Ï Ilat ýazuwy baradaky döwlet toparynyň mejlisinden
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ilat ýazuwy baradaky döwlet toparynyň mejlisinden

view-icon 641
Şu gün türkmen paýtagtynda döwlet toparynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny guramak meselelerine bagyşlanan mejlisi geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, bu örän ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmek meseleleri hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede geçirilen mejlisinde we soňky göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapan täze taryhy eýýamyň baş maksadyny durmuşa geçirmekde ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmegiň uly ähmiýetini nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, geçiriljek uçdantutma ýazuwuň netijelerinde soňky ýyllarda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda bolup geçen düýpli özgertmeler öz beýanyny tapar. Onuň netijeleri boýunça alnan statistiki maglumatlar, hususan-da, ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň sany, ilatyň demografik düzümi, ýaşaýyş – durmuş şertleri baradaky maglumatlar milli özgertmeler maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we üstünlikli durmuşa geçirmek üçin esas bolup hyzmat eder.

Şeýle hem 2012-nji ýylyň ilat ýazuwynyň Birleşen Milletler Guramasynyň 2005-2014-nji ýyllarda BMG-niň agzasy bolan ýurtlarda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwuny geçirmek baradaky çözgüdine laýyk gelýändigini bellemek gerek. Munuň özi Garaşsyz Türkmenistanyň bu abraýly halkara düzümi bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.

Mejlise gatnaşyjylar – degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri öňümizdäki bu möhüm çäräni geçirmegiň anyk meselelerine garap, bu ugurda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini we öňde duran wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Çykyş edenler biziň ýurdumyz berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne gadam basmak bilen, öz taryhy ösüşiniň hil taýdan täze tapgyryna çykdy diýip nygtadylar. Bu örän wajyp tapgyr möhüm durmuş-ykdysady meseleleri çözmäge we giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge täze çemeleşmeler bilen şertlendirilendir. Şol taslamalar bolsa türkmen halkynyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna hyzmat eder. Munuň özi köp babatda 2012-nji ýylyň dekabrynda geçiriljek ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň ähmiýetini kesgitleýär. Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň ilatyň sany, ýaş derejesi, düzümi we gürlügi baradaky doly we anyk maglumatlaryň esasy çeşmesi bolup durýandygy bellenildi. Onda durmuş – ykdysady häsiýetnamalar, milli, dil, bilim we beýleki meseleler baradaky maglumatlar öz beýanyny tapar. Uçdantutma ýazuwy türkmen döwletini we jemgyýeti ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamalaryny işläp taýýarlamakda möhüm orun eýelär.

Hasabatlarda häzirki wagtda BMG-niň Ilat gaznasynyň wekilhanasynyň goldamagynda biziň ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyklykda ýazuwy geçirmek boýunça usulyýet gollanmalarynyň we beýleki zerur bolan resminamalaryň işlenip düzülýändigi nygtaldy. Ýurdumyzyň sebitleriniň statistiki guramalarynda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň guramaçylyk we maksatnama – usulyýet düzgünleriniň taslamalary barlanyldy, şeýle hem onuň materiallaryny işläp geçmek boýunça maksatnamalaýyn üpjünçiligiň ýagdaýy synagdan geçirildi. Giň köpçülikleýin-düşündiriş işlerini işjeňleşdirmek, ilkinji nobatda, habar beriş serişdelerinde düşündiriş işlerini geçirmek bu çäräni guramagyň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň hatarynda görkezildi.

Mejlise gatnaşyjylar öňümizdäki giň möçberleýin jemgyýetçilik-syýasy çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksadynda mundan beýläk-de özara hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny bellediler.