtagtymyzyň gözel künjeklerinde – Gökdere jülgesinde bina edilen täze çagalar sagaldyş merkezleri hem oňaýly dynç almak üçin ajaýyp şertlere eýedir.

Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň karary boýunça ilkinji bolup Merkezi Aziýa sebitinde 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyna eýe bolmagy hem türkmen döwletiniň saglygy goramak we sporty ösdürmek babatda maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrýanlygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Aziýada—2017 Aşgabatda gurulýan ägirt uly häzirki zaman Olimpiýa şäherjiginde geçiriler. Ol 30-dan gowrak desgany öz içine alýar. Bu köp ugurly toplumda ýokary derejeli halkara ýaryşlaryny geçirmek, şeýle hem sportuň dürli görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparlary taýýarlmak we geljekki olimpiýaçylary ösdürip ýetişdirmek üçin ähli şertler dörediler.

Şu gün ir säher bilen paýtagtymyzyň günorta bölegi, Saglyk ýolunyň başlanýan ýeri—Köpetdagyň eteginde gurlan täsin pyýada ýodasy aýratyn köp adamly boldy. Ynha, eýýäm birnäçe ýylyň dowamynda Saglyk ýoly aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň höwes bilen dynç alýan, şeýle hem şanly seneler we wakalar mynasybetli iri sport-köpçülikleýin çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ir säher bilen, dag howasynyň aýratyn hoştap wagty, bu ýerden, gojaman Köpetdagyň gerşinden gözel tebigaty synlanyňda ajaýyp görnüş, şeýle hem günsaýyn gözelleşýän ak mermerli türkmen paýtagtynyň keşbi açylýar.

Saglyk ýoluna çykylýan ýere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gelýär.

Bu ýere ýygnanan sagdyn durmuş ýörelgesiniň köp sanly tarapdarlary türkmen döwletiniň Baştutanyny mähirli garşylap, milli Liderimizi şu gün bellenilýän baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlar bilen mähirli görşüp, Türkmenistanda geljekde hem jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar we wagyz etmek, ýurdumyzyň ilatyny sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek, beden taýdan berk we ruhy taýdan baý ýaş nesli terbiýelemek boýunça yzygiderli çäreler görler diýip belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan baýramçylyk sport çärelerini açyk diýip yglan edýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, onuň sözlerini şu günki dabara gatnaşyjylar alyp göterýärler.

Bu ýerde oturdylan ýörite monitorlar arkaly Bütindünýä saglyk güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda paýtagtymyz bilen bir wagtda badalga alandygyny görüp boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti dabara gatnaşyjylary Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady we olara iň gowy arzuwlaryny beýan etdi, şondan soň şowhunly aýdym-sazyň astynda bu ýere ýygnananlar sap-sap bolup, Saglyk ýolunyň belentliklerine tarap ruhubelentlik bilen çykyp ugraýarlar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti öz awtoulagynda paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän, geçen ýyl gurlup ulanmaga berlen “Aşgabat” köpugurly stadiona tarap ugraýar.

20 müň tomaşaçy orunlyk köpugurly stadiony, açyk sport we türgenleşik meýdançaly işjeň zolagy öz içine alýan bu ajaýyp toplumyň öňünde Türkmenistanyň Prezidentini Mejlisiň Başlygy, ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň baştutanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary döwletleriň we ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň köp sanly myhmanlary we ýaşlar mähirli garşylaýarlar.

Milletiň Liderine milli lybasdaky gyzlar ter gül desselerini gowşurýarlar. Soňra stadionyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň we türgenleriniň bu baýramçylyga bagyşlanan gyzykly sazly-sport çykyşlary ýaýbaňlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýerde Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen diplomatik korpusyň wekilleri bilen söhbetdeş bolup, türkmen döwleti sport ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna, ýurdumyzda iri halkara ýaryşlaryny geçirmäge we ýurdumyzyň türgenleriniň Olimpiýa hereketine giňden gatnaşmagyna aýratyn üns berýär, sport halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde iň gowy araçy bolup durýar diýip belledi.

