2012-nji ýylyň 29-njy aprelinde Halkara atçylyk sport toplumynda ahlteke bedewleriniň owadanlygynyň bäsleşigi geçiriler. Şeýle hem şol gün şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde ahalteke bedewleriniň gözelligini çeperçilik taýdan beýan etmek boýunça halyçylaryň, zergärleriň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri geçiriler. Ministrler Kabinetiniň golaýda bolup geçen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bäsleşikleriň emin agzalarynyň düzümini degişli karar bilen tassyklady.
Bellenip geçilşi ýaly, bu bäsleşik indi däp boýunça aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň baýramçylygy, şeýle hem türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewleriň dünýä ýüzünde abraýyny mundan beýläk hem artdyrmak maksady bilen geçirilýär.