Ï Bedenterbiýäniň we sportuň kadalaşadyryjy-hukuk binýady berkidilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bedenterbiýäniň we sportuň kadalaşadyryjy-hukuk binýady berkidilýär

view-icon 673
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde bolup geçen maslahatda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport boýunça döwrebap kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga ýurdumyzyň parlamentiniň, Milli olimpiýa komitetiniň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň sport komitetleriniň, milli sport merkezleriniň, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralarynyň birnäçesiniň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we şu ugurda watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi netijesinde, häzirki döwürde Türkmenistanda sportuň adaty hem-de ýurdumyz üçin täze görnüşleriniň çalt depginde ösdürilmegine badalga berlendigi bellenildi. Maslahata gatnaşyjylar ýakynda milletiň Lideriniň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde dünýä derejeli türgenleriň göwnejaý taýýarlanylmagyny hem-de bedenterbie – köpçülikleýin we olimpiýa hereketiniň has giň gerime eýe bolmagyny üpjün etmek boýunça öňde goýan möhüm wezipelerini berjaý etmegiň has netijeli ýollaryny seljerdiler.

Degişli ministrlikleriň, edaralaryň ählisiniň hünärmenleriniň şu ugur boýunça toplumlaýyn maksatnamany amala aşyrmak ugrunda utgaşdyrylan işleri alyp barmagy netijesinde ýurdumyzda ýokary derejeli türgenleri we tälimçileri taýýarlamagyň hil taýdan täze, döwrebap ulgamynyň dörediljekdigi nygtaldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milletiň Liderine ýaş nesli sazlaşykly ösdürip ýetişdirmek, halkymyzyň saglygy we abadançylygy barada yzygiderbli alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň mundan beýläk-de köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy, dünýäde türkmen türgenleriniň gazanýan üstünilklerini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri berjaý etmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.