Türkmen döwletinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere haýran galýandyklaryny aýdyp, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary tutuş ýurt boýunça sport maksatly desgalaryň onlarçasynyň gurulmagy netijesinde türkmenistanlylar üçin sport bilen meşgullanmaga we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge örän oňaýly mümkinçilikler döredildi diýip bellediler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agyr atletika we fitnes zallaryna baryp gördi we olaryň üpjünçiligi bilen tanyşdy.

Öz egindeşleri bilen söhbetdeşlikde döwlet Baştutany bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak her bir türkmenistanlynyň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülmelidir, yzygiderli beden maşklary adamyň işe ukyplylygyny artdyrýar we döredijilikli zähmet çekmäge höweslendirýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna birnäçe görkezmeleri berip, özleriniň gözegçilik edýän pudaklarynda sport toparlaryny döretmegi we sportuň dürli görnüşleri boýunça pudagara ýaryşlary geçirmegi tabşyrdy. Bu jemgyýetçilik aňynda sagdyn durmuş ýörelgesini has-da berkitmäge ýardam eder.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýanyndaky egindeşlerine sportuň birnäçe meşhur görnüşlerinde – woleýbolda, bowlingde we tennisde öz güýçlerini synap görmegi teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaryşlarda hemişe bolşy ýaly, özüniň beden taýdan kämilligini görkezdi. Bu milli Liderimiziň sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, oňa aýratyn çemeleşmeginiň miwesidir. Ýaryşlarda milli Liderimiz özüniň ýokary sport ussatlygyny görkezdi.



Soňra “Aşgabat” stadionynyň çäginden çykyp, hormatly Prezidentimiz awtoulagynda golaýda ýerleşýän ýaryş meýdançasyna tarap ugrady.

Birnäçe wagtdan soň döwlet Baştutany “Bugatti Veyron” sport ulagynda awtodromyň çägine girýär we ýaryş meýdançasynyň merkezi böleginde saklanýar. Türkmenistanyň Prezidentini Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň žurnalistleri, aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary mähirli garşylaýarlar.

Türkmenistanyň Awtomobil sporty milli merkeziniň türgenleri hormatly Prezidentimizi Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurtda giňden ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri bilen gutladylar we döwlet Baştutanymyzy türkmen sportunyň abraýynyň belende galmagy ugrunda edýän aladasy, türgenler üçin döredilýän amatly şertler, üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Şeýle hem awtosportçylar toparynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda awtomobil sportunyň ösmegine aýratyn üns berýän milli Liderimize çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň ähli sportçylarynyň adyndan 7 belgili sport ulagyny sowgat edýändiklerini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýetginjeklik ýyllarynda awtomobil sporty bilen işjeň meşgullanypdyr we şol döwürde hem bäsleşiklerde hemişe ýedilik belgili awtoulagda çykyş edýän eken.

Sowgat berlen ýaryş awtoulagy üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz onuň ýurdumyzyň Milli awtosport merkeziniň muzeýinde goýulmagynyň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem özüniň awtodroma sürüp gelen “Bugatti Veyron” sport ulagyny hem ýurdumyzyň Milli awtosport merkeziniň üsti bilen Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetine berýändigini aýtdy. Ýeri gelende aýtsak, awtomobil sungatynyň eseri hasaplanýan Bugatti kompaniýasynyň bu önümi dünýäde iň tiz we iň gymmat awtoulaglaryň biri bolup durýar.

Soňra türgenleriň haýyşy boýunça awtosportçynyň lybasyny geýnen hormatly Prezidentimiz meýdança gelýär. Bu ýerde bäsleşigi alyp baryjy ýokary tizlikli awtoulaglaryň ýaryşynyň başlaýandygyny we onuň şertlerini mälim edýär. Döwlet Baştutanymyz eminlerden şu günki bäsleşige gatnaşmagyň şertlerini soraýar hem-de özüniň hem bu bäsleşige gatnaşmakçydygyny aýdýar.

Ýaryşyň eminleri bäsleşigiň başlanýandygyny, ýaryşyň ilkinji tapgyryna hormatly Prezidentimiziň hem sürüji hökmünde gatnaşýandygyny mälim edýär. Bu garaşylmadyk täzelik milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşjak awtomobil ýaryşlaryna tomaşa etmek bagty miýesser eden tomaşaçylarda uly şatlyk duýgusyny döretdi.

Ýokary tizlikli awtoulaglar yzly-yzyna bat alyp, bellenilen aralygy okgunly geçýärler. Tomaşaçylar bu ýaryşa haýran galmak bilen tomaşa edýärler. Mälim bolşy ýaly, milletiň Lideri çagalygyndan başlap awtomobil sürmek bilen gyzyklanyp, özüni ýokary derejeli Awtomobil sürüji hökmünde görkezdi, dürli ýaryş awtomobillerinde ruluň başyna geçip, ençeme gezek öz ussatlygyny görkezdi. Ine, bu gezek hem “Volkicar” sport maşynyny sürüp, Türkmenistanyň Prezidenti bu kiçeňräk, ýöne çalt ýöreýän maşyny dolandyrmakda ussatlyk görkezdi, milletiň Lideri ýokary tizlikde öwrümleri başarjaňlyk bilen geçdi, stadionyň töwereginde çekilen ýörite ýoldan birnäçe aýlaw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti yhlasly awtomobil sürüji bolmak bilen, Türkmenistanda ýurdumyzyň awtomobil sporty mekdebinii kemala getirmäge aýratyn üns berýär. Ol sportuň örän çylşyrymly we intellektual görnüşleriniň biri diýlip hasaplanylýar. Sebäbi ol başarjaňlyk, gujur-gaýrat, çydamlylyk we ugurtapyjylyk bilen bir hatarda awtomobil sürüjiden ünsüni ýokary derejede jemlemegi, fizikanyň, matematikanyň we geometriýanyň kanunlaryna düşünmegi, has öňünden ýagdaýdan netije çykarmak başarnygyny, toparda çykyş etmek ukybyny we ýene-de köpsanly beýleki möhüm endikleri talap edýär. Ýowuz bäsleşikli şertlerde haçan-da, bir sekundyň onlarça, ýüzlerçe we hatda müňlerçe bölekleri zerur bolanda sürüji sowukganlylygyny saklamalydyr, ýolugrunda hemişe ýagdaýdan baş alyp çykmaldyr we oýlanyşykly çözgütleri kabul etmelidir.

Hatda adam öz durmuşyny hünärli awtomobil ýaryşy bilen baglanyşdyrmak barada öz öňünde wezipe goýmaýan bolsa hem awtomobil sporty bilen meşgullananda alan endikleriniň maşyn sürende onuň has howpsuz bolmagyny üpjün edýändigi jedelsizdir.

Ýokary tizlikli awtoulaglaryň ýaryşy tamamlanýar. Dabaraly sazyň owazy astynda eminler on sany sürüjiniň gatnaşan ýaryşynyň netijelerini yglan edýärler. Awtoulagy dolandyrmagyň ýokary derejesini görkezen “7” belgili awtoulagyň sürüjisi -- hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bäsdeşlerinden üstün çykdy.

Milli Liderimiziň aýlaw ýaryşda iň gowy wagty – 46,50 sekunt wagty görkezmek bileni çäklenmän, eýsem, örän gyzykly, emma şol bir wagtyň özünde awtomobil ýaryşlarynyň çylşyrymly görnüşleriniň biri bolan driftde mümkin bolan on utugy toplamagy diýseň guwandyrdy.

Ýaryş tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti oňa gatnaşyjylaryň haýyşy boýunça awtodromyň daşyndan hormat aýlawyny amala aşyrdy.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow gyşky oýunlar sport toplumyna bardy, bu ýerde hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda ýetginjekleriň arasynda jemleýji ýaryş geçirildi.

Sport toplumynyň ýanynda uly baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär, bu şanly waka mynasybetli bu ýerde ýurdumyzyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatiki wekilhanalaryň baştutanlary, daşary ýurtly işewür toparlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň köp sanly myhmanlary we ýaşlary ýygnandylar.

Hemmeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ägirt uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Owadan milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanyna ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar. Toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde özüne çekiji aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlanýar.

Döwlet Baştutany gyşky oýunlar sport toplumynyň içine girip, ýörite bellenen VIP münbere geçýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy dabaraly ýaňlanýar.

Soňra buzly meýdançada Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdeplerinde terbieýelenýänleriň ýerine

ýetirmeginde ajaýyp çykyşlar ýaýbaňlanýar. Buzly meýdançada äden ilkinji ädimleri ýaňy ýaly bolsa-da, häzirki wagtda örän owadan, ykjam we ajaýyp çykyş edýän ýigitler we gyzlar tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp bolup, buzda typmagyň köp dürli çylşyrymly usullaryny ynamly ýerine ýetirýärler. Olaryň ertekilerdäki ýaly owadan lybaslarda ýerine ýetirýän özüne çekiji tanslarynda bagtly durmuş, ýaşlygyň şatlygy, öz ajaýyp geljegine ynam beýan edilýär.

Ajaýyp çykyş tamamlanýar we buzly meýdança hokkeý toparlary çykýar, olar ýetginjekleriň arasynda hokkeý ýaryşynyň esasy baýragy bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda bäsleşerler.

Mälim bolşy ýaly, ýetginjekleriň arasynda hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda ýaryş ýurdumyzda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek, beden hem-de ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmek maksady bilen, döwlet Baştutanynyň kararyna laýyklykda ilkinji gezek geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda hokkeý boýunça birinji Milli ýaryş biziň ýurdumyzda sportuň bu görnüşini hil taýdan ösdürmegiň täze ugruny kesgitledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda ýaryşyň öňüsyrasynda hokkeýçiler tejribeli halypalaryň ýolbaşçylygynda göwnejaý taýýarlygy geçdiler. Bularyň hemmesi diňe milli sport hereketi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenen berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşdy.

Ilki bilen abraýly baýrak ugrunda toparlaryň 4-si, ýagny Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň “Bürgüt”, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Oguz han”, Söwda we dokma senagaty ulgamynyň “Şir” hem-de ulaglar we aragatnaşyk ulgamynyň “Alp Arslan” toparlary bäsleşdiler. Bir hepdeläp dowam eden ýaryşyň jemleri boýunça iň oňat toparlaryň ikisi kesgitlenildi, ýagny “Bürgüt” we “Şir” toparlary baş baýrak ugrunda jemleýji ýaryşda bäsleşdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda ýurdumyzyň hokkeý oýnunyň taryhynda ilkinji final oýny örän uly gyzyklanma döretdi. Munuň şeýledigine gyşky oýunlar sport toplumynda ýaryşyň baş baýragyny esaslandyryjy – türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň, milli Liderimiziň ýakyn egindeşleri – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, şeýle hem ýurdumyzyň ýolbaşçylarynyň bolmagy aýdyň şaýatlyk edýär.

Baýrakly ýaryşyň jemleýji oýny diňe biziň watandaşlarymyzda gyzyklanma döretmek bilen çäklenmedi, bu gyzykly oýna tomaşa etmek üçin bu ýere diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly işewürler we žurnalistler, ýurdumyzyň myhmanlary hem geldiler.

Sport toplumynyň münberlerinde adaty bolmadyk ruhubelentlik höküm sürdi. Bu ýagdaýy “Şir” we “Bürgüt” toparlarynyň köp sanly janköýerleri döretdi. Olaryň her biri boýunlaryna ol ýa beýleki toparyň nyşanlary çekilen şarflary sarap, baýdaklaryny galgadyp, agzybirlik bilen öz toparlaryny goldadylar. Bu ruhubelent ýagdaý oýnuň birinji minutyndan başlap ahyryna çenli dowam etdi.

Eýýäm oýnuň öň ýanyndaky türgenleşik tapgyrynda artykmaçlygyň “Şir” toparyndan “şirleriň” tarapynda ýaly bolup göründi, sebäbi “Bürgüt” toparyndan bolan “şirler” bilen deňeşdireniňde olar aýgytlaýjy duşuşyga guramaçylykly taýýarlyk gördüler. Ahyrky pursatda öz derwezebanlarynyň töwereginde jebisleşip, olar sport ruhuny belende galdyrmak üçin dünýä hokkeýiniň ussatlarynyň däbine mahsus bolan meşhur üstünlik şygaryny aýtdylar. “Bürgüdiň” türgenleşigi bolsa “Şiriňkiden” tapawutlylykda asuda häsiýete eýe bolup, toparyň üstünlikli oýna bolan maksadyna şaýatlyk edýär.

Emma oýun ilki başdan başga häsiýete eýe boldy. “Bürgütler” başlangyjy dessine ele aldylar we oýlanyşykly hereketler bilen meýdanyň merkezi zolagyny böwsüp geçdiler. Olar “şirleriň” derwezesine üstünlikli okdurylyp, olary bäsdeşiň zolagynda tiz wagtyň içinde gysmagy başardylar. “Şiriň” hokkeýçileri guramaçylykly garşylyk görkezýärdiler we oýny bäsdeşleriniň zolagyna geçirmäge synanyşyp, “Bürgüdiň” derwezesine ymtylýardylar, emma olaryň hüjümleri ahyryna çenli başa barmaýardy.

Ine-de, “Şiriň” örän seýrek, emma garşylyklaýyn hüjümleriniň biri “Bürgüdiň” derwezesini zabt etmäge mümkinçilik berdi. “Şiriň” köp sanly janköýerleriniň şatlygynyň çägi bolmady. Emma şatlyk-şowhun ýatyşmanka “şirleriň” ýene-de bir şeýle hüjümi netijeli bolup, janköýerleriň şowhunly el çarpyşmalaryna we şatlygyna sebäp boldy, hasap 2:0.

Hokkeý toplarynyň ikisinden soň “Bürgüt” toparynyň hokkeýçileri ruhy taýdan gowşan ýaly boldular, emma “bürgütler” güýçlerini jemläp, bäsdeşleriniň derwezesine köpçülikleýin hüjümi amala aşyrdylar we oýnuň 7-nji minuty başlanda öz janköýerlerini bir hokkeý topy bilen begendirmegi başardylar. “Bürgütler” öz janköýerleriniň goldaw bermeginde “şirleriň” zolagyna gaýtadan hüjüm edip, olary derwezeleriniň agzynda bir ýere gysdylar. Olar güýçlerini jemläp, ikinji topy derwezä salmagy başardylar.

Hasap 2:2 bolup oýun täzeden başlanan ýaly bolsa-da, artykmaçlyk eýýäm “Bürgüdiň” tarapynda bolupdy. Olar bäsdeşleriniň derwezesine yzygiderli hüjüm etdiler we oňat goranyp, başlangyjy gaýtadan ele aldylar we ony oýnuň ahyryna çenli elden bermediler. Esasy bäsleşik oýnuň birinji tapgyrynda ýaýbaňlandy, “bürgütler” bäsdeşleriniň derwezesine dowamly hüjümden soň ahyry hokkeý topuny “şirleriň” derwezesine salmagy başardylar we öňe saýlandylar.

Üstünlik bilen ganatlanan “bürgütler” oýnuň depginini artdyrýarlar, “şirler” bolsa olaryň hüjümlerinden goranyp, meýdanyň merkezi zolagynda zordan geçýärler, bäsdeşleriniň zolagynda bolsa uzak saklanyp bilmeýärler.

“Şir” toparynyň umytsyz goranýan hokkeýçileri üçin oýnuň birinji tapgyrynyň ahyry kesgitleýji boldy. Şonda “Bürgüt” bir minuda golaý wagtyň dowamynda jogapsyz hokkeý toplaryň ikisini derwezä salmagy başardylar. Bu ýagdaý güýçli bäsdeşiň ajaýyp ýeňşiniň buşlukçysy boldy.

Şeýlelikde, oýnuň birinji tapgyry güýçleriň ýagdaýyny kesgitläp, tutuş oýun üçin aýgytlaýjy boldy.

Oýnuň barşy duşuşygyň ikinji we üçünji tapgyrlarynda utuklaryň şeýle tapawudy “bürgütler” üçin doly oňaýlydygyny görkezdi, şeýle bolsa-da olar dürli oýun tärleriniň kömegi bilen, şeýle hem esasy oýunçylaryň ýokary ussatlygynyň hasabyna hüjüm etmegini dowam etdiler. “Şirleriň” hüjümleri bolsa pesräk bolup, oýnuň barşyny üýtgetmäge mümkinçilik bermedi.

Oýnuň ikinji tapgyrynyň ahyrynda “bürgutler” altynjy topy, üçünji tapgyrynda bolsa ýene-de iki topy derwezä saldylar.

Oýun “bürgütleriň” peýdasyna tamamlandy, hasap - 8:2.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň “Bürgüt” topary Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň ilkinji eýesi hökmünde türkmen hokkeýiniň taryhyna girdi. Onuň taryhy bolsa biziň ýurdumyz üçin täze bolan sportuň bu görnüşiniň çaklanylýan meşhurlygyny nazara alanyňda örän dowamly we gyzykly bolar.

Oýun tamamlanandan soň ýaryşa gatnaşan ähli toparlar meýdançada hatara düzüldiler. Alyp baryjy ýeňijilere sylaglary gowşurmak üçin Türkmenistanyň Prezidentini oýun meýdanyna hormat bilen çagyrýar. Döwlet Baştutany tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda oýun meýdançasyna çykýar.

Hokkeý toparynyň ýolbaşçysy milletiň Liderine ýüzlenip, ýurdumyzyň hokkeýçileriniň adyndan sportuň bu özüne çekiji görnüşini ösdürmek barada Türkmenistanda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we döwlet Baştutanyna geçirilen ýaryşa gatnaşyjylaryň ählisiniň adyndan hokkeý lybasyny sowgat berdi.

Milletiň Lideri türgenleriň haýyşy boýunça hokkeýçiniň egin-eşigini geýip, az salymdan ýene-de oýun meýdançasyna çykýar.

Alyp baryjy Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda ýetginjekleriň arasynda hokkeý boýunça ilkinji gezek geçirilen ýaryşyň ýeňijilerini yglan edýär. Hormatly Prezidentimiz tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji topara Kubogy, baýrakly orny eýelän toparlaryň hokkeýçilerine bolsa medallary gowşurýar.

Soňra ýaryşa gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimize milletiň Lideriniň ady ýazylan hokkeý taýagy gowşurylýar. Döwlet Baştutany ony eline alyp, hokkeýçileriň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti hokkeý däbine laýyklykda oýunçylar bilen bilelikde oýun meýdanynda hormat aýlawyny amala aşyryp, münberlerdäki tomaşaçylary mübärekledi.

Dabara tamamlanandan soň milletiň Lideri hokkeýçileriň haýyşy boýunça ýaryş mahaly ulanylan hokkeý topuna ýadygärlik ýazgy ýazdy. Döwlet Baştutany ýurdumyzyň hokkeý oýnunda mundan beýläk-de üstünlikler gazanmagyň nyşany hökmünde hokkeý topuny oýunçylara gowşuryp, Türkmenistanda sportuň bu özüne çekiji görnüşine uly geljegiň garaşýandygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşanda,

hemmeleri Bütindünýä saglyk güni bilen ýene bir gezek gutlady we berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we işde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

…. Şu ýatdan çykmajak gün tutuş Türkmenistanda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin sport çäreleri paýtagtymyzy we welaýatlarymyzy gurşap aldy. Baýramçylyk gününde ähli stadionlar, sport hem-de bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, açyk sport meýdançalary, şeýle hem okuw mekdepleriniň sport zallary juda köp adamly boldy.

Milli telewideniýäniň we radionyň ähli ýaýlymlary boýunça bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerine degişli meselelere bagyşlanylan ýörite taýýarlanylan gepleşikler berildi.

Şeýlelikde, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sagdyn durmuş, parahatçylyk, dostluk, agzybirlik hem-de döredijilik we hoşniýetlilik ýörelgelerini ýaran edinen halkymyz tutuş ýurdumyzda Bütindünýä saglyk gününi belent dabaralara besledi.

Şol ýörelgeler sagdyn durmuşyň, parahatçylygyň we dostlugyň, agzybirligiň we jebisligiň, döredijiligiň we ýagşylygyň ýörelgeleridir.